"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bir dessanyň beýany

Abdylla Şabendäniň döredijiligi üç asyr bäri türkmen edebiýatynyň we aňyýetiniň gymmatly baýlyklarynyň biri bolup durýar. Abdylla Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessanynda yşk bilen gahrymançylyk utgaşykly beýan edilýär. Dessanyň başyndan söýgi bilen bagly wakalar ýaýbaňlanyp, munda göreşem, ýeňşem bar. Söz ussady özüniň isleg-arzuwlaryny gahrymanlarynyň keşbinde şöhlelendiripdir. Ol il-güni agzybirlige çagyrýan batyrlyk, halallyk, birsözlülik ýaly häsiýetleri gahrymanlaryň keşplerine siňdiripdir. Dessanyň baş gahrymany Bilbil. Ol şa ogludygyna garamazdan, özüni halkdan üzňe tutmaýar, halk bilen bir jan-bir ten bolýar. Şabende Bilbile şeýle ynsanperwer häsiýet bermek bilen, zähmetkeş halkyň mertebesini belent tutýar we adalatly durmuşy görýär. Bilbiliň ýoldaşlary Sala — weziriň ogly, Galandar — mekdep mugallymy, Zelili — daýhan ogly. Bilbil olaryň güýjüne, kuwwatyna ynanmak bilen, dessanyň bütin dowamynda olar bile hereket edip, edermenlik görkezýärler. Şu hili garaýşy Bilbiliň kakasy Nasyr şada-da görmek bolýar. Şabende Nasyr şanyň keşbiniň üsti bilen adalatly, rehimdar bolmagy, hemmä deň göz bilen garamagy, dostana pikirleri öňe sürüpdir. Nasyr şanyň keşbi adalatly şa hakyndaky arzuwlaryň Şabende tarapyndan ösdürilişidir.

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan gyş hakynda

Gün parlap çyksa-da, gyşyň güni ýaz durmaz. * * *

Ýazyjyny ýatlap...

1988-nji ýyl. Täze ýylyň yz ýanydy. Sarahsdan Aşgabada gezelenje bardym. Döredijilik bilen gyzyklanýan dostum Esen Nazarow maňa ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarowyň öýüne gitmekçidigini aýtdy-da, meniň hem özi bilen bile gitmegimi teklip etdi. Döredijilik bilen azda-kände gyzyklanamsoň, onuň teklibi bilen bada-bat razylaşdym. Meşhur ýazyjy, ussat şahyr bilen görşüp, birsalym mesawy gürleşip oturmaklygyň özi-de biz üçin uly bagtdy. Esen ikimiz tirkeşip, Aşgabat şäheriniň gündogarynda ýaşaýan ýazyjynyň öýüne bardyk. Bizi iç işikde Berdinazar aganyň maşgalasy ýazyjy Ogultäç Orazberdiýewa garşylady. Ol Eseniň obadaşy eken. Bize: «Geçiberiň, ýaşuly içki otagdadyr» diýip, mylaýymlyk bilen ýüzlendi.

Çarwa hekaýaty

Syzgyrlyk Çary Halylyň çopan goşuna ýygy-ýygydan gelýän Kerim çopan bilen itlerem öwrenişipdi. Hemişeler bir menzilden onuň garasy görnenden, ala-zenzele bolup eňýän goýun itleri indi göwünleri bir ýaly, äwmezlik bilen başlaryny galdyrardylar-da, bir gyra çekilip ýatybererdiler. Dilewarlykda öňüne adam geçirmeýän Kerim her gezek halypa çopanyňka gelende, onuň itlerini görenden tarypyny edip başlardy.

Her kimiň öz paýy (slowak tymsaly)

Kiçiräk şäherleriň birine çykyş etmek üçin sazanda gelipdir. Ol şäherjigiň tomaşa jaýyna barsa, asla hiç kim ýok diýen ýalymyşyn. Käýerde bir adam otyr diýýä. Sazanda öňki hatarda ýeke özi oturan tomaşaça ýüzlenipdir: — Näme, adamlar meniň çykyşymyň boljagyny eşitmedilermikä?

Çeniňi bil-de, çemçäňi çek

Lukman Hekim hemaýat isläp, huzuryna baran hassa aýdar eken: «Biz üçdüris. Men, sen, hassaçylyk. Eger menlik bolsaň, iki bolup hassaçylygy ýeňeris. Onluk bolsaň, dadyňa Alla ýetişsin. Dert bilen dolaş-da geziber». Degerli garşylyk görkezip bilmedik Amanmyrat öwrenen endigine erk edip bilmedi. Öňüne gelen aşdan agzyny aýamady. Dograma, palaw iýdi. Onuň bilen kanagatlanman, owkadyň ahyryny etli börek bilen ýetirdi. Ir ikindin ýatdy. Erte guşlukda oýandy. Ýassyk bilen ýar boldy, düşek bilen dost. Garny doýsa-da, gözi doýmady. «Az iýen arassa, köp iýen hassa». Pikiri dürsüň ýaşaýşy ýakymly, ömri uzak bolýar. Ömrüniň dowamynda et iýmegi endik edinmedik Öwezgeldi aganyň hurşy gök ot, miwe, süýt, gatyk boldy. Göreni iş, görmedigi düýş. Iş bilen işikdeş, zähmet bilen ýoldaş. Dokuz onlugy togalady.

Şygryýet bossany

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany Bitaraplyk ýolunda haýyr işlere berip şan,Dünýe içre şugla saçýan nurly daňyň atany.Hoşniýetli dostluga şaýol salan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Derwaýys sapak (hekaýa)

Üzüm dalbarynyň astyndaky sekide gözüne äýnegini dakyp, Didarberdi Haýdar ogly gazet okap otyrdy. Ýaşy ýetmişden geçen ýaşulynyň ýanynda ýene-de birnäçe gazet, žurnal hem-de kitap bardy. Ol häzir hormatly dynç alyşdady. Manyly ömrüniň tegelek elli ýylyny Didarberdi aga orta mekdepde okuwçylara taryh sapagyndan bilim beripdi. Ol okumyş adamdy. Didarberdi aga: «Okamak öwrenmekdir, öwrenmek pikirlenmekdir, pikirlenmek ýaşamakdyr» diýýärdi. Ýaşuly has-da çeper eserleri okamaga höwesekdi. Ol bu hakda şeýle pikire gol ýapýar: «Her bir çeper eser mugallym kysmydyr, onuň bilen içgin tanşanyňda, durmuşyň bir sapagyny özleşdiren ýaly bolýarsyň».

Keýmir serdaryň gelinligi

Keýmir körüň akyly gelip-gitmeliräk ogly bolupdyr. Keýmir ogluny dana, edepli, akyl-paýhasly bir maşgala öýlendirmek isläpdir. Ol şeýle maşgalanyň gözlegine çykýar. Bir gezek meýdanda bir topar gyz odun ýygyp, gaýtjak bolup duran ekenler welin, ýagyş ýagmaga başlapdyr. Şol wagt Keýmir gyzlary synlap duran ekeni. Görse, ähli gyzlar ezilmejek bolup, donlaryny geýipdir, emma bir gyz welin, ýygan odunyna ýagyş damdyrmajak bolup, üstüne donuny ýapypdyr. Keýmir gyzdan:

Çopançylyk kärindäki kelamlar

Türkmen diliniň many-mazmun gorunyň umman ýaly çuňdugyny, asman ýaly giňdigini görkezýän sözler, söz düzümleri beýleki kesp-kärlerde bolşy ýaly çopançylykda hem örän köp. Şeýledigini mallaryň bakylyşynda, gulagyna salynýan alyk-tagmalarda hem görmek bolýar. Çopanlar alyk-tagma babatda malyň sag ýa-da çep gulagy diýmän, «tutar» hem «daş gulagy» diýip atlandyrýarlar. Ýagny, gören mallary hakynda habar berende «Tutar gulagynda öň alyk, daş gulagynda art alyk, dilik bar» diýip salgy berýärler. Şolar ýaly söz düzümleriniň birnäçesi mallaryň bakylyşy bilen bagly hem aýdylýar. «Daşyny basmak», «agdaryp çykmak» hem çopanlaryň gündelik işjeň ulanýan söz düzümleridir. Sährada agyp-dönüp, ýaýrap ýören süriniň ýanyna çopançylygyň öz düzgün-kadasy boýunça barmaly. Şolaryň berjaý edilişi bolsa çopanyň öz hünärine näderejede ussatdygyny görkezýän ýagdaýdyr. Daşyny basmak hem şol berjaý edilmeli kadalaryň biri. Ýagny, sürini gezip ýören örüsinde jaýly gezdirjek bolsaň, diňe sag tarapyndan barmaly. Has düşnükli aýdylanda, süriniň ugry demirgazyk tarapa bolsa, onda gündogar tarapyndan baryp yzyna gaýtarmaly. Şuny amala aşyrmak üçin edilýän işlere daşyny basmak diýilýär. Bu çopançylyk kärinde hiç üýtgemejek düzgün. Şony berjaý etmän, sürini jaýly gezdirmek, dargatman saklamak mümkin däldir. Eger çep tarapyndan barsaň, süri hernäçe otluk ýer bolsa-da, şol ýerde gezmeýär. Ýene şol tarapa gaýdýar.

Halk hekaýatlary

Kimiňki dogry? Iki sany danyşment bir uly mejlisde bile oturmaly bolupdyr. Olaryň biri takwalyk edip, dymmagy özüne endik edipdir. Beýlekisi bolsa, parasatly sözler bilen öwüt-ündew edip oturypdyr. Soralan zatlara bildiginden jogap beripdir. Mejlisiň ahyrynda dymyp oturan danyşment:

Duýguly dünýä

ARKADAGYŇ AJAP EÝÝAMY GELDI Geçmişi ýagtydyr, geljegi nurdan,Tüýs türkmen halkynyň diýýäni geldi.Buýsan, beýik türkmen, berkarar ýurda,Arkadagyň ajap eýýamy geldi.

Şygryýet çemeni

SYNANŞYK «Men seni söýýäni» kän gezek diýdim,Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi.Käbirinden puç dolandy umydym,Käbiri ýanymda ýekesiretdi.

Şygryýet bossany

MEŇZEŞLIK Gorky bilen sahabyny agdarýan,Düşünýän ýarsyna, ýarsy howaýy,Pikirleriň ganatyna müner-de,Çyga boýar owamy.

Gündelikden (Dostluk köprüsi)

Hosiýat RUSTAMOWA, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. GIT GÖZLERIMIŇ ALNYNDAN!

«Beýle gary unudypdyr bu ýerler»

«Çökeripdir indi hasam egnimi, ýürekdäki sensiz günleň tegmili» «Bu günem gar ýagýar, ýagýar ol gaty, göýä seni ýatlap küýseýşim ýaly»

Täze ýyl sowgady

Jora FAZYL (özbek ýazyjysy) Geçen asyryň elli altynjy ýyly — Täze ýylyň öňüsyrasydy. Ir säherden telpekläp gar ýagýardy, binalaryň peşdaglarydyr gümmezleri ak lybasa bürenipdi. Diwanbegi hanakasy çal külahly galandara, çuňňur ümsümligiň goýnundaky garry tutlar bolsa onuň semiglerine (kary Gurhan okanda ýalňyşsa ýa-da ýadyna düşmän säginse ýatladyp durujy ikinji kary) — (müritlerine) çalym edýärdi.

Buýsançnama

Ödemäge adamzadyň tamasyn,Gel, Täze ýyl! Nowjuwan ýaş bolup gel!Kalbymyza, dillermize sena sen,Derýalara egsilmez joş bolup gel! Ýaşlara müň dürli hünär bagş edip,Dostluk sazyn göwünlere nagş edip,Täze döwür, täze Günüň dogşy dek,Çille gyşda ýylgyryp gel, gülüp gel!

Ak gar

Her paslyň öz nyşany bar,Sen gyşyň ýyldyzy, ak gar!Kän esere yşarat, aň,Täze ýyl aýdymy — ak gar! Asman atly suratkeşiň,Gördüňizmi çeken keşbin,Giň tebigat, sähra-deşdiň,Gözel görnüşi sen, ak gar!

Täze ýylyňyz gutly bolsun, Arkadag!

Ajap döwre beslediňiz Watany, Täze ýylyňyz gutly bolsun, Arkadag!