"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Dünýä bezeg, döwürlere ýaraşyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň 9-njy noýabrynda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasy üstünlikli geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän dabarada saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň millionlarça düýbi ekildi. Bag ekmek dabarasyna mähriban halkymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Bu iş häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Türkmen topragy ýylyň islendik paslynda gaýtalanmajak, özboluşly gözellikleri bilen adamlary özüne maýyl edýär. Ajaýyp tebigatymyzy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda wasp edýärler. Tebigatymyzyň her paslyna mahsus aýratynlyklaryny, gözelliklerini synlan adamyň durmuşa bolan söýgüsi, buýsanjy has-da möwç urýar.

Zemin goýnunyň baglygy — ýaşaýşyň bakylygy

Zeminiň ýaraşygy saýylýan baglarda ylahy kerem, ynsan zähmetiniň rehnedi örboýuna galýar. Bagbanyň yhlasy bilen ene topraga kök uran nahallaryň ýene sanlyja wagtdan zemin kürtesine salnan keşde mysaly jahany görke getirjekdigine şübhe ýok. Aý-günler aýlanar, ýyllar geçer. Şonda dal kamatly ýaş nahallar bu jelegaýlary gül-pürçük bossanlyga, gür çarbaglyga öwrüp, saýasyny salar, bol miwe eçiler. Ana, onsoň keremli baglary ýetişdirip, «dünýä kitabyna adyny ýazan» şol ynsan soňky nesilleriň hakydasynda ebedi orun alar. Bag adam eli bilen döredilen ajaýyp ýadygärlik mysaly onuň ömrüni, dowamatyny bezeýär. «Bag — gudrat, gül — keramat» diýýär türkmen. Baglyk, gülzarlyk ynsan ýüreginde nepis duýgulary, gözellige söýgini oýaryp, gursakdaky arzuw-hyýallara gönezlik gatýar, ruhuny galkyndyrýar. Ynsan zähmeti, alyn deri bilen döredilen bag adam bilen tebigatyň özara sazlaşygyny, bitewüligini alamatlandyrýar.

Tebigat — ynsan kalbynyň ylham çeşmesi

Tebigat we onuň gözellik dünýäsi, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyk baradaky çeper oýlanyş asyrlarboýy türkmen edebiýatynyň üns merkezinden düşmän, ýyllarboýy taraşlanyp, şu günlerimize çenli kämilleşip gelipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ekologiýa düşünjesi we tebigata söýgi bilen terbiýelenen ýaş nesillerde kämil ynsanperwer garaýyşlar kemala gelýär. Ýaşlarda tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaly asylly ýaşaýyş endiklerini terbiýelemek jemgyýetiň möhüm wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ekologiýa medeniýeti — bu adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşyny üpjün edýän ýörelgeleriň jemidir. Şeýle hem tebigy gurşawa aýawly çemeleşilmegine täsir edýän ynsanperwer garaýyşlara esaslanýan düşünjeleriň toplumydyr. Ekologik bilim — bu ugra dahylly düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir.

Tebigat — biziň öýümiz

Bagy-bossanly Diýarymyz Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen topragynyň tebigatyny goramakda, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmakda giň möçberli işlere badalga berilýär. Bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilip, bu babatda öňde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerine giň ýol açyldy. Hakykatdanam, gözel tebigatymyz öýümiz bolany üçin onuň baý we gaýtalanmajak haýwanat we ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga çalyşmalydyrys.

Ajap tebigatly Köýtendag

Lebap welaýaty Türkmenistanyň örän köp syýahatçylyk mümkinçiliklerini özünde jemleýän gündogar welaýaty bolup, bu ýerde gadymy taryhy-arhitektura ýadygärliklerinden başga-da, “Köýtendag”, “Amyderýa” we “Repetek” döwlet tebigy goraghanalary ýerleşýär. Biz söýgüli gazetimiziň okyjylaryna bu welaýatda ýerleşýän “Köýtendag” döwlet tebigy goraghanasy barada gürrüň bermegi makul bildik. “Köýtendag” döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly pes daglygynyň hem-de olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň we ekologiki ulgamlary dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr.

Ýylgyn

Ata-babalarymyz ýylgynyň syrdam, gaty çybyklaryny dürli maksatlar üçin peýdalanan bolsalar, ene-mamalarymyz onuň aşagyna dökülýän pürüni alyp, tamdyryň iç ýüzüni suwamakda ulanypdyrlar. Şonda suwag berk bolup, çöregiň arkasy keseksiz bolýar. Ine, şeýle bähbitli taraplary bilen tapawutlanýan ýylgyn agajy ýurdumyzyň ähli ýerinde ösýär. Hatda şorluk, batgalyk ýerlerde hem ösüp bilýän bu agajyň birnäçe görnüşi belli. Ol tohumyndan-da, çybygyndan-da köpelip bilýär. Özem ýabany usulda köpelýär. Iň peýdaly taraplarynyň biri, ol şor ýerlerde hem ösmek bilen, toprakdaky duzuň gurap, biziň dem alýan howamyza aralaşmagynyň öňüni alýar. Şeýle şorluklar bolsa Garagumda Amyderýanyň kenar ýakalarynda-da az däl. Bu agajy az-azdan bogup, mal agyly, kaşar üçin ulanypdyrlar. Hatda ak öýleriň daşyna örtülýän gamşyň arasyna-da ýylgynyň syrdam çybyklaryny goşup çykypdyrlar.

Ogurjaly – keýikler adasy

Ýurdumyzda Gyzyl kitaba girizilen seýrek duşýan keýikler goşatoýnaklylar toparynyň «Gazella» toparyna degişlidir. Keýikler owadanlygy, näzikligi, bedeniniň syratlylygy we sarçlygy bilen tapawutlanýarlar. Keýigiň bedeniniň uzynlygy 115 santimetre, beýikligi 75 santimetre, agramy bolsa 30 kilograma ýetýär. Keýik tekeleriniň gara reňkli, uzyn, egri, özi hem halkalar bilen örtülen owadan şahlary bolýar. Bedeniniň ýokary we gapdal taraplary çäge reňkli, aşak tarapy we aýaklarynyň iç taraplary ak reňklidir.

Aý­na ke­be­lek

Greta Ota dünýädäki iň geň galdyryjy we özboluşly kebelekleriň biri. Ol Amerika yklymynda has köp duş gelýär. Bu kebelegiň ganatlarynyň gyralary melewşe reňkde bolup, esasy bölegi reňksizdir. Bu täsin görnüş onuň ganat dokumalarynda ýörite nonostrukturalaryň bolmagy bilen düşündirilýär. Şeýdibem, ol şöhlelendirmäni ep-esli peseldýär. Kebelegiň ganatynyň täsin gurluşly bolmagy onuň haýsy gurşawdadygyna baglylykda, reňkini üýtgetmegine sebäp bolýar. Bu özboluşlylyk kebeleklere ösümlikler bilen garyşmaga we tebigy duşmanlaryndan gizlenmäge mümkinçilik berýär. Aýna kebelekler özünde zäherli alkaloidleri saklaýandygy üçin guşlar olary iýmeýärler.

Hoş­boý ys­ly la­wan­da

Lawanda (Lavandula) 45 – 120 santimetre çenli ösýän, ýakymly ysly ösümlikdir. Ol Afrika, Awstraliýa, Hindistan we ýewropa ýurtlarynda giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Lawandanyň hoşboý ysy onuň tebigy ýaglarynyň kömegi bilen emele gelýär. Bu ösümlik aromaterapiýada we kosmetikada giňden ulanylýar.

Gyş paslynda ýürekleri ýylatjak kitaplar

Gyş pasly nähili üýtgeşik pasyl. Ak gar tozgalaryndan başlap, ählije zat şeýle ajaýyp. Aýratynam, dekabr — üýtgeşik aý. Ýylyň bu aýynda hemmeler, hatda uly ýaşly adamlar hem gündelik durmuşymyzda täsinligiň bolup biljekdigine, arzyly arzuwlarynyň amala aşjakdygyna ynanaslary gelýär. Eger garaşylýan bolsa, diýmek, jadydyr täsinligem uzakda däldir. Gapymyzy kakjak bagt bolsa, eýýäm bosagamyza gelendir. Arçanyň aşagyna düzüljek sowgatlardyr süýjülikler bolsa, bu pursada bizdenem beter garaşýan bolsa gerek. Okalmaly kitaplaryň hem eýýäm öz tekjesinden gozganyp başlan bolmagy ahmal. Beýle bolsa, gyş paslynda, täze ýylyň öňüsyrasynda ýüreklere ýylylyk paýlajak, baýramçylygyň özboluşly jadysyny kalplara ýetirjek kitaplaryň sanawy bilen tanyşmaga taýýarmysyňyz?!

Hozuň höziri

Gadym zamandamy ýa-da geçen asyr, onçasyny bilmedim. Ýöne güýz çigreginiň çynyny edip, gylyksyz gyşyň golaýlaýandygyny duýduryp ugran günleriniň birinde, uzak ýerden atyny säpjedip, aryp gelýän ýolagçy kişi bir äpet hoz agajynyň düýbünde goş ýazdyrypdyr. Agajyň saýasynda diň arkan düşüp, onuň syrdam boýuny, seleň şahalaryny synlap ýatyşyna, birdenkä nazary ho-ol beýik şahalardaky adaja şemala çalaja yranyp, görküni güjeňleýän düzüm-düzüm hozlara düşüpdir. Ol öz ýanyndan: «Ýak-he-eý, tebigat şun-a oňarmandyr. Muňa seretsene! Nähili äpet, belent agaç, syrdam boýy, berdaşly şahalary bar. Ýöne munuň miwesine bir seret, witjik, ed-dil barmagyň başy ýalyjak. Munuň ýaly daragtyň miwesi, iň bolmanda, kädi ýaly bir bolaýmal-a!» diýip içini hümledişine, meýmiräp uka gidipdir. Hor çekip ýatan ýolagçy birdenkä allaniçigsi bolup, maňlaýyny tutup, zöwwe ýerinden turupdyr. Nämäniň nämedigine-de golaýynda «Agaçdan aty, daşdan gaty» diýlip matala ýugrulan bir hozuň togalanyp barýandygyny görüp düşünip galypdyr: şahalardaky kiçijik hozlaryň biri şemala sapagyndan tänipdir-de, uklap ýatan kişiniň edil iki gözüniň arasyna patylap düşäýen eken. Maňlaýyny sypalaşdyryp, äm-säm bolup duran ýolagçy nämäň-nämedigine magat göz ýetirensoň: «Eý, Gudraty Güýçli Taňrym, sen bu hozlary kiçijik edip örän dogry ýaradan ekeniň! Eger-de olaryň her biri edil kädi ýaly dagy bolaýan bolsa-ha, meniň kellämi pyt

Köpetdag

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Kö­pet­dag Türk­me­nis­ta­nyň iň gö­zel dag­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýa­zy­jy­la­ryň eser­le­rin­de, şa­hyr­la­ryň goş­gu­la­ryn­da, bag­şy­la­ryň aý­dym­la­ryn­da hem Kö­pet­da­gyň aja­ýyp te­bi­ga­ty wasp edil­ýär. Kö­pet­da­gyň Te­jen der­ýa­syn­dan Ki­çi Bal­kan dag­la­ry­na çen­li do­wam ed­ýän, ýa­zy­na ýa­şyl don, gy­şy­na ak gar bi­len ör­tü­len be­lent ga­ýa­ly, çuň jül­ge­li dag gu­şak­ly­gy bar. Kö­pet­dag Türk­men-Ho­ra­san dag ul­ga­my­nyň iň de­mir­ga­zyk­da­ky ger­şi­dir. Onuň uzyn­ly­gy 500 ki­lo­metr­den hem ar­tyk bo­lup, meý­da­ny 28 müň ine­dör­dül ki­lo­metr­dir.

Çalt ösýän agaç

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Her ösüm­li­giň özü­ne mah­sus ösüş aý­ra­tyn­ly­gy bar. Ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri bir gün­de 1 metr ös­ýän bol­sa, kä ösüm­li­giň bir ga­ryş ös­me­gi üçin birnä­çe ýyl ge­rek. Şä­her ýa­ka­la­ry­dyr se­ýil­gäh­ler­de köp ekil­ýän paw­low­ni­ýa dün­ýä­niň iň çalt ös­ýän aga­jy ha­sap­lan­ýar. Ada­ma peý­da­ly bol­ma­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýan bu aga­jyň ýap­ra­gy­dyr gül­le­ri se­na­ga­tyň dür­li pu­dak­la­ryn­da peý­da­la­nyl­ýar. Dik ös­ýän syr­dam aga­jy bol­sa gur­lu­şyk ma­te­ria­ly hök­mün­de ula­nyl­ýar. Paw­low­ni­ýa ho­wa­nyň we te­bi­ga­tyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. Bu aga­ja baş­ga­ça «hy­taý de­re­gi» hem di­ýil­ýär. Se­bä­bi paw­low­ni­ýa, esa­san, Hy­taý­da ýe­tiş­di­ril­ýär. Şeý­le bol­ma­gy­na ga­ra­maz­dan, bu agaç De­mir­ga­zyk ýa­rym şa­ryň äh­li ýe­rin­de di­ýen ýa­ly ekil­ýär. Paw­low­ni­ýa­nyň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy çalt ös­ýän­li­gi­dir. Eki­len ýy­ly bu aga­jyň bo­ýy 8-8,5 met­re çen­li ösüp bil­ýär. Paw­low­ni­ýa or­ta­ça 70 ýyl ýa­şa­ýar. Agaç ke­si­len­den soň­ra, ýe­ne gaý­ta­dan gö­ger­ýär. Bu agaç­dan me­bel­dir gur­lu­şyk iş­le­ri üçin ýo­ka­ry hil­li tag­ta alyp bol­ýar. Paw­low­ni­ýa­dan al­nan tag­ta me­bel önüm­çi­li­gin­de, gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gyn­da, saz gu­ral­la­ry­ny ýa­sa­mak­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar.

Noýabr

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024

«Tebigy dermanhananyň» syrlaryny açyp...

Gündogaryň meşhur alym lukmanlary Abu Aly ibn Sinanyň we Abu Reýhan Birunynyň nusgawy kitaplarynda hem türkmen topragynda bitýän örän gymmatly, ýaşaýyş üçin zerur dermanlyk ösümlikler baradaky maglumatlara duş gelinýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa häzirki döwürde dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşantdyr. Milli Liderimiziň bu ylmy eserinde bütin adamzat jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini dogry berjaý etmekde dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti barada baý maglumatlar berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda lukman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynyň XVI jildini okyjylara peşgeş berdi. Milli Liderimiziň ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze jildinde gadymy türkmen topragynda bitýän ýabany hem-de medeni ösümlikleriň 106-sy barada etnobotaniki we etnolukmançylyk taýdan maglumatlar beýan edilýär. Olaryň aglaba bölegini otjumak ösümlikler (96 görnüş) tutýar. Olar hem, öz gezeginde, köpýyllyk otlara (42 görnüş), birýyllyklara (50 görnüş) we ikiýyllyklara (4 görnüş) bölünýär. Bulardan başga-da, agaçlar (2 görnüş), gyrymsy agaçlar (2 görnüş) we ýarym gyrymsyjalar (6 görnüş) barada maglumatlar berilýär. Kitapda gürrüňi edilýän dermanlyk ösümlikler 28 maşgala we 73 uru

Bagym bar — barym bar

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatyny, ekologiýasyny, daşky gurşawy goramak babatynda alnyp barylýan syýasaty döwletimiziň raýatlary tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ähli künjeklerde birnäçe ýüz müň düýp agaç nahallaryny, saýaly we miweli baglary oturtmak işi alnyp barylýar. Ýakynda — 9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Garagum sährasy – täsinligiň hem-de gözelligiň mekany

Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny, ýagny 350 müň inedördül metr töweregini tutýan Garagum sähramyz özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda Horezm golunyň, gündogarda Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýuň hanasynyň arasynda ýerleşýär. Garagum sährasynda ýaşan ata-babalarymyz hemişe tebigata paýhasly garamak bilen, ondan öz ýaşaýyş-durmuşy üçin iň bir zerur zatlary almagy başarypdyrlar. Ylaýta-da, olar özleriniň saglygyny hut Garagumuň tebigaty, ösümlik dünýäsiniň üsti bilen aýawly gorap saklapdyrlar. Mysal üçin, dana pederlerimiz tikenli göýüli, keýigoty ýaly içki beden agzalaryny, daşky bedeni kesellerden gorap saklamakda iň bir ýörgünli ulanylýan ösümlikleri melhem ot hökmünde peýdalanypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Garagum sä

Haýwanlar, guşlar bilen bagly yrymlar

Adamlar haýwanlaryň, guşlaryň özlerini alyp baryşlaryny synlap, howanyň ýagdaýyny kesgitläpdirler. Şonuň esasynda hem öňünden gyşyň aladasyny edipdirler. Geliň, olaryň käbirleri barada durup geçeliň! Alakalar hinine gyşdan öň däne, sypal çekip başlasalar, şol ýyl gyş sowuk boljakdygynyň alamaty hasap edilipdir.

Bagy-bossanly Diýarymyz

Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak bilen, her daban ýeri gözüň göreji kimin goramagy başarypdyrlar. Tebigata aýawly çemeleşmek babatdaky şeýle asylly ýörelgeler nesilden-nesle geçip, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Altyn güýzde, bereket-bolçulygyň baýramy — Hasyl toýy bilen utgaşyklylykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň geçirilmegi ata Watana, ene topraga belent söýginiň nyşanydyr. Bag — zemine zynat. Bagy-bossanlyga bürenen, gül-gülzarly ýerlerde ýaşaýan adamlaryň has ruhubelent, şähdaçyk, keýpiçag bolýandygyny ylym bireýýäm subut etdi. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi esasynda tutuş ýurdumyzda ýaş agaç nahallaryny oturtmaga, täze-täze tokaý zolaklaryny döretmäge aýratyn üns berilýär. Şol maksat bilen, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda bag ekmek möwsümleri guramaçylykly geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek dabarasy hem ildeşlerimiziň müňlerçesini ata-babalarymyzyň sogaply işlerini dowamata besläp, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýaly asylly maksadyň daşyna jebisleşdirdi.

Bag — durmuşyň bezegi

SoGaply işiň sarpasy Geçen şenbede — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 9-njy noýabrynda pederlermizden gelýän ýol-ýörelgelere eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Güýzki bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi halkymyzyň köňlünde begenç duýgusyny döretdi.