Zehinli ýaşlar sylaglandy

11 Ýanwar 2022
1960

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna berýän ünsi netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman mekdepleriniň gurulmagy, ozaldan hereket edýän bilim ojaklarynyň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilmegi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimedia hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Muňa mekdep okuwçylarynyň dürli derejedäki ders we taslama bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri anyk mysal bolup durýar.

Ahal welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary bolsa, ýurdumyzda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we ylmy döredijilik bäsleşiklerinden başga-da okuw dersleri boýunça halkara onlaýn internet olimpiadalaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Okuwçy ýaşlarymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherindäki «Erudit» okuw-ylmy merkezi tarapyndan geçirilýän halkara dersara onlaýn internet olimpiadasynda gazanýan üstünlikleri has-da guwandyryjydyr. Kaka etrabyndaky orta mekdepleriň okuwçylary agzalan internet olimpiadasyna 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda has işjeň gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Şonuň bilen baglanyşykly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şu taryhy günlerinde etrabyň Medeniýet öýünde internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATDA: halkara onlaýn internet olimpiadasynyň ýeňijileri. Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar