"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we maksadalaýyk durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary, özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýetine eýe bolan daşary syýasatymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagyna mynasyp esas döredýär. Häzirki wagtda dünýäniň köpsanly ýurtlarynda tebigaty peýdalanmak we daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda, ekologiýa howpsuzlygyny kadalaşdyrýan ugur ykrar edilendir. Ekologiýa howpsuzlygy milli howpsuzlygyň düzüm bölegi bolup, ol ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna gatnaşýar. Başgaça aýdylanda, ekologiýa howpsuzlygy biziň durmuşymyza ymykly girdi, onuň zerurlygy we ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny dolandyrmak işi döwletara gatnaşyklaryň esasynda, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki halkara guramalaryň derejesinde alnyp barylýar. Bu derejede daşky gurşawy biosfera möçberinde goramagyň halkara resminamalaryny kabul etmek, döwletara ekologik maksatnamalary amala aşyrmak, tebigy ýa-da antropogen häsiýetli ekologik betbagtçylyklary ýok etmek üçin hökümetara toparlary döretmek işleri alnyp barylýar. Ählumumy derejede birnäçe halkara möçberli ekologik meseleler oňyn çözgüde eýe boldy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ösümlikleri goramagyň usullary

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndan bereketli hasyl almak ugrunda berýän hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde oba hojalygynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban topragy bilen bagry badaşan her bir daýhan asylly zähmet çekýär, çeken zähmetiniň rehnetini-de görýär. Bagbanlaryň, ekerançylaryň köpýyllyk tejribesine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary goramagyň birnäçe usullary ulanylýar. Olardan agrotehniki, fiziko-mehaniki, himiki we biologiki usullar bellidir. Şolardan esasysy bolan agrotehniki çärelere baglaryň oturdyljak ýerini we sagdyn agaçlary saýlap almak, bir meňzeş zyýankeşleri bolan baglary biri-birinden aýry oturtmak, dökünlemek, ýerleri dogry işläp bejermek, zyýankeşlere garşy göreşmek, tohumy dogry saýlap almak, wagtynda ekmek, ekin dolanyşygyny geçirmek, hapa-haşal otlary aýryp durmak çäreleri degişlidir.

Tebigata söýgi döredýäris

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesle tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak barada düşünje bermekligiň uly ähmiýeti bar. Ekologiýa medeniýeti bilen baglanyşykly düşünje ýaş nesliň aňyna çagalykdan guýulmalydyr. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere ekologiýa medeniýeti, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy gözellikleriň ähmiýeti dogrusynda sada we düşnükli dilde sapak berlende, çagalar şol terbiýe esasynda hem durmuş ýoluny dowam edýärler. Biziň çagalar bagymyzda terbiýelenýän körpeler hem salkyn howaly pasyllarda gezelenje äkidilip, olara gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly gürrüň berilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawyň arassa bolmagyny gazanmak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanyp, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak, olary geljekki nesillerimize ýetirmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Mawy tolkunlaryň mukamy

Ýap-ýaňyja bolup geçen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň çäklerinde geçirilen ägirt uly çäreler gadymy Hazaryň dost-doganlygyň mizemez mesgenidigini ýene-de bir gezek äşgär etdi. Halkara derejeli çäreler tamamlansa-da, onuň bizde galdyran täsirleri entekler ýatdan çykar ýaly däl. Gaýtam, ol ýakymly günleriň ýatlamalary bize şypaly deňiz suwy we onuň tebigy baýlyklary hakynda giňişleýin gürrüň bermegi salgy berýär. Tomus paslynda, howanyň aşa gyzýan günlerinde ynsan göwni şypaly deňiz kenaryny küýseýär. Gojaman Hazaryň mawy tolkunlaryny synladygyňça, synlasyň gelýär. Göwnüňe bolmasa, dury suwuň ýüzünde peýwagtyna oýnaýan tolkunlaryň üstüne kümüş teňňeleri sepilen ýaly görünýär. Gözýetimiň aňyrsy-bärsi bilen ýylpylda öwrülip durşy, adamlary özüne maýyl edýär. Onsoň, tolkunlaryň pessaýja owazy tebigatyň täsin gözelligi bilen utgaşyp, ajaýyp bir mukam bolup eşidilýär. Owaza maýyl bolup oturyşyma, Hazaryň tebigy baýlyklary birlaý aňymda aýlandy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 12-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %. 2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň möçberiniň kadadan 7% köp bolandygy hasaba alyndy.

Hazar deňzi — täsin ekoulgam

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, ekologiýa abadançylygyny goramak, bu gymmatly gözelligi geljekki nesillere geçirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň ählisinde hem ekologiýa ýagdaýynyň göz öňünde tutulmagy örän guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ekoulgamynda Hazar deňzine aýratyn orun degişlidir. Bu deňiz ummasyz gazylyp alynýan tebigy baýlyklary, gaýtalanmaýan, özboluşly ösümlik we endemik haýwanat dünýäsini özünde jemleýän dünýäde ýapyk iri suw howdany hökmünde häsiýetlendirilýär. Meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, uzynlygy 1200 kilometre, ortaça ini 320 kilometre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy 6,5 müň kilometre barabar bolan Hazar deňzine bäş sany döwlet ýanaşýar: Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Russiýa Federasiýasy. Hemişe agzybirlige, abadançylyga, dost-doganlyga gadyr goýýan halkymyz goňşy ýurtlar, şol sanda Hazar sebiti boýunça goňşy döwletler bilen hem netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 10-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 9-15-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7-10-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+25o-dan +26...+28o aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+38o-dan +40...+42o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6-9-dan 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24o-dan +25...+27o aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+37o-dan +39...+41o aralygynda yssy bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Ekosy­ýa­hat­çy­lyk ös­dü­ri­ler

Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li hä­zir­ki wagt­da ýer­li sy­ýa­hat­çy­ly­gyň glo­bal sy­ýa­hat­çy­lyk­dan has ir di­kel­jek­di­gi­ni, mu­nuň dün­ýä ýurt­la­ry­nyň pan­de­mi­ýa­nyň tä­sir­le­rin­den has çalt ha­las bol­mak üçin müm­kin­çi­lik­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ýurt­la­ryn­da adam­la­ryň öz ýurt­la­ry­ny gez­mek­le­ri we öw­ren­mek­le­ri üçin hö­wes­len­di­ril­ýär. Bu bol­sa içer­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk­dan has çalt ös­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Bi­ler­men­ler sy­ýa­hat­çy­ly­kda 2019-njy ýyl­da­ky ýag­da­ýa 2024-nji ýyl­da ýe­til­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ge­çen ýyl dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 1 mil­liard aza­lyp­dyr. Hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şu ýy­lyň sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­min­de bu pu­dak­da­ky ha­sa­ba alyn­ýan mag­lu­mat­lar ösü­şiň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ösdürilýär

Ýur­du­myz Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry bi­len hä­zir­ki za­man umu­ma­dam­zat me­se­le­le­ri­niň bi­ri bo­lan daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­ni di­ňe köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­lyk we hal­ka­ra gol­da­wy esa­syn­da çöz­me­giň müm­kin­di­gi­ni hem-de Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gi­ýa ba­bat­da alyp bar­ýan oňyn içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä ila­ty­nyň pa­ra­hat we aba­dan ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni su­but ed­ýär. Te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li hem-de äh­lu­mu­my möç­ber­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ýur­du­myz­da şä­her­le­riň we oba­la­ryň tö­we­rek­le­ri­ni, aw­to­mo­bil hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň ýa­ka­la­ry­ny ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 5-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.

Ýeriň görki, berekediň örki

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:― Biz janly tebigata ömür berýän suwuň her damjasyny altyna barabar görüp, oňa keramat hökmünde sarpa goýan pederlerimiziň öwüt-ündewlerine, ýol-ýörelgelerine eýerip, berekediň, bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň gadyr-gymmatyny has-da belende göterýäris, suw gorlarymyzy gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýäris. «Aby-Zemzem çeşmesiniň suwuny näme üçin niýetläp içseň, şoňa ýarar» diýýärler. Ýagny, ajygyp içseň, doýrar, suwsap içseň, teşneligiňi gandyrar. Ýetmiş bir göterimini çöllük tutýan türkmen topragynda hem suwuň şonuň ýaly derejede görülýän keramatly häsiýeti bar.

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, biz häzirki döwürde sebit we dünýä ähmiýetli işleri amala aşyrýarys. Ekologiýa babatda kanunçylyk namalaryny yzygiderli kämilleşdirýäris» diýip belledi. Türkmenistanda döwlet ekologiýa syýasaty tebigaty goramaga, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligi baýlaşdyrmaga hem-de çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ekoulgamyň biodürlüligini goramak we dikeltmek, tokaýlyklary köpeltmek, topragyň, suw gorlarynyň rejeli peýdalanylmagy, milli ykdysadyýetiň önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşylmagy hem-de sebitiň ýurtlarynyň anyk çäreleri amala aşyrmak üçin jemlenmegi bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemegini üpjün etdi. Bu meselelerden ugur alyp, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bütewi Kanuny, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň talaby

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz 30-njy iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew öz çykyşynda gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 31-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Ynsan ogly suwuň barlygyna şeýle bir öwrenişendir, hatda ýaşaýşy suwsuz göz öňüne getirmek asla mümkin hem däldir. Suw dünýädäki ähli janly-jandarlar üçin möhüm zerurlykdyr. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Adam açlyga çydap biler, emma ýekeje gün suwsuzlyga çydap bilmez. Şu hakykat hem bize suwuň ähmiýetiniň näderejededigini aýdyň görkezýär. Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol Ýer ýüzüniň 71%-ini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Suwuň 0,0001%-i howada gaz halynda duş gelýär. Duzly suwly ummanlar Ýer ýüzüniň suwunyň 97%-ini, buzlar we doňaklyklar 2,4%-ini, derýalar, köller we çeşmeler bolsa 0,6%-ini özünde jemleýär. Ýer ýüzündäki suwuň iňňän az mukdary bolsa janly-jandarlaryň bedeniniň, şeýle hem öndürilýän önümleriň düzümini emele getirýär.

Ho­wa sam­mi­ti ge­çi­ril­di

Ita­li­ýa­nyň Na­po­li şä­he­rin­de G20 to­pa­ry­na gir­ýän ýurt­la­ryň daş­ky gur­şaw, ho­wa we ener­gi­ýa mi­nistr­le­ri­niň ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar gel­jek 30-50 ýy­la de­giş­li öňü­ni alyş çä­re­le­ri we dur­mu­şa ge­çi­ril­jek mak­sat­na­ma­lar ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Ýyg­na­ga dün­ýä­niň ösen yk­dy­sa­dy­ýet­li ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni art­dyr­mak, suw gor­la­ry­ny go­ra­mak mas­la­ha­tyň esa­sy me­se­le­le­ri bol­dy. Mas­la­hat­da çy­kyş eden Ita­li­ýa­nyň eko­lo­gik öw­rü­li­şik mi­nist­ri Ro­ber­to Çin­go­la­ni gat­na­şy­jy ýurt­lar bi­len glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gy 1,5 gö­te­rim azalt­mak üçin edil­me­li iş­le­riň mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Mi­nistr ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň 2015-nji ýyl­da­ky Pa­riž ho­wa yla­la­şy­gyn­da kes­git­le­nen ho­wa­nyň ýy­ly­ly­gy­nyň ar­ty­şy­ny 2 de­re­jä­niň aşa­gyn­da sak­la­mak­da öň­de goý­lan mak­sa­da ýet­mek üçin yla­la­şan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Çin­go­la­ni ýyg­nak­lar­da köm­rüň ula­ny­ly­şy­ny azalt­mak ba­ra­da hem tä­ze mak­sat­la­ryň öň­de goý­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Kä­bir ýurt­lar 2025-nji ýy­la çen­li köm­rüň ula­ny­ly­şy­ny do­lu­ly