Milli terbiýäniň gözbaşy
Saba säherlerde yhlas bilen saýraýan guşlar höwürtgelerinde rahatlyk tapýarlar. «Müň bir çeçekden bal ýygnaýan arylar» öýjükleriniň agzyny mum bilen suwap, nesil dowamatyny köpeldýärler. Edil şolar ýaly, ynsan oglunyň daşynyň galasy, göwnüniň aramgähi maşgaladyr. Hut şu mukaddes ojakda bizden öň ata-babalarymyz arkama-arka ýaşap geçip, durmuş tejribesine, şaýat bolan wakalaryna, gören kynçylyklaryna, şatlykly we tolgundyryjy pursatlaryna salgylanyp, maşgala terbiýesiniň uçursyz uly hazynasyna goşant goşup gidipdirler. Biz öz ýaşaýan döwrümiziň ösüşlerine, özgerişlerine baha berip, zamanamyzyň özümize eçilýän ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, zyýada ýyllaryň täsiri bilen maşgala terbiýesini dowam etdirýäris. Geljekde biziň neberelerimiz özlerine berlen edep sowgadynyň agramyna görä bu asylly ýoly dowam etdirerler. Şol sebäpli-de, biziň hiç bir babatda nesil terbiýesini ikinji orna geçirmäge hakymyz ýokdur. Iki başyň abat bolup, maşgalanyň ýakymly gatnaşyklary bilen çaga terbiýelemeklige ýetesi zat ýok. Atanyň ata ornunda, enäniň ýüreklerimiziň töründe, gelnimiziň elimiziň aýasynda, balalarymyzyň gözümiziň agy-garasynda bolmagy bahasyz baýlyk. Ýöne bu bir durmuş-da. «Kyrk ötükde maňlaýa näme ýazylan bolsa, bolanyny görüp barybermeli» diýmeýärlermi näme, paýhasly garrylarymyz... Ýöne şonda-da, nähili ýagdaý bolaýanda-da çagalaryňy ýa-da uly dogan bolup, kiçileri terbiýelem