"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Rowaçlyklara beslenýän döwletli ýörelge

Täze, 2021-nji ýylyň halkymyzyň ak arzuwlaryny, döwletli ýörelgelerini, jemgyýetçilik agzybirligini, hoşniýetli däp-dessurlaryny, döredijilikli başlangyçlaryny alamatlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygara beslenmegi her birimizi täze ruhubelentlige atarýar. Çünki her ýyl bir döwri, sepgidi alamatlandyrýar. Täze sepgide gadam basanymyzda, öň meýilleşdiren işlerimiziň näderejede üstünlikli amal edilendigini seljermäge çalyşýarys, ýeneki menzilde täze maksatlara ymtylyp, olaryň myrat bolmagy üçin etsem-goýsamlarymyzy niýetleýäris, meýilnamalar düzýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhyna girjek 2020-nji ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň oba-şäherleriniň, şol sanda paýtagt şäherimiz Aşgabadyň bütinleý täze keşbe giren, şanyna şan goşan ýyl boldy. Bu ýylyň ady dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegine 25 ýyl dolmagy bilen häsiýetlendirildi. Bütin ýylyň dowamynda ajaýyp şygar bolup ýaňlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ady halkymyz üçin diňe bir uly baýramçylygy aňlatman, eýsem, ol bize öz geçmişimize, döwletimiziň saýlap alan halkara-hukuk ýagdaýyna göz aýlamaga, halkymyz üçin oňyn Bitaraplygyň berýän artykmaçlyklaryny, onuň sebitde, umuman, tutuş dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmaga goşýan goşandyny dünýä jemgyýetçiligine aý

Ýylyň şygary — täze üstünlikleriň badalgasy

Ýurdumyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Gadam basylan Täze, 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Bu ýylyň şygarynda çuň many bar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalara, taryhy ösüşlere we belent sepgitlere beslenjekdigine ynanýarys hem-de muňa juda begenýäris. Ýagşy arzuwlar bilen garşylanan Täze ýylymyzda — 2021-nji ýylda bagtyýar halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçer.

Köňüller buýsanja beslenýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyza uly ruhubelentlik bilen gadam basdyk. Bu ajaýyp ýylymyzda hem halkymyzyň durmuşynda şanly wakalar, ösüşli ýollar bolar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan durmuşy, tutuş dünýäniň parahatçylygy barada beýik işleri durmuşa geçirýär. Şunda parahatçylygyň we abadan durmuşyň uly orun eýeleýändigini aýratyn bellemegimiz gerek. Ynha, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem parahatçylygyň esasy ugurlaryň biri boljakdygyna tüýs ýüregimizden ynanýarys. Eziz Diýarymyzyň bagtyýarlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülendigini buýsanç bilen bellemegimiz gerek. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Biz muny Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginde hem görýäris. Mälim bolşy ýaly, şeýle beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýar. Şonuň üçin hem şu ýylymyzyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň hem çuňňur many-mazmuny bar.

Röwşen geljege rowaç gadamlar

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, aýdyň maksatly beýik başlangyjy boýunça ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, iňňän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär. Şeýle hem baky Bitarap Türkmenistanyň berk we yzygiderli ýöredýän, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny äleme ýaýýar. Parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanyň bagtyýar halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen arzylanan we apalanan mukaddes arzuwynyň wysal bolandygyna guwanyp ýaşaýar we her bir ýyly uly üstünlikler bilen jemleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eziz halkymyz döredýär, gurýar, her bir güni, ýyly guwandyryjy zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Bu günki

Ajaýyp kitaplary okap...

Okanyňda dünýä açar dünýäňden Bize şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halky üçin edýän taýsyz tagallalary sanardan köp. Ömürlerimizi bagtdan serpaýlaýan mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly ajaýyp kitap halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi.

Türkmen Bitaraplygy: belent ynam bilen aýdyň geljege

BMG agza döwletleriň arasynda Aşgabat jemleýji resminamasyny resmi taýdan ýaýratdy Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Parahatçylyk daragty: syýasy we ykdysady ösüşiň özeni

Taryhda giň Älem sahnasyna çykmagy başaran, mynasyp yz goýan oguzlar — türkmenler uly we kuwwatly döwletleri döretmegiň, ony dolandyrmagyň uly syýasy tejribesini toplapdyrlar. Şoňa görä, Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgy meşhurdyr. Geçmişiň dürli döwürlerinde Parfiýa imperiýasy, Beýik Seljuk we Köneürgenç türkmen döwletleri ýaly azym-azym jahanşalyklar höküm sürdi, ykdysady taýdan kuwwatlandy, özüniň milliligini, medeniýetini kemala getirdi, olary dünýä ýaýmak arkaly ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşdy. Üçünji müňýyllykda bolsa baky Bitaraplygy bilen kuwwatly, dörediji, gurujy, ylalaşdyryjy merkeze öwrülen ata Watanymyz giň halkara jemgyýetçiligine ählumumy parahatçylygy üpjün etmek babatda hem tutuş dünýä nusgalyk görelde görkezdi, parahatçylyk ýolunyň kämil türkmen nusgasyny döretdi. Bu gün türkmeniň ykbally ogly — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, döwrümiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary bütin dünýäde — giň Älemde dabaralandy. Parahatçylyk. Howpsuzlyk. Durnukly ösüş. Ynanyşmak. Bu düşünjeler häzirki zaman şertlerinde üns merkezinde duran, dünýä syýasatynda möhüm orun eýeleýän, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli tekrarlanýan düşünjelerdir. Megerem, olar bütin adamzadyň geljeginiň — umumy planetamyzyň ertirki ykbalynyň nähili boljakdygyny kesgitleýän düşünjeler bolsa gerek. Çünki ady agz

Halkymyzyň döredijilik paýhasyndan kemal tapan ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli ulgamlarda uly özgerişler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda geçirilýän özgertmeler öz oňyn netijelerini berip, içeri we daşary syýasaty durnukly alyp barmaklyga şert döredýär. Hut şoňa görä-de, Türkmenistan dünýäniň iri döwletleridir guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, tutuş Ýer ýüzünde asudalygyň, parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl ýurdumyzyň taryhynda bu babatda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda dünýä ýüzünde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary birleşen tagallalaryň üsti bilen çözmek ugrunda ýurdumyz iri halkara guramalar, sebit we dünýä ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp bardy. Netijede, milli Liderimiziň oýlanyşykly we parasatly daşary syýasatynyň özeninde duran Bitaraplyk ýörelgesi tutuş dünýäde oňyn seslenme döredip, uly ykraryýete eýe boldy.

Şöhrata beslenýär şanly ýyllarymyz

Ata Watanymyz parahatçylyk arkaly ösüşli menzillere, şanly üstünliklere tarap ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda biz päk niýetler, ýagşy umyt-arzuwlar bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji gatlaryny agdaryp başladyk. Ulus-ilimiziň göwni, nurana meňzi deý ýylgyryp gelen ýylymyzyň adynda çuňňur many-mazmun jemlenýär. Çünki parahatçylyk, asudalyk, dost-doganlyk we hoşniýetlilik milli Liderimiziň diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňe sürýän syýasatynyň, tutumly başlangyjynyň özenini düzýär. Dana pederlerimizden miras galan ýörelgelerde hem tekrarlanylyşy ýaly, halkymyz il-günüň abatlygynyň, dünýäniň parahatlygynyň gadyr-gymmatyny dünýe baýlygyndan ileri tutupdyr. Şu mukaddes ýol-ýörelge, asylly düşünje Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýar. Hut şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan we ileri tutulan ugurlaryň biri bolup, ol ähli halklaryň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dostlukly, özara bähbitli gat

Resmi habar

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini belläp, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.

Täzelikler

«Lebapörisuw» abatlaýyş-ulanyş edarasynyň başarjaň ussalary tamamlanylan ýyly zähmet üstünliklerine beslediler. Olar tarapyndan öri meýdanlaryny suwlulandyrmakda öwgä mynasyp işler bitirildi. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda guýy ussalarynyň birleşen tagallalary arkaly täze guýularyň 2-si gazyldy. Möhüm işler Hojambaz we Çärjew etraplarynyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Bulardan başga-da geçen ýylda guýularyň 10-a golaýynyň durky täzelenildi. Degişli işleriň agramly bölegi Çärjew etrabynyň «Serdar», Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklarynda berjaý edildi. Edaranyň iş öndürijisi Serdar Berdiýew tarapyndan baştutanlyk edilýän guýy ussalary täze başlanan ýylda hem maldarlaryň ýakyn hemaýatkärleri bolmagy maksat edinýärler.

Ýylymyz şygaryna mynasyp bolup, rowaçlyklara beslensin!

Dünýä giňişliginde belent derejesi iki gezek ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda ýene-de bir ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýyl ýazgylary jäheklenip başlandy. Milli Liderimiziň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini nazarlap öňe sürýän başlangyçlary makullanma we giň goldawa eýe bolýar. Bu ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan kabul edilmeginde hem aýdyň görünýär. Türkmen taryhynda täze sahypany açýan üstümizdäki ýyl dünýäniň halklarynyň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmaga, özara ynamy berkitmäge gönükdirilen tutumlara baýlygy bilen tapawutlanar. Hormatly Prezidentimiziň her ýyly mynasyp derejede atlandyrmak we şol şygaryň astynda ony dabaralandyrýan asylly işleri durmuşa geçirmek baradaky däbe öwrülen ýörelgeleri türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ykbalynda täzelenişe, öňe ilerlemelere, maksatly sepgitlere ýetirýän netijelerini şertlendirdi. Şu nukdaýnazardan, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyna degişli mümkinçiliklerini dünýä ýaýmak, dünýäniň döwletlerini belli bir maksatda bitewüleşdirmek ýaly wezipeler göz öňünde tutulyp öňe sürlen başlangyç adat bolşy ýaly, halkara derejesinde giň goldaw tapdy.

Milli ýörelgelerimiziň halkara ykrarnamasy

Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçen il-günüňe ak ýürekden hyzmat etmek, töwerek-daşyňa sylaşykly bolmak, ýagşy işleri durmuşa geçirmek, birek-birege hemaýat etmek ýaly türkmeniň köki-damary siňen, ähmiýetini hiç haçan ýitirmeýän nusgalyk häsiýetleri jemgyýetimiziň baýlygydyr. Pederlerimiz islendik dawanyň gepleşikler geçirilip çözülmegini ýol-ýörelge edinipdirler. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde hem Şükür bagşynyň keşbi arkaly ata-babalarymyzyň ýüze çykan ýagdaýy kadalaşdyrmakda diňe parahatçylykly ýollary gözländiklerini beýan edýär. Hakykatdan hem, Türkmenistan milli ýörelgelerimize mahsus bolan ynsanperwerlik syýasatymyzy gyşarnyksyz alyp barmak bilen, diňe bir öz halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, baýlaşmagyna gönükdirilen syýasaty ýöretmän, eýsem sebit, bütin dünýä ähmiýetli syýasy hem-de ykdysady amallary ýerine ýetirmäge nusgalyk meseleleri teklip edýär, goňşy we dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara peýdaly gatnaşyklary ýokary derejede ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýlan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanp

Anyk wezipelerden ugur alynýar

Geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda degişli ulgamlaryň öňünde möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, demokratik kadalary we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýän düzümleriň wekilleri berlen tabşyryklardan ugur alyp, eýýäm ýerlerde işlerini täzeçe guramaga girişdiler. Bular dogrusynda ýakynda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda iri jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda hem giňişleýin durlup geçildi. Maslahatda düzümleriň welaýat we etrap ýolbaşçylary il-ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan özgertmelere saldamly goşant goşmak, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak boýunça meýilleşdirilen işleri barada çykyş etdiler. Agamyrat  JUMAÝEW,

Adamzadyň köňül nagşy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky pähimler Kitap akyl-paýhasy ösdürmekde ynsan üçin iň gymmatly hazynadyr. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salýar. Şonuň ýaly-da jemgyýetçilik aňynyň kämil, ýokary derejede ösmegi üçin zerur serişdedir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ilatynyň jemgyýetçilik aňynyň ösmeginde hormatly Prezidentimiziň eserleriniň ähmiýeti uludyr. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eser okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri dünýä halklarynyň hem uly gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Munuň şeýledigine bu kitabyň ýapon, azerbaýjan, rus, türk, arap dillerine terjime edilip, halk köpçüligine ýaýradylandygy hem şaýatlyk edýär.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Bitaraplyk ýörelgesine eýerip

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Halkara diplomatiýada onuň «Aşgabat jemleýji resminamasy» diýlip atlandyrylandygyny bellemeli. Bu barada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Şöhrat - şana beslenen aý

Şeýlelikde, Täze, 2021-nji ýyl hem ýetip geldi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylyň soňky aýynyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakalary barada ýatlatmak ýerlikli bolardy. 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Beýik işleriň eýýamy

Aşgabadyň abadançylygyň hem parahatçylygyň merkezi hökmündäki abraýy bu gün sebitiň çäginden çykyp, tutuş Ýer ýüzüne ýaýraýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde häzirki wagtda dost-doganlygyň, ylalaşdyryjylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmagynyň hem hut şu belent maksatlardan ugur alýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. Bu şygary mähriban halkymyz uly buýsanç we guwanç bilen kabul etdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagynda hem möhüm ähmiýeti bolan bu çagyryş häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda nygtaýşy ýaly: «Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr». Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara derejeli maslahatlar, forumlar, medeni-syýasy çäreler baş şäherimizde bu ugurda amal edilýän beýik işleriň aýdyň dabaralanmasydyr. Gün-günden görkana keşbe eýe bolup, türkmeniň gözel kalbyny aýdyň şöhlelendirýän paýtagtymyzyň täsin binagärlik keşbi häzirki wagtda köpleri haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň köp binalarynyň Ginn

Milli demokratiýanyň esaslary

Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda asyrlardan aşyp gelýän milli ýörelgelere, dünýä tejribelerine esaslanýan demokratiýa pugtalanýar hem-de ösdürilýär. Munuň özi döwletimiziň saýlaw ulgamyny alanymyza hem aýdyň görünýär. Ata Watanymyzda saýlawlary raýatlaryň işjeňliginde guramaçylykly geçirmekde baý iş tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edilip, Esasy Kanunymyza umumadamzat gymmatlyklaryndan, bähbitlerinden, demokratik, adalatlylyk ýörelgelerinden ugur alýan kämil, döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.