"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ösüş suwy tutulýar

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly ýurdumyzyň daýhanlary üçin rysgally ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýyl ygally geldi. Ýylyň ygally gelmegi güýzlük bugdaý üçin örän ähmiýetli. Tebigy ýagan ygal bugdaý maýsalaryna berlen mineral dökünleriň oňat eremegine, topraga gowy siňmegine mümkinçilik berýär. Şu günler Köneürgenç etrabynyň daýhan birleşiklerine baryp, bugdaýly meýdanlary synlanyňda, gözüň dokunýar. Gün-günden kadaly boý alýan bugdaý maýsalary bol hasylyň kemala geljekdiginden habar berýär. Häzirki wagtda etrabymyzyň kärendeçileri güýzlük bugdaýlara ösüş suwuny tutýarlar. Ekin meýdanlar ene ýaplardan, şeýle hem suw sorujy enjamlaryň kömegi bilen suwarylýar. Etrap boýunça suw sorujy enjamlaryň 20-si güýzlük bugdaýa suw tutmak üçin işledilýär. Her gün etrabymyz boýunça 350 – 400 gektarda güýzlük bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Suwuň talabalaýyk tutulyşyna miraplar, topar ýolbaşçylary gözegçilik edýärler. Güýzlük bugdaýa ideg etmekde etrabymyzyň «Akgala», «Watan», «Kyrkgyz», «Maslahat» daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar. Güýzlük bugdaýa ideg işleriniň öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi netijesinde maýsalar kadaly boý alýarlar. Munuň özi 17 müň 500 gektar güýzlük bugdaýdan 35 müň 900 tonna galla hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegine garaşylýar.

Bol hasyl ugrunda

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginde zähmetsöýer babadaýhanlar bereketli topraga gowaça tohumyny sepip, sogaply işe girişdiler. Edermen pagtaçylar şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 1 müň gektar ýerde gowaça ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişinde toparlaryň 2-si döredilip, olarda sürüm traktorlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary sazlaşykly işledilýär. Gyzgalaňly dowam edýän gowaça ekişinde mehanizatorlardan Begli Täçmedow, Bagtyýar Mätýakubow, Akmyrat Mätjanow, Gulgeldi Hojageldiýew göreldeli zähmet çekip, has-da tapawutlanýarlar. Şu ýyl welaýat boýunça gowaça ekişine hut şu daýhan birleşiginden başlanmagy hem ýöne ýerden däl. Çünki Aşyk Aýdyň piriň gadamy düşen bereketli meýdanlar daýhanlaryň yhlasyny myrada öwürýän sahawatly ýerlerdir.

Tohumlyk bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary

Tohumlyk bugdaýyň guşgursak, iri, dokmaňyz, bol hasylyny öndürmekde ony ösdürip ýetişdirmegiň agrotehniki talaplaryny hem-de otag işini ýokary derejede, öz wagtynda ýerine ýetirmek möhümdir. Beýleki oba hojalyk ekinleri ýaly, güýzlük bugdaý hem gowy idegi talap edýär. Özboluşly toprak-howa şertlerimizde ekilen bugdaý däneleri döküne we suwa uly isleg bildirýär. Bugdaý özüniň ösüşiniň irki döwründe — gögerenden çogdamlanmagyň ahyryna çenli, topragyň hiline baglylykda organiki we mineral iýmit maddalaryna uly isleg bildirmese-de, ösüşiniň şu döwründe güýzlük bugdaý azotyň we fosforyň ýetmezçiligine mätäçlik çekýär. Ösümlik toprakdan alan iýmit maddalaryny suwda erän görnüşinde özleşdirýär. Şonuň üçin dökünler bilen iýmitlendirilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak zerurdyr. Ilkinji ösüş suwy gektara ortaça 800 kubmetr kada bilen tutulýar. Suwy az akym bilen siňňitli tutmak gerek, sebäbi artykmaç ýa-da kemter suwarmak hasylyň peselmegine getirýär.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Wirtual hakykatyň täsiriAlymlaryň pikiriçe, geljekki fermerlerdir daýhanlar ösümlikler baradaky ähli maglumatlary almak üçin AR-äýnegini dakynaýmaly bolar. Bu pikiri Plant Vision startapyny esaslandyryjy Raýan Huks durmuşa geçirmäge çalyşýar. Onuň aýtmagyna görä, bu äýnege ýerleşdirilen emeli aň – intellekt infragyzyl reňkli kameranyň hem-de datçikleriň kömegi bilen daýhana ekinleriň ösüşi, olaryň suwa ýa-da dökünlere mätäçligi barada habar berýär. Bu bolsa daýhanyň indiki etmeli işlerini ýeňilleşdirýär. Häzirki wagtda bu taslama Niderlandiýanyň Wageningen uniwersitetinde synagdan geçirilýär. Äýnekli sygyrlar Wirtual hakykatyň, hakykatdan hem, fermerlere nepi degip başlady. Türkiýeli fermer Izzet Kojak öz fermasyndaky sygyrlaryň gözleri üşemez ýaly hem-de daşarynyň sowugyndan gorkmaz ýaly, olara VR äýneklerini dakdy. Äýnek dakynan sygyrlar daşarda bakylýan öri meýdanlarynda ýaz günleri dowam edýändir öýdüp, dartgynlylygyny gowşatdylar we arkaýyn otladylar. Netijede, sygyrlaryň süýt berijiligi 22 göterim artdy.

Hojalygyň ümzügi ileri

Sarahs etrabynda ilkinjileriň hatarynda daýhan hojalygyny döretmäge isleg bildiren daýhanlaryň hatarynda Saýlaw Ýusubowy agzamak bolýar. Ol 2021-nji ýylda özüniň maşgala agzalary bilen «Gymmatly hazyna» daýhan hojalygyny döredip, bölünip berlen 519 gektar meýdanda däne, gowaça ekinlerini, üzüm, miweli baglary ýetişdirip başlady. Geçen ýyl daýhan hojalygynyň däne ekilen meýdanlarynyň her gektaryndan 23 sentner, gowaçanyň her gektaryndan 28 sentner hasyl alnyp, borçnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi. Ýakynda hojalygyň ýolbaşçysy Saýlaw Ýusubow bilen ekin meýdanlarynda duşuşyp, onuň bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hojalygyň zähmet adamlarynyň ekinlere ideg edişleri, göz öňünde tutýan sepgitleri dogrusynda söhbetdeş bolduk.

Ýüpekçiler üçin jogapkärli döwür

Welaýatymyzyň pileçi kärendeçileri şu günler 4244 guty ýüpek gurçugyny idetmek işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Üstümizdäki ýylda 155 tonna çig piläni öndürmegi maksat edinýän ýüpekçilerimiz häzirki wagtda ideg işleriniň her birini göwnejaý ýerine ýetirýärler. Ýüpek gurçugyndan ýokary hilli pile almagyň onuň talabalaýyk idedilmegine baglydygyna oňat düşünýän zähmetkeşler gurçuklara ýaşyna göra tut ýapragyny bermäge aýratyn ähmiýet berýärler. Olar ýüpek gurçugynyň idedilýän jaýlarynyň degişli derejedäki howa şertleri boýunça üpjünçiligine hem uly üns gönükdirýärler. Munuň özi ýüpek gurçuklarynyň kadaly pile saramagynyň esasy şerti bolup durýar.

Görseň, göwün gülleýär (Oçerk)

...Geçen ýylyň jöwzasy ýaňy başlanda iýun aýynyň ortalarynda 1,5 gektara ekilen bugdaý meýdanyna «JOHN DEERE» kombaýny girende, boýdaşy hemem kärdeşi Ogulbaýram Allaberdiýewa ýarym degişme bilen: — Akgözel, hany, sen ordur! Belki, «Döwletliden döwlet ýokar» bolup, biziň meýdanlarymyzdaky hasylyň hümmetem seňkiçeräk bolsun-da! — diýipdi.

Ekiş gyzgalaňly dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň Mary welaýatynda gowaça ekişi bilen utgaşykly irki ekilen meýdanlarda ýekeleme işleri gyzgalaňly dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitiň babadaýhanlary 162 müň gektar meýdandan «ak altynyň» 359 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Mary welaýat häkimliginde ekişe dahylly hünärmenleriň, oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda yzygiderli geňeş maslahatlary geçirilýär. Olarda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylyp, tejribe alşylýar.

4000 tonna garpyz hasyly alnar

Müsürde hä diýmän garpyz möwsümi başlanar. Bu barada «East-furit» portaly ýazýar. Müsüriň ter bakja, gök we miwe önümlerini eksport ediji «Egypt Fresh Energy» kompaniýasynyň eksport we marketing boýunça menejeri Reham Kamal bu barada şeýle gürrüň berýär: «Garpyza bolan islegiň artmagy sebäpli, geçen möwsümde ýyladyşhanalarymyzy üç esse artdyryp, olaryň sanyny 101-e ýetirdik. Şonuň netijesinde şu ýyl 4000 tonna garpyz hasylyny almagy meýilleşdirýäris». Müsür Ýewropa Bileleşigine we Saud Arabystanyna uly mukdarda garpyz eksport edýär. Ýurt bu ugurda 2023-nji ýylda umumy bahasy 9 milliard amerikan dollaryna deň bolan eksport edip, bu ugurdaky rekordyny täzeledi.

Şeker jöweni — tanyş ekiniň täze görnüşi

ýa-da Türkmenistanyň içerki bazaryny ýerli önümçiligiň hasabyna şeker bilen üpjün etmegiň mümkinçilikleri barada Makalany şahyr Çary Ýegenmyradowyň edil şu gazetiň 8-nji aprelinde çap edilen sanynda ýerleşdirilen «Türkmen topragy» atly goşgusyndan şu iki setir bilen başlamak isleýärin:

Yhlasly zähmetiň netijesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylynda Görogly etrabynyň pagtaçy daýhanlary 17,5 müň gektar meýdanda bol hasyly ýetişdirmegi göz öňünde tutmak bilen, häzirki günlerde gowaça ekişini ýokary depginde alyp barýarlar. Etrabyň çäklerinde oňat sürlüp, borona-mala basylan ýerlerde tohum atylan atyzlaryň gektar sany barha artýar. Häzirki wagtda etrap boýunça gowaça ekişinde dürli kysymly, kuwwatly traktorlaryň 160-dan gowragynyň, ekijileriň 80-e golaýynyň güýjünden öndürijilikli peýdalanylýar. Olaryň ençemesi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, soňky ýyllarda daşary ýurtlardan satyn alnyp etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna gelip gowşan tehnikalardyr.

Ekin meýdanlary alada bilen gurşalýar

Tejen etrabynyň ak ekin ussatlary ekinleriň ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Üstümizdäki şanly ýylyň hasyly üçin 44 müň 300 gektarda däne ýetişdirýän gallaçy daýhanlaryň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde bereketli meýdanlar bol hasyla beslenýär. Häzirki wagtda ekinleri alada bilen gurşan gallaçylar däne oragyna hem ykjam taýýarlyk görýärler. Ekişde ulanyljak däne orujy kombaýnlar gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýulýar. Bu babatda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhananyň işçi-hünärmenleriniň alyp barýan işleri diýseň guwandyrýar.

ÝARMYŞYŇ DAÝHAN GYZY

 (Oçerk) Üýtgewsiz gelýän edähet şeýle. Uzynrakdan dolmuş, tegelek ýüzdäki goýun gözleri dogum bilen ýanyp duran, ýaňy kyrk ýaşa ýetiberen zenan mekdepden geldigi, çaý-çöregini gyssanmaç iýer-de, ekin meýdanyna tarap howlugar. Kitaphon bolansoň, ylaýta-da, öz ýaşaýan mekanynyň taryhy, bu topragyň geçmişi bilen içgin gyzyklanansoň, gadymy Ýarmyş obasynyň düýnüni, şu gününi Sadokat ýagşy bilýär. Hol gatnawy sabamaýan Daşoguz — Köneürgenç awtomobil ýolunyň kybla-günbataryndaky ýaýrawy giň oba Köneýarmyş diýilýär. Adyny topraga ýazyp giden uly ussat, Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow geçen asyryň ortalarynda ýoluň gaýra tarapynda küren tutan kiçeňräk obany hem birleşdirip, uly hojalyga ýolbaşçylyk edip ugraýar. Bu obalar daýhançylykda «Toprak bilen gepleşip bilýär» diýdiren jepakeşleriň mesgeni.

Ýüpekçilikde jogapkärli möwsüm

Şu günler ýürekçilikde jogapkärli möwsüm bolan ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmek işi Gökdepe etrabynda guramaçylykly barýar. Etrabyň ýüpekçileri özlerine paýlanan 657 guty ýüpek gurçugyna degişli talaplara laýyklykda ideg edýärler. Bu işe her bir ýüpekçi-kärendeçi tutanýerli we yhlasly çemeleşýär. Ýüpekçi-kärendeçileriň arasynda ýaşlaryň hem bolmagy diýseň begendirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri şeýle ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirýärler. Bu bolsa ýüpekçileriň işe höwesini artdyryp, piläniň ýokary hasylyny taýýarlamaga ruhlandyrýar.

