Şekillerde — Watan waspy

25 Ýanwar 2021
1248

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Ata Watanym jan Türkmenistan» atly sergi guraldy. Halypa suratkeşleriň eserleri bilen başlanýan sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjowyň «Uzakdaky derweze», Ýakup Annanurowyň «Serhetçiniň maşgalasy», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Esgerler bilen duşuşykdan soň» atly eserleri hem bar.

Aşyr Nuryýewiň «Tälim öwreniş ýeri» atly eserinde suratkeş ýaş esgerleriň türgenleşikden soň, çäge depelerinde dynç alýan pursatlaryny şekillendiripdir. Olaryň harby lybaslarynyň ene topragymyzyň reňki bilen sazlaşykly beýan edilmegi hem watansöýüjilik terbiýesi bilen bagly uly ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Alekseý Şetininiň, Annameret Taganowyň heýkel eserlerinde Watan goragçylarymyzyň keşplerinde durmuşy oý-pikirleriň beýanyny görmek bolýar. Sergidäki eserler Watanymyza söýgini, buýsanjy, bagtyýar geljege bolan ynamy artdyrýar.

Söýün SÄHETGYLYJOW,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy-barlag bölüminiň müdiri. Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.
Beýleki habarlar