"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: – Ýeňiş gazanmak siz bilen, alkyşlamak biz bilen!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda sportuň, şol sanda onuň futbol görnüşiniň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan uly üns berlip, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň çempiony, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolan Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etmegi hem-de topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrmagy, şeýle-de, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda,

Şa serpaýy – uly ynam

Geçen ýylyň 27-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen halkara ýaşlar forumynyň çäginde Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijileri hem-de olaryň tälimçileri ak awtoulaglar bilen sylaglanyldy. Biz Şa serpaýyndan paýly bolan ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik. Dörtguly TEJENOW,

Watana Söýgi –ähli üstünlikleriň gözbaşy

Futzal — sportuň ýaş görnüşleriniň biri. Muňa garamazdan, ol millionlaryň oýny hasaplanýan futboluň hem muşdaklarynyň köp bölegini özüne çekýär. Sportuň bu görnüşi boýunça ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatyna, şeýle hem, Kubok bäsleşigine köp sanly janköýerleriň ýygnanmagy bu hakykaty aňryýany bilen subut edýär. Biziň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulow bilen bu günki gürrüňdeşligimiz hem täze ýyldaky ilkinji söhbetdeşlik bolmak bilen, ýurdumyzyň futzaly, ony has-da ösdürmek bilen bagly meselelere syrygdy. – Annanur, sizi türkmen futzalynyň ilkinji kerpiçleriniň goýulýan döwründen bäri tanaýarys. Türkmenistanyň IIM-niň «Asudalyk» toparynda çykyş edeniňizem janköýerleriň ýadynda bolsa gerek. Söhbetimize futzala gelşiň baradaky gürrüňden başlaýaly.

Futbol täzelikleri

Ýakynda 26-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy bilen geçen futbol möwsüminiň jemi jemlenildi. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda «Şagadam» bilen «Ahal» toparlary duşuşdylar. «Şagadam» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary futbol çempionatymyzyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda çempionlyk gazanmagy başardy. Çempionatyň jemi boýunça ikinji, üçünji orunlary «Altyn Asyr» hem-de «Nebitçi» toparlary eýelediler.

Taryhda şu gün

Şol gün geçirilen duşuşykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazanan «Filadelfiýa Flaýers» topary yzygiderlilikde ýeňlişsiz geçiren duşuşyklarynyň sanyny 35-e ýetirdi. «Uçarmanlar» 1979-njy ýylyň 14-nji oktýabry bilen 1980-nji ýylyň 6-njy ýanwary aralygynda geçiren duşuşyklarynda 25 ýeňiş gazanyp, 10 duşuşygy deňlikde tamamladylar. Şol möwsümi şowly geçiren «Filadelfiýa Flaýers» topary Stenliniň Kubogynyň finalyna ýetmegi başarýar. Finala barýan ýolda olar «Edmonton Oýlerz» (4:0), «Nýu-Ýork Reýnjers» (4:1) hem-de «Minnesota Nort Starz» (4:1) toparlaryny ýeňlişe sezewar edýärler. Aýgytlaýjy duşuşykda bolsa alty duşuşygyň netijesinde «Nýu-Ýork Aýlenders» toparyndan asgyn gelýär.

TFF-de 2023-nji ýylyň jemi jemlenildi

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlenildi. Onuň netijesinde sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine garaldy. Ses berlişigiň netijesinde «Ahal» toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsümde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy. Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen topar» ugrundaky baýraga «Altyn Asyr» topary mynasyp boldy.

Çekeleşikli bäsleşik

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebinde 2010 — 2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda basketbol boýunça şu mekdebiň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda tälimçi Meýlis Gadamowyň tälim berýän topary birinji orna mynasyp boldy. Rahymbaý Durdybaýewiň topary ikinji, Muhammet Ödäýewiň topary üçünji orunlara eýe boldular.

Sport

Geljekki Watan goragçylarynyň üstünlikleri Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi  tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça Daşoguz welaýatynyň Kubogyny almak ugrunda birnäçe ýaryşlar geçirildi. Geçirilen ýaryşlarda Amangeldi Gurdowyň ýolbaşçylyk edýän ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary hem üstünlikli çykyş etdiler. Olardan kýokuşinkaý karateniň kumite görnüşi boýunça 60 kilograma çenli agram derejesinde Wepa Ilgeldiýew 1-nji we 2-nji orunlara mynasyp boldy.

PSŽ-niň 12-nji Super Kubogy

Fransiýanyň Super Kubogy duşuşygynda çempion PSŽ bilen Kubogyň eýesi «Tuluza » duşuşdy. Pariždäki «Park de Prens» stadionynda geçirilen oýunda PSŽ 2–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Turuwbaşdan oýnuň jylawyny elinde saklan parižlileriň gollaryny 3-nji minutda Li Kan In hem-de 44-nji minutda Kilian Mbappe geçirdi. Şunlukda, PSŽ topary bassyr 2-nji, umumylykda- da 12-nji gezek Fransiýanyň Super Kubogyny gazanmagy başardy. PSŽ topary 2013-nji ýyldan soň diňe 2021-nji ýylda bu kubogy gazanyp bilmedi. PSŽ ondan öňem 1995-nji we 1998-nji ýyllarda bu kubogy eýeläpdi. Ispaniýaly tälimçi Luiz Enrike PSŽ-däki ilkinji kubogyny asmana göterdi. «Tuluza » topary bolsa 1957- nji ýyldan soň 2-nji gezek Super Kubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

«Real Madrid» bilen «Žirona» arany açýar

Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Liwerpul » öz meýdançasynda «Nýukasly » 4–2 hasabynda ýeňdi. Salahyň 1 penaltini dürs urup bilmedik oýnunda müsürli ýyldyz 2 gol geçirip, 1 goluň pasyny berdi. 151–152-nji gollaryny geçiren Salah «Premier Ligada » bir klubuň düzüminde 150-den köp gol salan 5-nji futbolçy boldy. Soňky 5 duşuşykda 3-nji gezek utulan «Arsenal » London derbisinde «Fulhamdan » öňe geçendigine garamazdan 2–1 hasabynda asgyn geldi. «Fulham » topary 9 ýyldan soň «Arsenaly » ilkinji gezek ýeňmegi başardy. «Mançester Ýunaýtediň » myhmançylykda «Nottingam Forestden » 2–1 hasabynda utulan tapgyrynda «Mançester Siti » öz meýdançasynda «Şeffild Ýunaýtedden » Rodri hem-de Alwaresiň gollary esasynda üstün çykdy. «Luton Tawny » 3–2 hasabynda ýeňen «Çelsi » möwsümdäki 8-nji ýeňşini gazandy. Golsuz tamamlanan «West Ham»–«Braýton » duşuşygynda meýdança çykan Jeýms Milner «Premier Ligada » 632-nji duşuşygyny geçirip, 2-nji ýerdäki Raýn Giggs bilen deňleşdi. Şeýle- de, 2002-nji ýyldan bäri «Premier Ligada » çykyş edip gelýän Jeýms Milner bassyr 23 möwsüm Angliýanyň iň uly ligasynda oýnap, bu babatda Giggsiň rekordyny gaýtalady. Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Real Madrid » öz meýdançasynda «Malýorkany » kynlyk bilen ýeňdi. Birnäçe pursady elden gideren madridlilere ýeňiş getiren ýeke- täk goly 78-nji minutda Rüdiger geçirdi. «Real Madridiň » söbügini basyp barýan «Ž

Şu gün 46-njy Dakar Rallisine badalga berler

Şu gün 46-njy gezek geçiriljek Dakar Rallisine badalga berler. 5-nji gezek Saud Arabystanynyň çäginde geçirilýän ýaryşyň synag tapgyry şu gün guralar we ertirden başlap, resmi bäsleşikler ýola goýlar. Ýaryş ýurduň Al-U’la gadymy şäherinden badalga alar we 19-njy ýanwarda Ýanbu şäherinde tamamlanar. 400-den gowrak sürüjiniň gatnaşýan ýaryşy jemi 12 tapgyrdan ybarat bolar. 13-nji ýanwar sürüjileriň dynç güni bolup, olar tapgyrlaryň arasyndaky aralyklary hasaba alanyňda, umumylykda 7 müň 891 kilometrlik ýol geçerler. Ýöne onuň 4 müň 727-si ýaryşa degişli bolup, bu ýyl Dakar Rallisiniň maksatnamasyna 2 günlük marafon bäsleşigi hem girizildi. Sürüjiler umumylykda ulaglaryň 8 görnüşi (motosikl, ýeňil ulaglar, ýük ulaglary, kwadrasikl, T3, SSV, nusgawy ýeňil ulaglar, nusgawy ýük ulaglary) boýunça bäsleşerler. Dakar Rallisinde şu wagta çenli iň köp fransiýaly Stefen Piterhansel ýeňiş gazanyp, ol ýeňil ulag görnüşinde 8, motosikl bilenem 6, jemi 14 gezek çempion boldy.

AFK Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri çekildi

Malaýziýanyň paýtagty Kuala- Lumpurda AFK Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, Günbatar zolakda Özbegistanyň «Nasaf » topary BAE-niň «Al-Ain» topary bilen bije çekişdi. Iki arap kluby hem bije çekişip, «Al Faýha » bilen Ronaldonyň çykyş edýän «Al Nassr» topary duşuşar. Eýranyň «Sepahan » toparynyň bijesine Saud Arabystanynyň «Al Hilal » topary çykdy. Özbegistanyň «Nawbahor » topary- da Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad » topary bilen çärýek finala çykmak üçin özara güýç synanyşarlar. Gündogar zolakda- da Günorta Koreýanyň «Çeonbuk Hýundai Motors » topary bilen ýurduň başga bir kluby «Phohan Stilers » duşuşar. Başga bir koreý kluby «Ulsan Hýundai » bilenem ýapon kluby «Wentforet Kofu » toparyözara bije çekişdi. Hytaýyň «Şandon Taişan » toparynyň bijesine- de Ýaponiýanyň öňdebaryjy klublaryndan «Kawasaki Frontal » çykdy. Tailandyň «Bangkok Ýunaýted » kluby bilenem ýaponlaryň «Ýokohama F. Marines » topary çärýek final ugrunda 1/8 finalda duşuşarlar. 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary 12–14-nji fewralda, jogap oýunlary- da 19–21-nji fewralda geçiriler. Günbatar zolag y «Nasaf » (Özbegistan) – «Al-Ain» (BAE) «Al Feýha » (Saud Arabystany) – «Al Nassr» (Saud Arabystany) «Sepahan » (Eýran) – «Al Hilal » (Saud Arabystany) «Nawbahor » (Özbegistan) – «Al-Ittihad » (Saud Arabystany) Gündogar zolag y «Çeonbuk Hýundai Motors » (Günorta Koreýa) – «Phohan Stilers » (Güno

Ugur — dünýä çempionaty

Şatlyk Rahmanowyň ady sport janköýerlerine öňden mälim. Çünki ol sportuň pauerlifting görnüşi boýunça birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Ondan daşary hem halkara ýaryşlara gatnaşyp, güneşli Diýarymyza baýrakly dolanyp geldi. Şatlyk 2023-nji ýylyň noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde pauerlifting boýunça geçirilen Aziýa ýaryşynda hem 120 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş edip, Aziýanyň absolýut çempiony boldy we 2 sany altyn medal gazandy. Aziýanyň 22 döwletinden türgenleriň uly toparynyň gatnaşmagynda geçirilen abraýly ýaryşda garşydaşlaryndan üstün çykan türgen, ýaryşyň düzgünine laýyklykda, üç görnüşde, ýagny oturyp-turmak maşky boýunça 280, ýatyp galdyrmak maşky boýunça 200, ýarym boý götermek maşky boýunça hem 280 kilogramy, umumylykda alanyňda, 760 kilogramy göterip, iki sany altyn medala mynasyp boldy. — Tälimçiniň aýdany her bir türgen üçin kanun. Çünki tälimçi türgeni gowy tanaýar. Onuň haýsy agram derejesinde üstünlik gazanyp biljekdigini duýýar. Ol şonuň esasynda hem ýörite okuw-türgenleşik maksatnamasyny taýýarlaýar. Ahyrky netijede çekilen zähmet, edilen azap ýerine düşüp, yhlasyň myrat tapýar.

Ýe­ňi­ji­le­re ak ulag­lar

Ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly türk­men ýaş­la­ry­nyň dö­şü­ne al­tyn­dan bagt dak­dy. Ýaş­lar hem, öz ge­ze­gin­de, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, ýe­ňiş­le­ri bi­len ýy­lyň şa­ny­na şan goş­du­lar. Şeý­le­lik­de Wa­tan per­zent­le­ri­ni, per­zent­le­ri bol­sa Wa­ta­ny­ny beý­gelt­diler. Hem ýaş­la­ry­my­zyň, hem döw­le­ti­mi­ziň şa­ny­na şan go­şan wa­ka­la­ryň iň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri ge­çen ýy­lyň no­ýabr aýyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da tür­gen­le­ri­mi­ziň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­dir. Çem­pio­nat­da mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň we­ki­lleriniň ählisi me­dal­la­ra my­na­syp bol­dy. Ola­ryň 5-si­ne «Dün­ýä çem­pio­ny» di­ýen ar­zy­ly adyň eýe­si bol­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di. 27-nji de­kabr­da paý­tag­ty­myz­da Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­hat­da bol­sa dün­ýä çem­pi­on­la­ry­na we ola­ryň tä­lim­çi­le­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ýe­ňil aw­tou­lag­la­ryň açar­la­ry gow­şu­ryl­dy. Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň ge­çi­ril­ýän gün­le­rin­de we­la­ýa­ty­my­za Şa ser­paý­la­ry bi­len do­la­nyp ge­len tä­lim­çi­ler­dir tür­gen­ler kal­by­na do­lan buý­san­jy şeý­le söz­ler bi­len be­ýan et­di­ler: Şi­rin KU­BA­ÝE­WA, Türk­menabat şä­he­rin­dä­ki 7-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si:

Bedeni berkitmegiň mekdebi

GADYMY TÄLIM BERIŞ USULY Teleýaýlym bir zenan türgeniň egninde elli kilogramlyk goýny göterip, altmyş gezek oturyp-turup, erkeklerden hem öňe saýlanyp, ýeňiji bolanyny mälim etdi. Ýeňşiniň sebäbini soranlarynda, ol özüniň ýaşlykdan dzýudo sporty bilen türgenleşendigini aýtdy.

Tutanýerli göreş — ynamly ýeňiş

Ýakynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýurdumyzyň Kubogyny almak ugrundaky jemleýji bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary, borçnama boýunça harby gullugyň starşinalary Annageldi Rahymowyň, Maksat Ödäýewiň, kapitan Mülkaman Sahadowyň taýýarlan türgenleri hem işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar. Bäsleşikde karateniň kumite görnüşi boýunça uly leýtenant Güýç Gökow final tutluşygynda 1-nji, borçnama boýunça harby gullugyň seržanty Şatlyk Tekäýew 2-nji orny eýelediler. Şeýle-de esgerler Şöhrat Gaýypow, Parahat Çaryýew, Meýlis Hojamuhammedow dagy final tutluşygyna çykmak mümkinçiligini elden gidirip, baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Karateniň kata görnüşi boýunça görkezme çykyşlarynda kapitan Mülkaman Sahadow 29 — 45 ýaşly türgenleriň arasynda çykyş edip, 3-nji ornuň eýesi boldy. Şeýle-de harby talyp Begenç Taňrygulyýew we esger Atabaý Çemenow dagy 3-nji orunlary eýeläp, hormat münberine çykmagy başardylar. Ýeňiji bolan türgenler Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň Hormat hatlary, medallary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Ussat türgenler ýeňiş gazandy

Ýaňy-ýakynda sportuň hapkido görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Onda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary Amanmyrat Gökow 60 kilogram agram derejesinde 1-nji orny we kubogy, Tirkiş Begiýew 65 kilogram agram derejesinde 3-nji orny eýelemegi başardylar. TGM-niň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň harby okuwçylaryndan Dawut Jumabaýew 55 kilogram agram derejesinde 1-nji orna we kuboga, Menzil Jumaýew 65 kilogram agram derejesinde, Ýakup Öwezow 60 kilogram agram derejesinde 2-nji, Ybraýym Begliýew, Kabul Kabulow, Mekan Atajanow dagy dürli agram derejelerinde 3-nji orna mynasyp boldular.

Yhlasa — myrat

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde adaty karate boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirildi. Oňa Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle-de Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Ýaryşa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Aşyrmyrat Atajanow hem gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başardy. Ol sportuň fuku-do we ku-do görnüşleri boýunça 2-nji, şahsy, toparlaýyn tutluşyklarda hem-de şahsy kata boýunça 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan türgenimize Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat haty, medaly we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ezberler öňe saýlandy

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň Karate-do görnüşi boýunça XIII uniwersiada geçirildi. Bu çekeleşikli bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde harby talyplar Myrat Saryýew 1-nji, Daýanç Keletliýew, Arslan Babanazarow 2-nji, Abdylla Nurgyljow, Şatlyk Esenow, Annanur Tagansähedow 3-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleri boýunça Harby institutyň topary 2-nji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Karate-do federasiýasy tarapyndan Hormat hatlary, medallar, kubok we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport äleminiň ýyldyzy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Sport adamyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny şertlendirmän, eýsem halklary ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän güýçdür» diýip, parasatly belleýşi ýaly, täze taryhy eýýamda sport köňülleri birleşdirýän güýje öwrüldi. Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolandygy baradaky hoş habaryň beýan edilmegi bagtyýar halkymyzda uly hoşallyk duýgusyny döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik yhlasyndan bina bolan ajaýyp şäheriň «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolmagy ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem sportuň futbol görnüşiniň ösdürilmegine aýratyn uly üns berýär. Futbol indi birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurtlary, halklary ýakynlaşdyryp, jebisleşdirip gelýän ajaýyp sport görnüşleriniň biridir. Geçen ýylyň 4-nji maýynda Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti (FIFA) Janni Infantinonyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi türkmen futbolynyň taryhynda möhüm waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygynyň geljekde T