Döwrebap jaýlaryň gurluşygy
Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň hatarynda gurluşyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän, gurluşyklary ýokary depginlerde alnyp barylýan birnäçe döwrebap binalary, desgalary görüp, ruhuň göterilýär. Olar özüniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen telekeçiligi ösdürmek babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan hususy kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär. Olaryň hatarynda welaýatymyzdaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sekiz ýyldyz» hususy kärhanasy hem bar. Biz bu kärhananyň başlygynyň gurluşyk işleri boýunça orunbasary Geldimyrat Halylow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol häzirki wagtda kärhananyň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. — Ählimiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz, şol sanda welaýatymyz medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köp gurulýan mesgenine öwrüldi. Häzirki wagtda şeýle gurluşyklaryň birnäçesi güýçli depginlerde alnyp barylýar. Elbetde, bu işleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin edýän tagallalary jemlenendir. Şunuň ýaly haýyrly işlere goşant