"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2023» innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemi jemlendi

Düýn «Türkmentel – 2023» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2023» innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemi jemlendi. Dabarada innowasiýa pudagyndaky dürli taslamalaryň awtorlary bolan ýaşlaryň arasyndan ýeňijiler yglan edildi.

Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 3,1 milliondan geçdi

Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 ulanyjy internete birikdirildi diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Aşgabatda geçirilen «Türkmentel — 2023» atly ylmy maslahatda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

TM-CELL «Altyn Asyr» türkmen raýatlaryna täze hyzmaty — wirtual belgileri hödürledi

TM-CELL «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy Aşgabatda geçirilen «Türkmentel-2023» halkara sergisinde öz müşderilerine täze hyzmaty — wirtual belgileri hödürledi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň ýazmagyna görä, wirtual belgi fiziki enjam (SIM karta) bilen baglanyşykly bolmadyk jübi telefony ýa-da stasionar telefonyň belgisi bolup durýar. Wirtual sanlary QR kody arkaly işjeňleşdirip bolýar. Munuň üçin internete birikmeli we QR-y skanirlemeli, soňra SIM-kartany smartfonyňyzyň sazlamalarynda işjeňleşdirmeli.

Sportdaky innowasion çözgütler

Bedenterbiýe we sport döwrümizde durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Bedeniň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin trekerler, «akylly» trenažýorlar, sport görkezijilerini seljerýän ulgamlar, wirtual we goşmaça hakykat tilsimatlary hem-de beýleki tehnologiýalar bütindünýä sport senagatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sport muşdaklaryna saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga, bedeniň işini gözegçilikde saklamaga we has ýokary netijeleri gazanmaga kömek edýän enjamlaryň sany ýyl geçdigiçe artýar.

Tehnologiýalar – kämilligiň serişdesi

Bilermenler geljekde sport we bedenterbiýe ulgamynyň meşhurlygynyň barha artjakdygyny belleýärler. Az hereketlilik zerarly, bedeniň agramynyň artmagy häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurdunda esasy meseleleriň biridir. Innowasion tehnologiýalar sportuň we bedenterbiýäniň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ulanyjylarda degişli goşundylaryň we enjamlaryň sany näçe köp bolsa, bu ulgam şonça-da çalt öser. Häzirki wagtda ýüregiň, dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň işini ykjam mobil enjamlar arkaly seljermäge ýardam edýän tehnologiýalary işläp taýýarlamakda öňegidişlik gazanmak maksat edinilýär. Şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryny tälimçi hökmünde peýdalanmagyň mümkinçilikleri artýar. Bulardan başga-da, wideogözegçilik ulgamlary arkaly türgenleşiklere gatnaşýanlaryň hereketlerini seljerip, olaryň maşklary dogry ýerine ýetirişine baha bermek mümkinçiligi girizilýär. Mahlasy, täzeçil tehnologiýalar sportuň we bedenterbiýäniň netijeliligini, meşhurlygyny artdyrmaga, elýeterliligini ýokarlandyrmaga, ozal çylşyrymly bolan wezipeleri ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Bu bolsa ulgamyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly we galtaşyksyz tölegler

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň banklarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde nagt pullary peýdalanmazdan, satyn alnan harytlar ýa-da peýdalanylan hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak barha ýeňilleşýär. Şunda ykjam telefonlar üçin niýetlenen «NFC» we «QR-kod» tehnologiýalaryna esaslanýan ýörite maksatnama ulgamlarynyň ähmiýeti uludyr. «NFC» ulgamy bank kartlaryny, smartfonlary, sagatlary ýa-da beýleki enjamlary töleg terminallaryna degirmezden, hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär. Satyn alyşlary we hasaplaşyklary täze derejä çykarýan ulgamyň meşhurlygy bütin dünýäde artýar.

Sanly innowasiýalar bilen geljege

9-10-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistan Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2021-nji ýylda YHG-de başlyklyk eden döwründe YHG-niň sebitinde ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip etdi.

«Türkmentel — 2023» atly halkara sergi we ylmy maslahat

9-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Milli maglumat we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn forum geçirilýän ýyllarynyň dowamynda bu ulgamda hyzmatdaşlaryň dialogy hem-de dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Häzirki tehnologiýalar döwri 5G usulyna gadam basmaga taýýarlyk görýär

2023-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly okuw sapagy geçirilýär. Okuw sapagyna halkara guramalaryň, döwlet edaralarynyň we kompaniýalaryň wekilleri, bilermenler, ýokary okuw mekdepleriniň, düzgünleşdiriji guramalaryň, telekom operatorlarynyň, gyzyklanýan guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

«Türkmentel – 2023»

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramaklarynda telearagatnaşyk telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri! Gadyrly myhmanlar! Sizi ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde, öňdebaryjy täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täsinlikler äleminde

Suwasty demir ýoly gurlar Birleşen Arap Emirlikleri gurluşyk pudagynda gazanan üstünlikleri netijesinde dünýäde ilkinjileriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Onuň görnükli binalarynyň arasynda dünýäniň iň uzyn binasy, iň uly emeli ada we iň uly «Ferris» halkasy ýerleşýär. BAE-niň gurjak ýene-de bir täze taslamasy El-Fujaýrahdan Mumbaýa (Hindistan) tarap uzaýan äpet suwasty demir ýoludyr.

Jümle-jahan habarlary

Ýylyň iň gowy binasy yglan edildi Bütindünýä binagärlik festiwaly 2023-nji ýylyň iň gowy we täsin binalarynyň sanawyny yglan etdi. Festiwala dünýäniň iň täsin binagärlik düzümleriniň 1000-den gowragy gatnaşdyryldy. Sanawda birinjiligi Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Quay Quarter Tower binasy eýeledi. Beýikligi 206 metr bolan bu minaranyň gurluşy biri-biri bilen sepleşýän sütünleriň 5-sinden ybaratdyr. Ol diňe bir daşky gurluşynyň kaşaňlygy bilen däl, eýsem, içki bezegleri bilen özboluşly gözelligi emele getirýär. Quay Quarter Toweriň otaglarynyň gurluş aýratynlyklary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ofis merkezleri üçin niýetlenilen bina 45 gatdan ybaratdyr.

Aragatnaşyk pudagynyň ösüşine goşant goşjak hyzmatdaşlyklar

Noýabr aýynyň  9-10-na geçiriljek telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşjak kompaniýalaryň intellektual tehnologiýalar ulgamyndaky alyp barýan işleri telekommunikasiýa ulgamynda tejribe we bilim alyşmaga, şeýle hem ösen tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga mümkinçilik berer.   «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisine gatnaşjak kompaniýalar:

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň milli ölçeglere we halkara ülňülere laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny bilim edaralarynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýanlygynda hem görmek bolýar. Häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda kompýuter tehnologiýasynyň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap serişdeleriň biri hem kompýuterlerdir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan isleg has-da artdy. Beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda rus dilini öwretmekde tehniki serişdeleriň yzygiderli ulanylmagy oňyn netijeleri berýär. Tehniki serişdeler arkaly döredilýän prezentasiýalardyr wideoşekiller okuwçylaryň daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Orta mekdepleriň başlangyç we ýokary synplarynda döwrebap tehnologiýa serişdeleriniň yzygiderli ulanylmagy okuwçylarda kompýuter sowatlylygyny artdyrýar. Rus dili sapagynda häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanyp, okuwçylaryň

«Türkmentel ‒ 2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlaýar

9-10-njy noýabrda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ‒ 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Bu halkara sergä we ylmy maslahata Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň 200-den gowrak wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.  

Raýatlarymyza «sanly kart» we galtaşyksyz töleg hyzmatlary hödürlener

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurduň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmentel-2023» halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri hakyndaky hasabatynda aýdyldy. Hasabatda bellenişi ýaly, bu foruma Türkmenistandan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

512 GB fleş-ýady bolan iň arzan smartfon bilen tanşyň

«Oppo» kompaniýasy «A2 5G» smartfonyny 12 GB OÝE (operatiw ýat enjamy) we 256 GB fleş-ýatly 232 amerikan dollar baha bilen satuwa çykarýar. 12 GB OÝE hem 512 GB fleş-ýatly smartfon bolsa bary-ýogy 246 dollara durýar. Bu bazardaky 512 GB ýady bolan iň arzan smartfondyr. Emma müşderiler töleýän pullaryny diňe fleş-ýat üçin bermeýänlerine-de düşünmelidir. Meselem, smartfonda «SoC Dimensity 6020» hem ornaşdyrylan. Şeýle-de 6,72 dýuým diagonally Full HD+ ýokary ýagtylyga eýe bolan 90 gerslik IPS ekran bilen üpjün edilendir. Bularyň üstesine «Samsung S5KJN1» datçigi bolan 50 megapiksellik kamera, 33 watt zarýad berijisi bolan 5000 mAs göwrümli akkumulýatory, stereodinamika, gulak ýerleşdirmek üçin oňaýly ýeri we IP54 çyglylykdan goraýjysy-da bar.