Gözelligiň sazlaşygy
Sport we sungat göräýmäge bir-birinden tapawutly düşünjeler ýaly görünse-de, olaryň arasynda berk baglanyşyk bardyr. Türgenleriň hereketleriniň gözelligini, döredijilikli çemeleşmä esaslanýan çykyşlaryny sungata deňemek bolar. Sungat ussatlary hem gözellik döredip, adamlara ruhy lezzet paýlamakda sportdan üzňe bolmaýar. Öz gezeginde, meşhur türgenler tanymal suratkeşleriň, aýdymçylaryňdyr sazandalaryň, ýazyjylaryň eserlerinden ylham alýarlar. Joşgunly sazlar türgenleşiklerde, sport ýaryşlaryndaky duşuşyklaryň arakesmelerinde giňden peýdalanylýar. Iri sport baýramçylyklarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny bolsa sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan, köp sanly adamlaryň gatnaşmagynda guralýan giň gerimli teatrlaşdyrylan sahnalardan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Şonuň ýaly-da, gadymyýetden häzirki güne çenli dürli döwürlerde döredilen sungat eserlerinde sport giňden şöhlelenýär. Başgaça aýdylanda, gadymy küýze bölekleriniň ýüzünde Olimpiýa oýunlaryndaky türgenleriň şekillendirilmeginden başlap, häzirki döwürdäki sporta bagyşlanan kinofilmler sungat dünýäsinde ajaýyp eserleriň döredilendigini görkezýär.