"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Gök ýüzünde ýyldyrym

Tebigy hadysa Tebigatda bolup geçýän täsinlikleriň biri-de ýyldyrym çakmasydyr. Bu hadysa adamzat neslini örän ir döwürlerden bäri gyzyklandyryp gelýär.

Bäsleşik geçirildi

Sogaply käriň eýeleri Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzda ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň çäkleri giňäp, ýylyň dowamynda ýaşyl öwüsýän seýilgähleridir, şäherlere bezeg berýän gök zolaklar emele gelýär. Her ýyl dürli görnüşdäki agaçlaryň millionlarça düýp nahallary ekilip, bar bolan baglara ideg işleri geçirilýär.

Jemgyýet we tebigat

Daşky gurşawy goramagyň halkara we milli hukuk binýady Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasy başlangyçlary ýurdy çalt depginler bilen durnukly ösüşe tarap alyp barýar. Amatly daşky gurşawy – halk hojalygy obýektleriniň ekologiýa howpsuzlygyny, ilatyň saglygynyň goragyny, atmosferanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny, ekologiýa ulgamlaryň durnukly işlemegini, tebigy serişdeleriň gaýtadan dikeldilmegini, tokaýlary köpeltmegi we ýer-suw gorlaryny, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlyklaryny rejeli peýdalanmagyny üpjün edýän milli kanunçylygymyz bilen halkara hukugynyň kadalaşdyryjy hukuknamalary utgaşdyrylyp, bu ugurdaky işler sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar.

Bathyzyň tebigy gözelligi

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak, şeýle hem ýüze çykyp biläýjek ýangyn hadysasyndan goramak babatda uly işler amala aşyrylýar. Goraghanamyzyň häzirki wagtda tutýan meýdany 140 müň 430 gektar bolup, onuň 14 müň 230,9 gektar ýerini pisse tokaýlyklary tutýar. Goraghananyň ähli meýdanynyň ýangyn howpunyň birinji derejesine degişlidigi bolsa, gurak howa şertleri bilen düşündirilýär, tomsuna howanyň ýylylyk derejesiniň ýokarlanmagy, topragyň guramagy we güýçli ýelleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Tomusda güýçli ýelleriň bolmagy ýangyn howpunyň döremegine getirip bilýär. Şonuň üçin tutuş paslyň dowamynda goraghananyň meýdanyny ýangyndan goramak işgärlerimiziň gündelik aladalary bolup durýar.

Dostlugyň hem ylalaşygyň giňişligi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Bu baýramçylyk Hazarýaka döwletler tarapyndan her ýyl bellenilýär. «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Ýurdumyzda Hazar deňziniň güni bellenildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Bu baýramçylyk Hazarýaka döwletler tarapyndan her ýyl bellenilýär. «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi

Awaza, 12-nji awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Bu baýramçylyk Hazarýaka döwletler tarapyndan her ýyl bellenilýär. “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Hazar — tebigatyň baýlygy, genji

Tylla Günüň şöhlesine tolkunlary birgeňsi öwşün atýan gojaman Hazar deňzi bu gün has-da joşýana meňzeýär. Bu neneň şeýle bolmasyn?! Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda awgust aýynyň başyndan mawy Hazar deňziniň gündogar kenarynda il-ýurt bähbitli dabaraly çärelere giň gerim berildi. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda deňziň ekologiýa taýdan iň arassa türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasy uludan tutuldy. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy ýatdan çykmajak täsirli pursatlara beslendi. Ynha, ertir bolsa, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen maslahat we beýleki ugurdaş çäreler badalga alar. 12-nji awgust — Hazar deňziniň güni. Bu sene Hazarýaka döwletleri tarapyndan ýerine ýetirilýän Hazar ekologik maksatnamasynyň çäklerinde işlenip düzülen we 2003-nji ýylyň noýabrynda Tähran şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça çarçuwaly Konwensiýanyň ähli Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2006-njy ýylda tassyklanandan soňra, resmi taýdan güýje giren günüdir. Şol günden bäri bu ekologik sene halkara

Daşky gurşawy goramak — möhüm mesele

«Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda tebigaty goramak babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Biziň örän gözel hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsine baý tebigatymyz bar. Şol gözelligi hem-de baýlygy goramak bolsa hemişelik mesele bolup durýar. Hazaryň türkmen kenarynda bu günki gün owazasy dünýä dolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kemala getirilmegi, Garagum sährasynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak maksady bilen, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmegi we bu ümmülmez sährada «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy ýurdumyzda ekologiýa meselesini çözmekde umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.

Diýarymyzda ekologiýa abadançylygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy we onuň biodürlüligini goramak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha rowaçlanýar. Bu ugurda dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen möhüm hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna dahylly kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, möhüm halkara konwensiýalaryna goşulyşmak babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Günleri bagtyýarlyga, rowaçlyga beslenýän gözel Diýarymyzyň ähli künjegini bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek, şorlaşan ýerleri dikeltmek we ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. Garagum sährasynyň goýnunda döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli munuň aýdyň mysalydyr. Bu köl ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bir hatarda, tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagynda hem uly orun eýeleýär. Häzirki wagtda kölüň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny döretmek babatda zerur işler amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, Köpetdagyň eteginde uly tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi ýurdumyzda tebigaty goramak babatda giň gerimde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän asylly işler hakynda gü

Ýaşaýşyň gönezligi

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar» diýip nygtamagy, daşky gurşawy goramaga we howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar. Soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleri Durnukly ösüş maksatlarynyň has möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda 2015-nji ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň 21-nji mejlisinde kabul edilen Pariž ylalaşygy az uglerodly we ekologiýa taýdan durnukly geljegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Onda howanyň global temperaturasyny 1,5 gradus derejesinde saklamak baradaky ähtnamalar bar. Türkmenistan bu ylalaşygy 2016-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň 71-nji mejlisiniň çäklerinde tassyklady.

Gözel we tämiz şäher

Jemagat hojalygynyň işgärleri hünär baýramlaryny elmydama zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Baýramçylyk şatlygy olaryň işlerine siňdirýän söýgi-yhlaslarynda hem aýdyň görünýär. Türkmenabadyň arassaçylyk müdirliginiň başlygy Gapur HALLYÝEW bilen baýramçylyk söhbetdeşligimiz hem müdirligiň işçi-hünärmenleriniň arakesmesiz alyp barýan işlerine bagyşlandy: — Owadandan owadan binalar, giň köçelerdir seýilgähler şäherimiziň görküne görk goşýar. Günsaýyn özgerýän şäherimiziň gül keşbi ýaşaýjylarynyň göwünlerini göterýär, olary belent işlere galkyndyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gözelligine her gün gözellik goşulýan gadymy, ýöne juwan görünýän şäherimizi abadanlaşdyrmak, tämiz saklamak biziň işgärlerimiziň gönüden-göni borçlary bolup durýar. Biziň işimize şäherimiziň tämizligi we abadanlygy, gözelligi arkaly baha berilýändigine hem düşünýäris. Bu bolsa işe bolan jogapkärçiligimizi has-da güýçlendirýär. Şäherimiziň has owadanlaşmagyny, arassa bolmagyny, ekoabadançylygynyň berkemegini gazanmak biziň işimizde esasy talap bolup durýar. Bu talaby berjaý etmek üçin ak ýürekden zähmet çekýäris. Sähelçe kemçilik hem uly bir amatsyzlygy döredip bilýär. Bu näsazlyklaryň döremegine ýol bermezlik bize hem köp derejede bagly bolup durýar. Işçi-hünärmenlerimiziň 560-dan gowragy şäherimiziň göze gelüwli görünmegi üçin ak ýürekden aladalanýar. Olar hormatly Prezidentimiziň adamlaryň ýaşaýyş-durmuş

Ekologiýa abadançylygy — jemgyýetiň goraglylygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn üns berilýär. Ekologiýa abadançylygy — durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu ugurda öňde durýan wezipeleri, adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagy, olaryň saglygy baradaky aladalary öz içine alýar. Ata Watanymyzda halkymyzyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy, işlemegi üçin ähli oňyn şertler döredilen. Ilatyň arassa howada dynç almagy, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine yzygiderli eýermekleri üçin hem ähli mümkinçilikler bar. Şeýlelikde, raýatlaryň arasynda ekologiýa hem-de adam saglygyna zyýanly bolan endiklerden gaça durmak baradaky düşündiriş işleri, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi üçin möhüm şert bolup durýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň tebigy baýlyklaryna, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, gözel tebigatymyzy öwrenmek, baýlaşdyrmak meselelerine-de aýratyn uly üns berilýär. Şeýle maksatlar nazara alnyp, güneşli Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň çäklerinde tokaý we seýilgäh zolaklarynyň meýdany giňeldilýär. Ýurdumyz boýunça her ýyl däp bolup gelýän saýaly, pürli, miweli agaçlary, üzüm nahallaryny ekmek, bar bol

«ÝAŞYL» ösüşiň strategiýasy

Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş strategiýasy köpasyrlyk milli ýörelgelere daýanýan döwletimiziň durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 24-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «ýaşyl energetikanyň» mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtap, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetika desgalarynyň gurulmagy babatda meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Tebigatyň eçilen serpaýy

Ýene bir gezek miweleriň peýdasy barada Miweler dogry iýmitlenmegiň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Olarda adamyň saglygy üçin peýdaly witaminler we minerallar saklanýar. Sitrus miweler  C, B witaminlerine, karotine, üzüm, armyt, kiwi, şetdaly, hurma, nar antioksidant häsiýetine eýe bolan E witaminine baýdyr. Haýsy miwäniň nähili peýdasy barka? Muny bilmek gyzykly bolsa gerek.

Tebigat gözellikleri — milli baýlygymyz

Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle bolansoň, tebigatymyzy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berlip, bu babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawyň arassalygyny, tebigat gözelliklerini gorap saklamakda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda hem-de tebigatymyz bilen baglanyşykly beýleki meselelerde durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamalarydyr. Tebigatymyzy goramak barada eziz Diýarymyzda alnyp barylýan köptaraply tutumlaryň kämil hukuk binýadyna daýanýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle kanunçylyk namalarynyň hem-de uzak möhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolmak bilen, ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly oýlanyşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine itergi berýär.

Aýawly sarp ediş — abadançylygyň binýady

Kagyz — adamzat taryhyndaky iň möhüm oýlap tapyşlaryň biri. Ýöne ony öndürmek üçin daşky gurşawa ep-esli zyýan ýetirilýär. Ylmyň we tehnologiýalaryň ösýän zamanasynda kagyz kitaplaryň, neşirleriň ornuny olaryň elektron görnüşleri tutup başlady. Muňa garamazdan, durmuşymyzda kagyzyň we kagyz önümleriniň ulanylyşy azalanok. Her birimiz peýdaly ýörelgeleri durmuş hemramyza öwürmek arkaly tebigaty goramaga goşant goşup bileris. Geçmişden şu güne

Daşky gurşawy goramak mukaddes borçdur

Ýurdumyzda daşky gurşawy we ekologiýany goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, tebigatymyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Aslynda, Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, tebigaty goramak, bu babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berip gelýär. Daşky gurşawy we ekologiýany gorap saklamagyň meseleleriniň birnäçe ugurlary bolup, olary çözmekde kanunçylyk möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin ýurdumyzda soňky ýyllarda «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologiki serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle Kanunlaryň çäklerinde tebigaty, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary gorap saklamak babatynda ägirt uly işler amala aşyryldy.

«Ýaşyl energetikanyň» ýalkymy

Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny 2024-nji ýyla çenli gurup, ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan. Bu desganyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, esasan hem, «ýaşyl energetikany» ösdürmekde, ekologiýa we daşky gurşawyň abadanlaşmagyna, elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer diýip uly ynam bilen aýdyp bolar.

Her damjasy — zer dänesi

Suw gaýtadan dikeldilýän tebigy baýlykdyr. Emma adam tarapyndan peýdalanylan suwuň tebigata gaýdyp barmagy üçin ep-esli wagt gerek. Ýer ýüzüniň ilatynyň köpelmegi we howanyň üýtgemegi netijesinde suwa bolan isleg artýar. Suwuň sarp edilişi bilen gaýtadan dikeldilişiniň arasyndaky tapawut hem ýokarlanýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, iýmit, şahsy arassaçylyk we hojalyk işleri üçin bir adama gije-gündiziň dowamynda ortaça 20 litr suw ýeterlikdir. Emma ösen ýurtlarda her bir adam günde 150-den 200 litre çenli suw harçlaýar. Şahsy rahatlygyňa we maddy ýagdaýyňa zyýan ýetirmezden hem suwy tygşytly peýdalanyp, tebigaty goramaga goşant goşup bolýar. Munuň üçin durmuşyňa käbir ýönekeý endikleri ornaşdyrmak we hojalyk işjeňligi bilen baglanyşykly tilsimleri peýdalanmak ýeterlikdir. Şahsy arassaçylykda