Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy: «Ýaşyl» ösüş. Wodorod energetikasy. Döwrüň zerurlygy

5 Maý 2022
1502

Üns berýän bolsaňyz, soňky ýyllarda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň tejribesinde «ýaşyl» ösüş bilen baglanyşykly kän-kän täze düşünjelerdir adalgalar peýda bolýar. «Ýaşyl» ykdysadyýet, «ýaşyl» geljek, energiýanyň alternatiw görnüşleri, howanyň ählumumy maýlamagy we onuň täsirlerine uýgunlaşmak, ösüşi maliýeleşdirmek, pes uglerodly energetika, parnik gazlary, ozon gatlagynyň ýukalmagy, Pariž ylalaşygy, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny 1,5oC derejede saklamak, howa sammitleri, ekoişjeňlik... ýaly düşünjeler bu gün hemmeleri adamzadyň umumy öýünde howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan çökgünlige garşy bilelikde göreşmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Elbetde, «A» harpdan başlap, Aýa çenli baryp ýeten adamzadyň intellektual ukyp-başarnyklarynyň, adam aňy bilen döredilen innowasion tehnologiýalardyr nou-haularyň mümkinçilikleri tükeniksiz. Ýöne soňky onýyllyklarda tebigata ýetirilýän antropogen täsirler we howanyň ählumumy maýlamagy zerarly bolup geçýän hadysalar dünýä jemgyýetçiligini uly howsala saldy. Hut şu mesele hem «ýaşyl» geljegi gurmak babatda örän paýhasly, toplumlaýyn, sazlaşykly tagallalara zerurlygy barha artdyrýar.

«Daşky gurşaw hakynda aladalanmazdan, dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkin däl». Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gysgadan çuň manyny özünde jemleýän şu jümlesi halkara giňişlikde Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyny barha ilerletmegiň esasy çelgisi bolup öňe çykdy. Ekologik abadançylygy gazanmak arkaly adamlaryň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek, ahyrky netijede, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşant goşmak ideýasy bolsa onuň özenini düzýär.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar