Parahatçylyga, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat
Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň 86 döwletiniň bu taryhy Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň beýikdiginiň güwäsidir. Bu resminamanyň kabul edilmegi baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, şu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygynyň aýdyň güwäsidir. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky güwäsi bolup, her bir türkmenistanlynyň geljeginiň aýdyň boljakdygyna ynamyny berkitdi. Çünki Bitaraplyk halkymyzyň taryhy ykbalynda Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt uly gymmatlykdyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, ertirki gününe ynamly garamagydyr, arkaýyn zähmet çekmek we nesilleri erkana terbiýelemek mümkinçiligidir. Ýeri gelende, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýt