Oba hojalyk habarlary

12 Ýanwar 2021
1545

Taýýarlyk işleri ýokary depginde

Geçen ýyl döwlete «ak altyn» tabşyrmakda welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda meýilnamany üstünlikli berjaý eden Boldumsaz etrabynyň «Guýanagyz» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň şu ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemek baş maksady bolup durýar. Bu ýerde şu günler ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işleri geçirilýär. Hojalykda 200 gektardan gowrak meýdanda şüdügär sürümi, 160 gektar ýerde tekizleme işleri geçirildi. Daýhan birleşiginiň Saparberdi Begjanowyň, Döwran Allabaýewiň ýolbaşçylyk edýän 1,2-nji kärendeçiler toparlarynda bu işler doly geçirilip gutaryldy.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar