Bagtyýar zenanlar — Watan buýsanjy

1 Fewral 2021
1364

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň we jemgiýetçilik guramalaryň jogapkär wekilleri, iri edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, talyp ýaşlar we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen zenanlar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn gazanylýan ösüşlere gelin-gyzlaryň goşýan saldamly goşandy dogrusynda giňişleýin söhbet edilip, geçen ýylyň dowamynda zenanlar birleşiginiň welaýat, etrap-şäher bölümleri tarapyndan alnyp barlan işleriň netijesi seljerildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda ýaş maşgalalary goldamak üçin döwlet tarapyndan döredilýän oňyn şertler we amatly mümkinçilikler dogrusynda hem giňden durlup geçildi. Halkymyzyň maşgala ojagynyň mukaddesligini goramak, onuň abadançylygyny gazanmak babatda nesilden-nesle geçip gelýän ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň häzirki döwürde wagyz-nesihat edilişi dogrusynda döwrüň öňde goýýan wajyp wezipelerine üns çekildi.

Beýleki habarlar