Belent sepgitleri nazarlap...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumy hem uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýär. Esasy pudaklaryň biri hasaplanýan oba hojalyk ulgamynda öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan oba hojalyk işgärleri sahawata baý keremli topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Häzirki günlerde gadymy Murgap jülgesiniň zähmetsöýer daýhanlary ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilip, işler guramaçylykly häsiýete eýe bolýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde gowaçanyň hatarara bejergilerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ytygsaman boý alyp oturan bugdaýly meýdanlarda, ýazlyk ýeralma, sogan, şeýle-de gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg işleri geçirilýär.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň 1-nji kärendeçiler toparynyň ussat kärendeçisi Baýramgeldi Saparow öz bagtyny ene ýere siňdirýän päk zähmetinden tapanlaryň biri. Ol 1996-njy ýylda daýhan birleşiginden 10 gektar meýdany kärendesine aldy. Baýramgeldi kärendesine ýer alan gününden başlap, oňa mähir-söýgüsini, höwes-yhlasyny, maňlaý derini siňdirip başlady. Ekişden öň ekin meýdanlaryny eliň aýasy ýaly kemsiz tekizledi. Ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyrdy. Çuň şüdügär sürümini geçirdi. Ekişi hem öz wagtynda agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirdi. Topraga düşen däneler gysga wagtyň içinde gögerip, ýaşyl maýsalara öwrüldi. Bu ýagdaý daýhan ýigidiň göwnüni göterdi. Işe bolan höwes-hyjuwyny artdyrdy. Bugdaýyň bol hasyl getirmegi üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalandy. Onuň dökünini, suwuny wagtly-wagtynda bermegiň hötdesinden geldi. Netijede atyzlarda altyn başly bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdi. Baýramgeldi şol ýyl her gektaryň hasyllylygyny meýilnamada görkezilen 35 sentnere derek 38 sentnerden geçirdi. Ilkinji ýylyň üstünligi kärendeçi ýigidiň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşdy.

Halal zähmetiň höziri

Ene topraga hyzmat etseň, ol seni dilgir etmeýär, çeken halal zähmetiňe hazynaly sandygyny açyp goýýar. Bu hakykata biziň gürrüňini etmekçi bolýan daýhan zenanymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Oňa Akgözel Jumalyýewa diýýärler. Ol Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileriniň biri.

Ýüpekçilik

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda pile öndürmek hakynda kabul eden Kararynda bellenilişi ýaly, welaýatymyzda şu möwsümde 500 tonna pile hasylyny Watan harmanyna goşmak göz öňünde tutulyp, bu ugurdaky taýýarlyk işlerine öz wagtynda girişildi. Bu barada «Daşoguzwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň başlygy Agamät Garaýew şeýle gürrüň berdi:

Oba hojalygy: ýaz aladalary

Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary üstümizdäki ýylyň ýaz ekişine taýýarlykly geldiler. Şu möwsümde meýilnama boýunça ekilmeli 1050 gektar gowaça meýdanlarynda işleriň göwnejaý ýerine ýetirilmegi netijesinde, ekişi wagtynda geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Häzir howanyň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanýan kärendeçiler gowaça ekişini gije-gündizleýin alyp barýarlar. Şunda hojalyga degişli «MTZ-80», «MTZ-82» kysymly, ýokary iş öndürijiligi bolan traktorlaryň 12-si, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyndan ýardama gelen dürli traktorlaryň 5-si, gowaça ekijileriň 2-si bökdençsiz işledilýär. Ahyrky netijede bolsa hojalyk boýunça gündelik gowaça ekilýän meýdanlaryň möçberi 20 — 25 gektara ýetýär. Bu möhüm işde Tirkeş Gurbangylyjow, Baýrammät Kerimow, Söýün Ýazjykow ýaly mehanizatorlar öndürijilikli zähmet çekýärler. Gowaça ekişi hojalygyň Dursunbaý Garabaýew, Myrat Ödäýew, Akmyrat Abdykerimow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1,3,7-nji kärendeçiler toparlarynda has-da guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Ýaýlalaryň ýaraşygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada öňde goýýan wezipelerine mynasyp zähmet bilen jogap berýän welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky meýilnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Maldarlaryň bu zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny maldarçylyk pudagyna höweslendirmek baradaky aladalarynyň oňat netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Welaýatymyzyň maldarlarynyň gazanan zähmet üstünligine Gyzylarbat etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary saldamly goşant goşdular. Maldarçylyk hojalygynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümine irgözinden taýýarlyk görüldi. Öri meýdanlarynyň, guýularyň, çeşme-çaýlaryň ýagdaýy jikme-jik seljerildi. Ot-iým meselesi çözülip, mallaryň baş sanynyň artmagyna düýpli esas döredildi. Hojalykda bar bolan kaşarlardyr agyllarda ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi. Öri meýdanlarynda çopan-çoluklaryň iş we durmuş şertleri bilen yzygiderli gyzyklanyp durulmagy mallaryň semizlik derejesini irgözinden kesgitlemäge, ot-iým üpjünçiligini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Netijede, maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 17 müň 621 ene goýundan 16 müň 615 sany owlak-guzy we 1 müň 195 düýeden 538 sany k