Almanyň saglyga peýdasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek saglygymyzyň girewidir. Şunda sagdyn iýmitlenmek hem örän möhümdir. Sagdyn iýmitlenmek kadaly iýmitlenmekdir. Oňa peýdaly miweleri iýmek hem degişlidir. Ynsan saglygyna peýdaly miweleriň biri hem almadyr. Alma ynsan ýaşaýşynda uly orun tutýar. Ol saglyga peýdaly, keselleriň öňüni almaga ýardamly, bejeriş häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Almanyň eti sowuklama, bakteriýalara, skleroza garşy, iç sürüji, peşew ýörediji, gakylyk gopduryjy, derlediji, ýara bitiriji, öt çykaryjy, ýatkeşligi gowulandyryjy täsirlere eýedir. Ol gan öýjükleriniň döreýiş, ösüş, kemala geliş hadysalaryny tijendirýär. Almanyň düzümindäki kaliý ýüregiň işini kadalaşdyrýar, pektinler bolsa içegeden zäherli maddalary, bakteriýalary, holesterini çykarýar. Bu miwe uzak wagtlap saklananda-da, düzümindäki maddalaryň täsiri ýitmeýär, pektin bolsa almanyň gabygynda-da köp saklanýar. Şonuň üçin onuň gabygyny artman iýmek peýdalydyr.