Ekologiýa abadançylygy — gaýragoýulmasyz wezipe
Hormatly Prezidentimiziň Araly halas etmek we onuň zyýanly täsiriniň garşysyna göreşmek barada beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, welaýat häkimliginiň we Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda Aralýaka sebitleriniň toprak-howa şertleri, relýefi, sebitiň çölleşme aýratynlyklary we onuň öňüni alyş çäreleri, suw çeşmeleri, Aral deňziniň guramagynyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine, sebitiň halk hojalygyna, daşky gurşawa, ösümlik dünýäsine ýetirýän täsirini öwrenmek maksady bilen, ylmy ekspedisiýa guraldy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Türkmenistan», «Aýböwür», «Döwkesen» daýhan birleşiklerine we Bötendag belentliginiň töweregine guralan ylmy ekspedisiýa Türkmen oba hojalyk institutynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary hem-de welaýat häkimliginiň, Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň, Daşoguz agrohimiýa barlaghanasynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Daşoguz şahamçasynyň, «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň, welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Ekspedisiýanyň dowamynda hünärmenler tarapyndan, ugurlaryna degişlilikde, Aralýaka zolagynda ösümlikleriň görnüşleri, maşgalasy, biologik aýratynlyklary, ýaýraýşy öwrenildi. Sebitiň suw üpjünçiligi we şor suw akabalary, akabalaryň suwunyň düzümini öwrenmek üçin birnäçe nusgalar alyndy. Topragyň mehaniki düzümini, şorlulyk dere