"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýarlyk şuglasy

Dünýäde parahatçylygy goldaýan eziz Watanymyzyň Bitaraplygy halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmaga hyzmat etmek bilen, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy üçin ajaýyp şertleri döredýär. Bitaraplygymyz bagtyýarlyk aýdymymyz bolup, bizi ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar hem-de kalbymyzda buýsanç duýgularyny artdyrýar. Türkmen döwletiniň hoşniýetli bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne daýanýar. Hut şonuň üçinem halkara derejede ykrar edilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz halkara durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, parahatçylyk arkaly ösüşleri gazanmakda, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda gymmatly taglymat bolup orta çykdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr». Dünýä halklarynyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda tutumly işleri alyp barýan, döwlet syýasatynda parahatçylygy dabaralandyrýan berkarar ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllyk toýuny belent dabaralara besleýär. Dünýä möçberinde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenýän bu baýram merdana halkymyzyň ýüreginde baky orun alan bagtyýarlyk hem buýsanç baýramydyr. 

Dost-doganlygy ösdürýän ýörelge

Berkarar döwletimiziň berk binýady bolan baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, dünýäde ykrar edilen döwlet syýasaty netijesinde hemişelik Bitaraplyk derejämiz özüniň many-mazmuny hem-de mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna we gyzyklanmasyna mynasyp bolýar. «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyz dünýäde we sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, daşary döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamaga aýratyn üns berýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyz bitaraplygymyzyň ýörelgelerine uly üns bermek arkaly, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen ählumumy bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldýär, milli hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlary orta atýar, olaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur tagallalary edýär. Öz borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny anyk tutumlaryň üsti bilen tassyklaýan eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha artýar. Bu bolsa gün-günden rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýar. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň at-abraýy, mertebesi mundan beýläk-de

Agzybirlik suprasy

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzda, şeýle-de halkara gatnaşyklarynda sazlaşykly ösüşi üpjün etmegiň binýatlaýyn esasy bolup çykyş edýär. Bitaraplygyň agzybir ýaşaýyş, asuda, parahat durmuşdygyna, abadançylykly ösüşdigine oňat düşünýän halkymyz hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi şol başlangyçlaryň dünýä döwletleri tarapyndan hem goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Milletler Bileleşiginiň yglan eden geljek ýylyň şygary halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň döwrüň derwaýys zerurlygyna öwrülýändigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz amala aşyrylmaly giň möçberli işler, iri taslamalar barada belläp geçende, biz bu belent maksatlaryň binýadynda duran kuwwatly, egsilmez güýjüň agzybirlikdigini kalbymyz bilen duýýarys. Halkyň jebisligini, ýurduň asudalygyny syýasy başarnyk, çuňňur paýhas bilen gazanmagy başarýan hormatly Prezidentimiziň abraý-mertebesiniň, öňdengörüjilikli syýasatynyň dünýäde barha beýgelýändigine buýsanýarys. Türkmen halky bitaraplyk ýörelgesine agzybir ýaşamagy başarmak, parahatçylygy binýat edýän we gorap saklaýan gymmatlyklary dabaralandyrmak, birek-birege ynanyşmak ýollaryny gurup, bilelikde ösüşleri gazanmak ýaly düşünjeleri sy

Bitaraplyk — parahatçylyk binýady

Eziz Watanymyzyň BMG-niň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedir. Bu gün ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri sebit hem-de ählumumy derejede halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldamaga gönükdirilen howpsuzlyk taglymyny öňe sürmek arkaly işjeň bitarap syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygy we onuň taryhy kökleri, häzirki döwri hem-de geljegi umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen berk baglanyşyklydyr, çünki hemişelik bitaraplyk derejesiniň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary durup, olarda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilýär we goldanylýar. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Bitaraplyk — baky bagtyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyz maksada okgunly işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açýar. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde hoşniýetli daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu gün hemişelik Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.

Dünýäde belent mertebe

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilenine 29 ýyl bolýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan we yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy ugurlary, öňe sürýän wajyp başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma we goldaw bilen garşylanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy bilen bilelikde, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny has-da berkeýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň taryhdan gözbaş alýan parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen, Tü

Bitaraplygyň türkmen ýoly äleme nur saçýar

Halkymyzyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym», «Bitaraplyk — buýsanjym» diýlen ajaýyp jümleler bar. Munuň özi 1991-nji ýylyň güýzünde ýurt Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, 1995-nji ýylyň dekabrynda bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolup beýgelen türkmen halkynyň öz döwlet berkararlygyna hem-de hemişelik Bitaraplygyna bolan milli buýsanjyndan, ýürek owazyndan dörän ganatly jümlelerdir. Bir söz bilen aýdylanda, erkli-erkana, ýurdy görkana türkmen milletiniň goşa uçar ganaty bar. Onuň birinjisi — GARAŞSYZLYK bolsa, ikinjisi — hemişelik BITARAPLYK. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan taryhy senesi, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halky üçin altyn harplar bilen ýazylan buýsançly sene bolup, taryh gatlarynda mynasyp orun aldy. Şol taryhy gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde onuň 185 sany agzasynyň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda möhüm Kararnama kabul edilipdi. Öz parahatsöýüjiligi, belent adamkärçiligi we ýokary ynsanperwerligi bilen taryhda öçmez yz goýan merdana halkymyzyň bu günki nesilleriniň bagtyýarlygyny, türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de döwlet Baştutanyna ygrarlylygyny we döwlet bitewüligini halkara derejesinde kepillendirýän hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen mukaddeslik bolup, her bir türkmenistanlynyň b

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşigi jemlenildi

Şu gün — 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşik işjeň häsiýete bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we şäherlerinden mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar. Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şol tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanylyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça I, II, III orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.

“Bitarap Watanyň körpe nesli biz”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz içeri hem-de daşary syýasatda örän uly üstünlikler gazanýar. Bu üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda giň gerime eýe bolýan hyzmatdaşlyklarynda aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklary we borçlary halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýyl özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan toý dabaralarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Ýer ýüzüniň ähli künjeginde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bütin halkara jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji, ýubileý mejlisinde kabul edildi. Biziň ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi! Munuň özi uly jemgyýetçilik seslenmesini döreden ýokary taryhy wajyplygy bolan üýtgeşik waka bolup, garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden hoşniýetl

Bitaraplyk – jebisligiň senasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 29 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bitaraplyk - munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelipdir. Dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, abraýly halkara guramalaryna agza bolmak bilen Türkmenista

Dünýä dolan bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzyň ykbalynda ýatdan çykmajak taryhy wakalar, ajaýyp pursatlar altyn harplar bilen taryha ýazylýar. Ýurdumyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleri Diýarymyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we bütindünýä ähmiýetli ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan syýasaty dünýä ýurtlary tarapyndan goldanylýar. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzalygyna kabul edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu ajaýyp seneler ýurdumyzyň taryhynda iň bir ýatdan çykmajak, taryha altyn harplar bilen ýazyljak waka öwrüldi. Ynha, şol günden bäri hem ýurdumyz bu ajaýyp senäni uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejli

Bi­ta­rap­lyk ýo­ly — gel­je­gi­mi­ziň nu­ry

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Ba­ky bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da ata Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şiň be­lent sep­git­le­ri­ne ýet­megi ug­run­da ön­jeý­li zäh­met çek­ýän hal­ky­myz pe­der­le­ri­mi­ziň ne­sil­le­ri­ne mi­ras go­ýan asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, ony döw­rüň bagt saç­ýan şug­la­sy­na ça­ýyp, düýp­gö­ter tä­ze­çil­lik esa­syn­da asu­da as­ma­ny­my­zyň as­tyn­da, iň be­ýik bagt mu­ka­my bo­lan ça­ga gül­kü­si­niň be­lent­den ýaň­lan­ýan döw­rün­de erkana ýaşaýar, halal zähmet çekýär, döredýär. Bi­ta­rap­lyk döw­le­ti­mi­ze, hal­ky­my­zyň çe­ken zäh­me­ti­ne be­r­len Ha­kyň peş­ge­şi­dir. Dö­wür­le­riň sy­na­gyn­dan ge­çen mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­mak, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni yn­san­per­wer­lik, dost-do­gan­lyk, yna­nyş­mak ýa­ly mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek ba­ba­tyn­da Türk­me­nis­tan gö­rel­de mek­de­bi bo­lup dur­ýar. Bu ýö­rel­ge­ler Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­dir. Se­bä­bi türk­men paý­tag­ty Aş­ga­bat Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­zi­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem, Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny di­ýip aýt­ma­ga doly esas bar.

Dünýä uzaýar dostana ýollar

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mekdebimizde «Dünýä uzaýar dostana ýollar» atly edebi söhbetdeşlik geçirildi. Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhyna ser salsaň, türkmenler bilen dünýä halklarynyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň möhüm şaýatlary bolan gyzykly wakalara duş gelinýändigine üns çekdiler. Gadym wagtlardan bäri Beýik Ýüpek ýoly hem işjeň gatnaşyklaryň ösmegine ýardam edipdir. Halklar bu ýol boýunça özara saparlary amala aşyrypdyrlar hem-de durmuş-ýaşaýyş tejribelerini paýlaşypdyrlar, şeýdibem döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda hem hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň gatnaşyklary has ösýär. Meselem, Hytaý Halk Respublikasy bilen «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlaryny utgaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hereket edýär. Transmilli gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilmegi hem däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. Goňşy Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan, Owganystan, Hindistan, Pakistan we Ýewropa ýurtlary bilen hem dost-doganlyga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň gerimi ýylsaýyn giňelýär. Türkmen gazy, elektrik energiýasy we beýleki önümlerimiz sebitiň we dünýän

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Pyragynyň arzuw eýlän Watany,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!Bagtyýar döwürde ak daň atany,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym! Belent Tugum al-asmanda parlaýar,Asudalyk bize bagt paýlaýar, Gözel yurdum bagy-bossan, gülleýär,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan hemişelik bitaraplyk ýolumyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň 29 ýylyň içinde öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny boldan ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa halklary agzybirlik, adamkärçilik atly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.

Bitaraplyk ýoly — dünýä nusga ýörelgämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

Parahatçylygyň Diýary

Berkarar Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostlukly syýasatynyň esasyny düzýän hemişelik Bitaraplygymyz bize Ýer ýüzünde abadançylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, beýik işleri durmuşa geçirmekde belent maksatlara ruhlandyrýar. «Bitaraplyk biziň dünýä halklaryny beýik maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrýan ýörelgämizdir» diýip belleýän Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz asudalygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrüldi. Ata Watanymyz häzirki wagtda hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Bitaraplyk bagtyna daýanyp, dünýäniň iň ösen döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Milli ýörelgeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň asyrlarboýy arzuw eden zamanasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen türkmen halky Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletinde erkana durmuşda ýaşaýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda umumadamzat ähmiýetli resminamalaryň ençemesi kabul edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bähbidine gazanan ägirt uly üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ykrarnama eýe bolandygynyň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda üstünlikli durmuşa geçirilen giň gerimli işler merdana halkymyzyň agzybirligini üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny durnukly we sazlaşykly ösdürmäge, eziz Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Dost-doganlyk mekany

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň ady bu gün parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy, dost-doganlyk mekany hökmünde äleme doldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyny uly joşgun, ýetilen belent sepgitler, dürli ulgamlarda gazanylan zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp düzdi» diýip belleýär. Hakykatdan-da, bu gün özüne hoşniýetlilik, özara düşünişmek we dost-doganlyk ýoluny saýlap alan ýurdumyz halklaryň parahat ýaşaýşy ugrunda alnyp barylýan ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Şunda 2017-nji ýyl ata Watanymyz üçin ýene bir ýatdan çykmajak seneleriň biri hökmünde ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol ýylyň fewralynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: Parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» ady bilen geçirilen maslahatda dekabr aýynyň 12-si «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi. Dünýä senenamasynda agzybirligi, parahatçylygy dabaralandyrýan şanly sene peýda boldy. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň at-owazasynyň tutuş dünýä dolup, ýurdum

Berk binýatly tutumlar

Ýene sanlyja günlerden biz güneşli Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýigrimi dokuz ýyllygyny toý şatlygyna, uly ruhubelentlige beslenip, halkara derejesinde giňden belläp geçeris. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şondan biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» ýörite Kararnama dünýä bileleşiginiň ata Watanymyzyň daşary syýasy ugruna beren ýokary bahasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ata-babalarymyzdan gelýän parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgeleriniň dünýä derejesinde ykrar edilendiginiň güwäsidir.