Ynsan saglygynyň aladasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ilatyň saglygyny goramaga berýän içgin ünsi we bu ugurda durmuşa geçirýän giň göwrümli işleri, ylaýta-da, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çägindäki çäreler munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, gözel Diýarymyzyň ak mermerli paýtagtynda iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, welaýatlarymyzda dünýä meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalaryň, saglyk öýleridir merkezleriň gurulmagy netijesinde saglygy goramagyň milli ulgamy kämilleşdi. Şeýle bolansoň, bu gün ildeşlerimiz döwrebap saglygy goraýyş hyzmatlaryndan netijeli peýdalanýar.