Habarlar

22 Fewral 2021
1110

Ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar

Welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi hereket edip, olar ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle kärhanalaryň hatarynda «Türkmenbaşysuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyny görkezmek bolar. Onuň hünärmenleri her ýyl öz öňünde goýan meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edip, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, ekinleri suw bilen üpjün etmekde göwrümli işleri alyp barýarlar. Geçen ýyl dolanyşyk tarapyndan hojalygara suw akabalarynyň 195,2, hojalygara zeý suw akabalarynyň 85,97, içki suw akabalarynyň 265, içki zeý suw akabalarynyň 274,6 kilometrinde çuňaltmak we arassalaýyş işleri geçirildi.

Beýleki habarlar