Maşgala terbiýesiniň gönezligi
Maşgala terbiýesinde öz milli ýoluny esaslandyran halkymyz nakyllaryň ähmiýetine aýratyn üns beripdir. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz ýaş nesle milli terbiýe bermekde türkmen halk nakyllaryny giňden peýdalanypdyr. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Nakyllaryň mazmun örüsinde juda giň many we pikir jemlenýär. Şonuň üçin ýerini bilip, jaýdar ulanmagy başarsaň, nakyllaryň durmuşdaky ähmiýeti has-da ýokary bolýar. Türkmen halk döredijiliginde durmuşyň aýry-aýry ugurlary, has dogrusy, akyl hem zehin, maşgala terbiýesi, agzybirlik, dost-doganlyk, mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetiň ýüze çykyşy bilen bagly bolan nakyllar köpdür. Ýaş nesliň akyl taýdan ösüşi, akylly-başly şahsyýetleriň jemgyýete berýän peýdasy, ynsany bezeýän zehin ata-babalarymyzyň ünsüni çekipdir. Şeýlelikde hem «Är görki — akyl», «Akylly aýnamaz, altyn çüýremez», «Akylym bar — harjym bar», «Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da, syzylyp çykar» diýen ýaly durmuşy nakyllar ýüze çykyp, olar nesil terbiýesinde giňden ulanylypdyr.