Milli synçylara şahsyýetnamalar gowşuryldy

24 Ýanwar 2021
1066

Şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny degişli kanunçylyga, milli demokratiýamyzyň ýörelgelerine laýyklykda geçirmäge welaýatymyzda ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Saýlawlara gatnaşjak milli synçylara degişli şahsyýetnamalaryň gowşurylmagy bolsa taýýarlyk işleriniň çäginde uly ähmiýete eýedir.

Ahal welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsümiň çäginde milli synçylara şahadatnamalary gowşurmak mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa welaýat saýlaw toparynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar