Badalga berlen işler

25 Ýanwar 2021
970

Golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baýramaly şypahanasynyň ýygnaklar zalynda TZB-niň Baýramaly şäher bölüminiň guramagynda “Öňe badalga berlen işler” ady bilen hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Onda geçen ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada şäherimiziň 3-nji orta mekdebiniň halypa mugallymy Akjagül Babakulyýewa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy TZB-niň şäher guramasynyň başlygynyň orunbasary Jennet Agaýewa, TAP-nyň şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa hasabat berdiler. Hasabat-saýlaw ýygnagyna medeniýet işgärleriniň, ýaş çeper höwesjeňleriň aýdym-sazly çykyşlary bezeg berdi. Guramaçylar tarapyndan 2020-nji ýylyň dowamynda şäher, welaýat, döwlet derejesinde üstünlik gazanan, jemgyýetçilik işlerini guramakda ýakyndan ýardam beren işjeň agzalara gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle hem bu çärede soňky wagtlarda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly işleri, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmegiň her birimiziň borjumyzdygy bellenilip geçildi. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň enelerimize, biz, zenanlara hormat goýup, uly mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin janynyň sag, başynyň dik bolup, alyp barýan ýurt ähmiýetli, il bähbitli işlerine alkyş sözleri aýdyldy.

Beýleki habarlar