Çakyryk

17 Ýanwar 2021
1784

Hazyna deňelýän Garagum sährasynda çakyryk diýen täsin guş ýaşaýar. Oba ýerlerinde alaja togan diýip bir guş bardyr, serçedenem kiçiräk uçup-ylgap siňek, çybyn-çirkeý, ary ýaly mör-möjekleri çöpläp ýörendir. Guýrugy uzynja çalymtyl, kellesi gara, ganaty keseligine ak-çalymtyl guşjagaz. Çakyrygam şoňa meňzeşiräk çopan goşunyň töwereginde sazakdyr gandymyň, çerkezdir sözeniň düýbünde gatyrak ýerden çukur gazyp höwürtgeleýär. Adamy penalap ýaşaýanynyň sebäbi, onuň ýumurtgasydyr gyzyletenelerine ýylanam, zemzenem, gyrgydyr çaýçaňňalagam, syçançydyr göwenegem hyrydar.

Çopan goşunynyň töweregine bolsa, ýaňky ady agzalanlar gelip bilmeýär. Geläýse-de, çopanyň gazabyna duçar bolýar. Çakyrygam öz gezeginde çopanyň ýagşylygyny gaýtarmak üçin, gündiz ýatyp gijelerine-de sakyrtga, möý-içýan, çekirtge ýaly zatlary iýip, çopany goraýar. Eger ary ketegi duş gelse çakyryk hezil edip ukuda ýatan arylary çöpleýär. Gyzyl aryň ketegini dagy iş edinip köwläp-köwläp alýar. Çölde duýdansyz öňüňizde aýagy, çüňki uzynja, gözüniň daşy gara-ak, halkaly, arkasy, ganaty, döşi çäge pisint — melewşe-saryrak guş çyksa, tanap goýuň, ol çakyrykdyr. Çölde daňdan ilki bilen torgaý saýraýar. Ana şol wagt çakyryk çopan goşunyň töweregindäki suwdan ganyp, ganatyny jüýjeleriniň üstüne saýa edip, uka gidip, uzyn gün ýatýar.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy, mirasgär.
Beýleki habarlar