Salkyn saýaly toraňňy
Türkmen tebigatyny baýlaşdyrmakda, amatly howa şertlerini döretmekde ösümlikleriň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda ýaprakly, pürli we gyrymsy agaçlar, otjumak we gül ösümlikleri tebigy şertlerde ösüp, ägirt uly gök zolagy emele getirýärler. Söwütler maşgalasynyň derek urugyna degişli bolan toraňňy agajy hem eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyna özboluşly bezeg berýär. Ol ýurdumyzda derýalaryň, kanallaryň, ýaplaryň kenarlarynda, ýerasty suwa ýakyn bolan çägelik ýerlerde ösýär. Toraňňy şora çydamly agaç bolup, şor toprakly ýerlerde ekilende, şol ýeriň topragyny şorsuzlandyrýar. 30 ýyla çenli ýaşan agajynyň beýikligi 9,5-10 metre çenli ýetýär. Ýekelikde açyk meýdanlarda ösende, beýikligi 15-18 metre hem ýetip bilýär. Gabarasynyň giňligi 15-25 metre, baldagynyň ýogynlygy 60-70 santimetre ýetýär. Ýaprak çykarmazyndan öňürti mart-maý aýlarynda gülleýär. Toraňňy 100 ýyla çenli ýaşamaga ukyply agaçdyr. Bu agaç gorag zolaklaryny döretmekde, derýalaryň, kanallaryň, ýaplaryň kenarlaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ol seýilgähleri döretmekde hem giňden ulanylýar.