"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Saglyk — rowaçlygyň binýady

Ynsan saglygy ýurt baýlygyna deňelýän eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda uly tagallalar edilýär. Halkymyz «Sag başym — soltan başym» diýýär. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa: «Dürdür bu janyň lezzeti//Saglyk onuň soltanydyr» diýip ýazypdyr. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýok etmek babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan saglyk maksatly döwrebap binalar halkymyza hyzmat edýär. Dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde bereketli türkmen topragynda bitýän ösümliklerden giňden peýdalanylýar. Garagum sährasynda ösýän ösümlikleriň aglabasy dermanlyk häsiýetlidir. Pederlerimiz ynsan saglygyna peýdaly otlary öwrenip, olary halk lukmançylygynda ulanypdyrlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen tebigatyndaky melhem otlaryň ösýän ýerleri, dermanlyk häsiýetleri, olaryň taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen topragynda ösýän 2 müňden gowrak dermanlyk ösümligiň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den köpüsiniň Türkmenistanyň floras

Arkadag sahawaty — haýyr işlere dowamat

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek, howandarlyga mätäç ýaşajyk raýatlara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär. Bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde Milli Liderimiziň hut öz başlangyjy boýunça döredilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw-hemaýatlary, şeýle-de Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň alyp barýan ynsanperwer işleri örän ähmiýetlidir. Bu sagaldyş-dikeldiş merkezi çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş (reabilitasiýa) çärelerini geçirmek, hossarlyga we howandarlyga mätäç, akyl we beden taýdan ösüşine itergi zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek, olara saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenip, ol hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda — Arkadag şäheriniň dabaraly

Döwrebap lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar, hassahanalarda, saglyk öýlerinde lukmançylygyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurdaky işlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy-da mynasyp goşant goşýar. Golaýda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna-da Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi günbatar sebitiň ýaşaýjylaryny örän begendirdi. Täze lukmançylyk enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabara ady agzalan gaznanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de sebitiň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin berdi. Çagalar döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Soňra lukmanlaryň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna saglygyny dikelden çagalaryň ene-atalarynyň çykyşlaryna orun berildi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagym

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

29-njy maýda Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda bu saglyk merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Milli Liderimiziň göreldesi — dünýä nusgalyk (Ýaş žurnalistiň sözi)

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni. Dünýä jemgyýetçiligi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasyna öwrülen bu baýramy indi ýedinji gezek garşylaýar. Iki tigir, pedal, tutawaç, çarçuwa — döredilen gününden bäri üýtgemedik şeýle ýönekeý gurluşly welosiped ýer ýüzündäki millionlarça adam üçin amatly ulag serişdesi boldy. Dynç alyş, bedenterbiýe ýa-da gatnaw üçin bolsun, tapawudy ýok, sadaja dizaýny bilen meşhurlyk gazanan welosiped wagtyň synagyndan üstünlikli geçdi hem-de ol adamzat taryhynda iň giňden ulanylýan we umumy ykrar edilen oýlap tapyşlaryň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.

Çilimiň zyýany

Çilim çekmek dünýäniň köp döwletlerinde giňden ýaýran zyýanly endikleriň biridir. Çilim ony çekýäniň-de, onuň daş-töweregindäki adamlaryň-da saglygyna uly zyýan ýetirýär. Çilimkeşlik köp adamlaryň agyr kesellemegine we maýyp galmagyna sebäp bolýar. Çilim işdäňi kesýär, iýmit siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazanyň, gyzylödegiň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralarynyň, howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Çilimkeşleriň arasynda dodagyň, diliň, bogazyň we öýkeniň täze döremeleri, ateroskleroz, miokardyň infarkty has ýygy duşýar. Çilim çekýänleriň arasynda dürli kesellere duçar bolmak howpy ýokarydyr.

Etrap hassahanasyna döwrebap lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi mynasybetli geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, sebitiň saglygy goraýyş işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary oňa aýratyn bezeg berdi. Döwrebap aýdym-sazlarda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwrüniň, Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  amala aşyrýan il-ýurt bähbitli  beýik işleriniň waspy beýan edildi. Çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Welosiped sürmegiň peýdasy

Welosiped sürmek aýaklarymyzyň myşsalaryny berkitmäge ýardam edýär we çydamlylygyny artdyrýar, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Beýnidäki we beýleki agzalardaky öýjüklere barýan gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, immunitetiň berkemegine peýda edýär. Welosiped sürmek gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin hem örän peýdalydyr. Aýaklaryň pedalda hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşyň tizleşmegine, mikrosirkulýasiýanyň gowulanmagyna, westibulýar apparatyň türgenleşmegine, kiçi çanaklykda gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär. Bu erkeklerde köp duşýan adenomanyň öňüni almagyň iň ygtybarly serişdeleriniň biridir.

Sagdynlygyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmakda ähmiýetli işler alnyp barylýar.  Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy»  raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn jemgyýetimizi mundan beýläk-de berkitmäge oňyn täsirini ýetirýär. Ilatymyza temmäkiniň zyýanly täsirlerini düşündirmek maksady bilen, lukman maslahatlarymyzy hödürleýäris.

Sagdyn durmuşyň sakasy

Halkymyz ir döwürlerden bäri temmäki, çilim ýaly ýaramaz endiklerden daşda durup, oňa ýykgyn edenleri-de berk ýazgarypdyr. Ajaýyp döwrümizde nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek maksady bilen, ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk kämilleşdirilýär. Kabul edilýän döwrebap kanunlar çilimiň we beýleki ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegi, temmäkä garşy göreşmegi, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmagy maksat edinip, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda, talyplaryň we ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-ündew, düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Olarda çilimkeşligiň adam saglygyna ýetirýän zyýany giňden düşündirilýär. Bu çäreleriň ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Oňa saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy göreş çäreleri alnyp barylýar. Şeýle çäreler jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny gazanmak ýaly işler bilen utgaşdyrylýar. Çilimkeşlige garşy göreşmek, ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada maksatnamalaryň, kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak meselesiniň ileri tutulýandygynyň  subutnamasydyr.

Lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

Düýn Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda bu saglyk merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ady agzalan gaznanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de gündogar sebitiň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, täze gelip gowşan enjamlar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynda öndürildi. Meşhur german kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamlary dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu enjamlar dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.

Sahawat — şepagat

Allanur SARYÝEW,Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň umumy II hirurgiýa bölüminiň hirurg lukmany: — Ýurdumyzda çagalaryň sagdynlygy we sazlaşykly ösmegi, saglyklaryny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, howandarlyga mätäç çagalara hem yzygiderli üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer işleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

Geljegiň şäherinde bagtyýar geljegimiz

Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bütin dünýä äşgärdir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmekde ähli mümkinçilikler we şertler bar. Mümkinçiligi çäkli çagalara ilki kabul ediş işleri ýola goýlup, inçe hünärli hünärmenleriň barlaglaryndan geçirilýär. Şol barlag işleriniň netijeleri alnandan soň, çaga degişli bejergi bellenilýär.

Döwrebap merkez

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ähli lukmanlara uly gollanma boldy. Munuň özi berkarar ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, belent tutumlaryň buýsanjymyz bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Diýarymyzda bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy.

Sagdyn beden — sagdyn ruh

Ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramakda we sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirmekde, olaryň zyýanly endiklerden daşda durup, watansöýüji ýaş nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda Arkadag şäherinde ýerleşýän saglygy goraýyş edaralarynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we onuň hyzmatdaş döwletleri Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününi belläp geçýärler. Maý aýynda her ýylda geçirilýän temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlyga badalga berildi. Biraýlygyň çäklerinde Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, sport ýaryşlary geçirilýär. Olarda temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirýän dürli şygarlar, wideorolikler, suratlar görkezilýär. Geçirilýän biraýlygyň esasy maksady adama çilimiň beden, ruhy, durmuş taýdan ýetirýän zyýanyny düşündirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmekden ybaratdyr.

Saglyk sahawaty

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýat köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamlarynyň ikisi sowgat berildi. Bu şatlykly waka mynasybetli düýn welaýat köpugurly hassahanasynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de köpsanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabara haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alyp, saglygyny dikelden çagalaryň we olaryň hossarlarynyň gatnaşmaklary has-da guwandyryjy boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenilen bu kämil lukmançylyk enjamlary dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär.

Ruhubelentligiň gözbaşy

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Saglyk, sport, ekologiýa abadançylygy hem-de durnukly ösüş biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler. Ýurdumyzda sagdyn durmuş, daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, bütindünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlaryň birnäçesi, şol sanda watandaşlarymyzyň müňlerçesini birleşdirýän welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek däbi ýola goýuldy.

Jana zulumdyr çilim

Adamyň sagdyn we uzak ýaşamagy köp derejede onuň özüne bagly. Munuň üçin ýaramaz pişelerden daşda durmaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Ýöne, nebsimiz agyrsa-da, öz saglygyna biperwaý seredýänlerem, çilim çekýänlerem ýok däl. Çilim bolsa adamyň saglygynyň ganym duşmany, janyna zulumdyr. Onuň düzüminde zyýanly maddalaryň müňlerçesi bolup, olar adamyň saglygyna ýykgynçylykly täsir edýär. Çilimi yzygiderli çekýän adamlaryň degna ulgamy gowşak, ukusy ýaramaz bolýar. Olaryň tiz gahary gelýär, pikirlenmesi pes bolýar. Şeýle-de olar özlerini biperwaý alyp barýarlar, häsiýetleri bolsa durnuksyzdyr. Çilimkeşler degna keselleri bilen köp keselleýärler. Çilimiň zyýany diňe ýokarda beýan edilenler bilen tamamlanmaýar. Ol adamyň dem alyş ulgamyna zeper ýetirip, bronhit, öýken çişmesi ýaly howply keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin bu howply we bet pişeden daşda duruň! Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanyň! Şonda ömrüňiz manyly, bedeniňiz sagdyn bolar.

Saglyk ulgamynyň kanunçylyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynda halkymyzyň saglygy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Sebäbi jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek babatda kabul edilýän kanunlar adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Döwrebap kanunlar alkogolyň, çilimiň we beýleki ýaramaz närseleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek bilen, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlaryň saglygyny goramaga, nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagyna gönükdirilendir. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň subutnamasydyr.