3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Ýene-de 2 ýyldan, has takygy, 2026-njy ýylda ABŞ, Kanada hem-de Meksikada geçiriljek 23-nji FIFA Dünýä Kubogynyň Aziýa zolagynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi. 2-nji tapgyrda şowly çykyş eden 18 ýygyndy 3-nji tapgyrda 3 toparça paýlandy. Her toparçada 6 topar bolup, olaryň hersinden 2 ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşar. 3–4-nji orunlary eýelänler 4-nji saýlama tapgyra gatnaşar. 4-nji tapgyrda-da 6 ýygyndy 2 toparça bölüner we her toparçanyň ýeňijisi Dünýä Kubogy 2026-nyň wekili bolar. 4-nji tapgyryň toparçalarynda 2-nji ýeri alanlar pleý-off oýnuny oýnar we ýeňiş gazanan ýygyndy başga bir yklymyň wekili bilen duşuşar. Mahlasy, Aziýadan azyndan 8 ýygyndy gatnaşar we 9-njy ýygyndy bolsa yklymlararasy pleý-off duşuşygyndan soň gatnaşmak hukugyny gazanyp biler. Aziýa zolagynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary – 1-6-njy duşuşyklar şu ýylyň güýzünde (5-nji, 10-njy sentýabr, 10-njy, 15-nji oktýabr, 14-nji, 19-njy noýabr), galan 4 duşuşyk bolsa geljek ýylyň mart (20-nji, 25-nji mart) hem-de iýun (5-nji, 10-njy iýun) aýlarynda geçiriler. Bijä laýyklykda, «A» toparçada Eýranyň, Kataryň, Özbegistanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň, Demirgazyk Koreýanyň, «B» toparçada Günorta Kore