"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Galla — mukaddes baýlygymyz

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň tabşyrylandygy hakdaky hoş habaryň aýdylmagy ählimizi begendirdi. Çünki ak bugdaý halkymyzyň mukaddes baýlygydyr, bereket-bolçulygyň çeşmesidir. Diýarymyzda ak bugdaýyň ýylyň-ýylyna ýokary hasylynyň ýetişdirilmegi azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda hem guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki gyzgalaňly günlerde welaýatymyzyň ak ekin ussatlary bereketli hasyly ýitgisiz ýygnamakda yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Däne ýetişdirilen 195 müň gektar meýdandan ýokary hilli bugdaýyň 400 müň tonnasyny taýýarlap, Watanymyzyň galla harmanyna saldamly goşant goşmagy belent maksat edinýän welaýatymyzyň gallaçylarynyň şu günlerki alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat we etrap komitetleriniň wekilleri tarapyndan gallaçylaryň armasy ýetirilip durulýar, öňdebaryjylar höweslendirilýär.

Arzyly pellehana golaýlaýar

Oba hojalygynda jogapkärli möwsüm bolan galla oragy Sarahs etrabynda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bol hasylly meýdanlarda päk zähmetiň joş alýan günlerinde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gallaçylaryň arasynda bolup, olaryň armalaryny ýetirýärler, öňdebaryjylary höweslendirýärler hem-de zähmet ýeňşine ruhlandyrýarlar. Etrap boýunça däne ýetişdirilen 22 müň 900 gektaryň aglabasynyň hasyly ýygnalyp, galanlarynda kuwwatly kombaýnlar bökdençsiz işledilýär. Ýygnalan hasylyň dessine kabul ediş nokatlaryna daşalmagy gazanylýar. Gyzgalaňly günlerde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy, meýdandaky dokmaňyz ak bugdaýyň ýitgisiz ýygnalmagy galla harmanynyň barha beýgelmegine getirýär. Bu bolsa gallaçylarymyzy arzyly pellehana barha golaýladýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri bolup, möwsümiň ahyryna çenli gallaçylaryň arasynda höweslendiriş işlerini netijeli alyp bararys.

Galla — 2024

Batly gadamlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zähmetsöýer kärendeçilerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli göwrümli işleri durmuşa geçirip, ýeňişli sepgitlere eýe bolýarlar.

Gant şugundyry: aralyk ekiniň ekişi

Düşewüntli işiň aladasy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek barada şertnama baglaşyldy. Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan kärendeçiler tehnika, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen üpjün edilýär.

Bagym bar — bossanym bar

Ýer — hazyna Pederlerimiz ýöne ýerden “Ýer — hazyna” diýip aýtmandyrlar. Munuň hakykatdan-da şeýledigini keremli toprakdan bol hasyl alyp gelýän ýer eýeleriniň mysalynda görmek bolýar.

Gün nuruna öwşün atýan meýdanlar

Galla — 2024 Şu günler welaýatymyzyň gallaçylary gyzgalaňly we jogapkärli günleri başdan geçirýärler. Olar Gün nury siňen bugdaý meýdanlarynda zähmet çekme kemini goýanoklar. Arly ýyl daýhan azaby siňen ekin meýdanlarynda altyn öwsüp bişen bugdaýyň oragy gowşamaýan depgin bilen dowam etdirilýär. Gallaçy daýhanlaryň yhlas siňdirip ýetişdiren guşgursak bugdaý hasylynyň Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrylmagyna sürüjiler, mehanizatorlar mynasyp goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kämil kombaýnlary, kuwwatly awtoulaglary galla oragynda netijeli işledilýär.

Yhlasy ýerine düşdi

Bereket etrabynyň «Isgender» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda bolup, alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda, bugdaý hasylyndan belent harman döredýän kärendeçileriň köňüllerinde beslän arzyly sepgitlerine ýetýändiklerine buýsanýarsyň. Diňe bir bu daýhan birleşiginde däl, eýsem, tutuş etrapda tanymal ekerançylaryň biri bolan Baýrammämmet Çopanowyň hem buýsançly nazaryndan alan hasylyndan göwnüniň hoşdugyny aňmak kyn däl. Ol ideg edýän 40 gektar ýerinden 185 tonna bugdaý hasylyny alyp, şertnamalaýyn borçnamasyny etrapda ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetiripdir. Topraga bagry badaşan kärendeçi her gektardan alan hasyly 46 sentnerden geçipdir. — Ene topraga halal hyzmat edip bilseň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize ýerden bol hasyl almak üçin ähli şertleri döredip berýär. Tabşyran hasylymyz üçin nagt hasaplaşyk öz wagtynda geçirilip dur. Häzir meýdandaky samany ýygnap, bereketli topragy öňde duran güýzlük bugdaý ekişine taýýarlap goýmak — esasy aladamyz. Şeýle hem 5 gektar ýerde ekilen pagta ideg edýäris. Bakja ekinleriniň ýygymy hem dowam edýär. Bu işlerde maşgalam Güljemal we ogullarym bilen arkalaşýaryn. Döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, ussat kärendeçi Baýrammämmet Çopanow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Zähmet abraý getirýär

Daýhan zähmeti bilen kemala getirilip, bereketli topragyň bezegine öwrülen tylla jygaly ak bugdaýyň bitginli hasylyny öz wagtynda ýygnap almakda kuwwatly kombaýnlara erk edýän mehanizatorlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Şol jogapkärçilige abraý bilen hötde gelýän tejribeli mehanizatorlaryň biri-de «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Parahat Gulaşowdyr. Özüniň erk edýän «CLAAS» kysymly kombaýny bilen Gyzylarbat etrabynyň D.Azady adyndaky daýhan birleşiginiň galla meýdanlarynyň hasylyny ýygnamak işlerine gatnaşyp ýören mehanizatoryň gürrüň bermegine görä, ol indi on bäş ýyl töweregi wagt bäri kombaýna erk edýär, her günde 25-30 gektar meýdanyň hasylyny ýygnamagyň hötdesinden gelýär. Şeýlelikde, tejribeli mehanizator bugdaýyň Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

Umumy işe mynasyp goşant

Galla oragy Gyzylarbat etrabynyň Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly ekin meýdanlarynda hem guramaçylykly dowam edýär. Ýygnalyp alynýan guşgursak dänäni galla kabul ediş bölümlerine daşamakda awtoulag sürüjilerine hem uly orun degişlidir. «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň awtoulag sürüjisi Raşit Gurdyýew hem bu il-ýurt bähbitli işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galla oragynyň gyzgalaňly döwründe welaýatymy

Hasyly ýangyndan goramak üçin

Bugdaý oragynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda etrapdaky galla kabul ediş nokadynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna bu nokadyň işgärleri, hünärmenleri, şeýle-de etrabyň galla oragyna dahylly bolan edara-kärhanalaryndan, daýhan birleşiklerinden wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda degişli hünärmenleriň çykyşlary diňlenilip, hasyly ýangyn howpundan goramagyň düzgünleri dogrusynda ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplarynyň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi.

Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar. Şeýle-de döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döredýär. Uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ussat hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň ähmiýeti

Ylmyň we tehnologiýanyň depginli ösýän häzirki döwründe, şeýle hem bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde inženerleriň bilim we hünär taýýarlygyna bildirilýän talaplar ösýär we özgerýär. Bu talaplary yzygiderli hasaba almazdan bäsleşige ukyply inženerleri taýýarlamak mümkin däldir. Şonuň üçin okuw meýilnamalaryny, dersleriň okuw we iş maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny, esasan hem okatmagyň usulyýetini we tehnologiýasyny ylmy esasda yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli oba hojalykçy alymlar bilen duşuşygynda, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekmegiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Jogapkärli möwsüm

Häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda çalt we isripsiz ýygnamak üçin etrabymyzda ýörite meýilnama düzüldi. Etrabymyz boýunça 84 sany ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlar öz işine ussat mehanizatorlar hem-de tehniki hyzmat ediji kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, doly taýýar edildi. Etrabymyz boýunça 35 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan 63 müň 200 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Etrabymyzyň ähli daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, kärendeçiler toparlarynda galla oragy möwsümine girişildi. Etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksatbek Döwletow özüniň maşgala agzalary bilen 10 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, her gektardan 50 sentner hasyl öndürip, 50 tonna guşgursak dänäni döwlet harmanyna tabşyryp, meýilnamany artykmajy bilen berjaý etdi.

Gallaçylaryň buşlugy

Ene topraga bagry badaşan kärendeçilerimiz, mülkdarlarymyz yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde satyn alnan ýokary öndürijilikli kombaýnlar bilen galla oragyna güýçli depginde we guramaçylykly girişdiler. Şu günler ezber kombaýnçylarymyz gije-gündiz diýmän, wagt bilen hasaplaşman, iki çalşykda galla hasylyny isripsiz ýygnamagyň hötdesinden gelýärler. Awtoulag sürüjilerimiz däne hasylyny ammarlara öz wagtynda eltip tabşyrýarlar. Kärendeçilerimiz döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny amal edýärler, olaryň ýüzlerinde şatlyk alamaty bar. Öňdebaryjy daýhanlarymyzy, kombaýnçylarymyzy, awtoulag sürüjilerimizi höweslendirmek maksady bilen, Tagtabazar etrabynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Häzirki gyzgalaňly günlerde döwlete galla tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýän hojalyklardan gelýän hoş habarlar, buşluklar bolsa göwünleri göterýär.

Hereketiň soňy — bereket

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda gök we bakja önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyryp, azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan Murgap etrabynyň kärendeçileri ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirdiler. 1 müň 150 gektar meýdanda öz wagtynda ekilen bu azyklyk önümiň bol hasyly ýetişdirildi. Şu günler bu ýerde daýhan azaby siňdirilip kemala getirilen bitginli hasyly ýygnamak işleri güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Şu möwsümde 16 müň 100 tonna ýeralma hasylyny ýygnap, meýilnamany üstünlikli berjaý etmäge çalyşýan etrapda işler gyzgalaňly dowam edýär. Ýeralmadan bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna 241 kärendeçiniň ählisi goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi jogapkärli möwsümiň işleriniň has netijeli bolmagyna oňyn täsir edýär. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlarydyr, ýadygärlik sowgatlary bilen ýygy-ýygydan höweslendirilip durulýan kärendeçileriň hemmesi işjeň. Etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşiginden Maýsa Annalyýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Hormat Kerimow, «Ýalkym» daýhan birleşiginden Bägül Täjiýewa ýaly kärendeçileriň atlarynyň guwanç bilen agzalýandygyny aýtmak gerek.

Bol hasylyň aladasynda

Tarp ýerli Garagum etraby Mary welaýatynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýylyň-ýylyna gowy görkezijileri gazanýan etraplaryň biri. Şonuň üçin etrabyň «ak altyn» ussatlary gazanýan netijelerini Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda has hem ýokarlandyrmak maksady bilen, 20 müň 400 gektara sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, kesellere durnukly, ýokary hasyl berýän orta süýümli gowaçanyň naýbaşy sortlaryny ekip, ondan 48 müň 900 tonnadan gowrak «ak altyn» almak üçin yhlasly zähmet çekýärler. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, bu günki gün uzaklara ýaýylyp gidýän ekin meýdanlarynda ýaşajyk ösümlikler ülpüldeşip, göreniň göwnüni göterýär. Bol hasyl almak üçin möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagynyň zerurdygyna garagumly pagtaçylar öz iş tejribeleriniň mysalynda göz ýetirip gelýärler. Şeýle bolansoň, häzir pagtazarlyklarda otag, ýekelemek, hatarara bejergilerini talaba laýyk geçirmek, gowaçalary goşmaça iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini amala aşyrmak ýaly derwaýys işler ýokary guramaçylykly we utgaşykly dowam etdirilýär. Şu günler gowaçalaryň hatarara bejergisinde yzyna degişli gurallar tirkelen traktorlaryň 100-den gowragy öndürijilikli işledilýär. Işine ökde mehanizatorlar tarapyndan erk edilýän şol traktorlaryň 40-a golaýy daýhan birleşiklerine, 45-si oba hojalyk önümçilik birleşigine, galanlary

Gallam bar, tyllam bar

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dili senaly hormatly ýaşulular sanlyja gün ozal «Çäjiňe bereket!» diýip, «Bismilla» bilen galla oragyna dabaraly ýagdaýda badalga berdiler. Asylly däbe eýerýän gallaçy daýhanlar, başarjaň mehanizatorlar şol dabaraly pursatlary joşgunly zähmete utgaşdyrdylar. Ata-babalarymyzyň «Daýhan mert — ýer jomart», «Gallam bar, tyllam bar», «Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş» diýen pähim-parasatlaryna ýürekden uýýan oba zähmetkeşleri şu günler jogapkärçilikli orak möwsüminiň çärelerini göwnejaý guramak, ak bugdaýyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Döwlet Baştutanymyzyň 15-nji iýunda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, galla oragynyň barşy bilen tanyşmagy hem-de Gyzylarbat etrabynyň kärendeçileriniň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, galla oragyna ak pata bermegi, kärendeçilere sowgatlaryny gowşurmagy ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň armasy boldy hem-de olary orak möwsümini üstünlikli alyp barmaga ruhlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 24-nji iýunda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda bolup, işiň guralyşy, işçiler üçin döredilen şertler bilen tanyşmagy, ol ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi, şeýle-de şatlykly günde zähmetsöýer daýhanlarymyzyň häzire çenli Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak b

Kärendeçiniň zähmet ýeňşi

Babadaýhan etrabynda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamak işiniň gyzgalaňly dowam edýän şu günlerinde döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçileriň sany barha artýar. Etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň biri bolan «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçisi Täzegül Garahanowa ilkinjileriň biri bolup, zähmet ýeňşini gazanan ak ekin ussatlarynyň biri. Ol özüniň 45 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 44 sentnere golaý hasyl alyp, Watanymyzyň barha beýgelýän ammaryna mynasyp goşant goşdy. Şeýlelikde, galla taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny 217 göterim ýerine ýetirdi. — Tüweleme, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly bereketli boldy. Şanly ýyly zähmet sowgatlary bilen jemlemek barada kalbymyzyň töründe göterip ýören arzuwymyz hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň daýhanlar barada edýän bimöçber aladalary, oba hojalyk önümleriniň satyn alnyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy bizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Nobatdaky zähmet ýeňşimiz hem muňa şaýatlyk edýär — diýip, öňdebaryjy kärendeçi Täzegül Garahanowa guwanç bilen aýtdy.

Belent harmana goşant

Sarahs etrabynyň gallaçylary orak möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde iş depginlerini birjik-de gowşatmaýarlar. Jogapkärli möwsümde etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň alyp barýan işleri öwgä mynasyp. Olar däne ýetişdiren 1 müň 796 gektar meýdanyndan gallanyň 3 müň 790 tonnasyny alyp, arzyly sepgide abraý bilen hötde geldiler. Gazanylan zähmet üstünligine daýhan birleşiginiň 1-nji, 2-nji, 6-njy kärendeçilik toparlarynyň aýry-aýry kärendeçileriniň saldamly goşandy bar. Maksat Orazmyradow, Batyr Jumalyýew, Serdar Seýitmämmedow, Kakajan Öwezow dagynyň görkezijileri aýratyn bellärliklidir. Gallaçylar orak möwsüminiň ahyryna çenli ýene-de 200 tonna bugdaýy belent harmana goşmagy maksat edinýärler.

Galla — 2024

Bugdaý oragy gyzyşýar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ýolöten etrabynyň gallaçy kärendeçileri 12300 gektar meýdanda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler we meýilnama laýyklykda 24 müň 800 tonna dänäni Watan harmanyna goşant etmek üçin gaýratly zähmet çekýärler. Gün geçdigisaýy zähmet joşguny artyp, arzyly pellehana golaýlaýar.