Ömür daragtdyr süýji miweli...
...Durmuş baradaky pikir öwürmelere sähel zat sebäp bolup bilýän ekeni. Bir gün işden öýe gaýdyp gelýärkäm, öňümden goňşymyň gelni çykdy. Gelin meni görüp, badyny biraz haýalladyp, ýaşmagynyň ujuny dişläp, başyny atyp, edep bilen salamlaşdy. Soň men öz ýolum bilen boldum, olam ýaňy aýak biten posalajyk oglunyň elinden tutup, howlukman ýöräp gitdi. Şol görnüşden ýadawlygym egsilen ýaly boldy. Öz ýanymdan: «Tüweleme, goňşymyň edaly, maýa ýaly gelni bar, gözden-dilden gorasyn...» diýip, dileg etdim. Halk içinde: «Gaýyn-gelniň topragy bir bolarmyş» diýilýändir. Ýöne şol «toprak» diýilýäni bir gysym gum däl-de, göwün topragy bolmaly. Onda bitýän sylaşyk miweleri öýüňi agzybir, ojagyňy rysgally edýär. Biziň her birimiz gaýynene bolmak mekdebini ýaş gelinlik döwründen okap başlaýarys. Gezek gelende-de, bu agzybirlik sapagyny öz gelinlerimize öwredýäris. «Gelin gelin däl, gelen ýeri gelin» diýýändir könelerimiz. Özüm gaýynene bolan günüm bu jümläniň manysyna doly göz ýetirdim. Elbetde, gelin bolup bosagaňdan ätlän çagany öz edebiňe salmaly, öz öýüň girim-çykymyny öwretmeli, bilýänjäňi paýlaşmaly, ýalňyşlardan goramaly. Ýöne gaýyn bolmagyňam özüne ýetik inçe syrlary, syny, edebi bar. Indi seredip otursam, özüm täze gelin bolup durmuşa çykyp gelenimde, gaýynenemdir gaýynatam o diýen uly ýaşly däl hem bolsa, biziň üçin ýaşuludy, ene-atady. Ene-atalyk bolsa, ýaşyňa görä däl-de, edebiňe, ag