Şwe­si­ýa­da­ky şow­lu­lyk – ez­ber­li­giň ne­ti­je­si

9 Awgust 2024
111

Fut­bol – ýur­du­myz­da, şol san­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­da spor­tuň köp­çü­lik­le­ýin hä­si­ýe­te eýe bo­lan, giň ge­rim­de ýaý­ran gör­nü­şi. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne di­ňe bir bu ug­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­rin­de ýa-da sta­di­on­lar­da däl-de, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň sag­ly­gy di­kel­diş okuw-ter­bi­ýe­çi­lik top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş bo­la­nyň­da hem aý­dyň göz ýe­tir­ýär­siň. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ba­şyn­da top­lum­da ter­bi­ýe­len­ýän we onuň uçu­ry­my bo­lan og­lan­lar­dan yba­rat ki­çi fut­bol bo­ýun­ça to­par dö­re­dil­di. Be­den­ter­bi­ýe mu­gal­ly­my Gur­ban­ta­gan Yl­ýa­so­wyň tä­lim­çi­lik et­me­gin­dä­ki bu to­pa­ryň dö­re­di­le­nin­den bä­ri ge­çen gys­ga döw­rüň için­de ga­za­nan üs­tün­li­gi di­ňe be­re­kel­la my­na­syp­dyr.

Şu ýy­lyň mart aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýö­ri­te olim­pia­da mil­li mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy di­kel­diş okuw-ter­bi­ýe­çi­lik top­lum­la­ry­nyň to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ki­çi fut­bol bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýur­du­my­zyň çem­pio­na­ty bal­kan­ly tür­gen­le­riň aja­ýyp üs­tün­li­gi bi­len jem­len­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýar­dam ber­me­gin­de gu­ra­lan çem­pio­na­tyň oýun­la­ry Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 7-nji sport mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýär. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň to­pa­ry ýa­ryş­da­ky il­kin­ji du­şu­şy­gyn­da paý­tag­ty­my­zyň to­pa­ryn­dan 9:2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ýar. Soň­ra Ahal we­la­ýa­ty­nyň tür­gen­le­ri­ni 9:3, ma­ry­ly fut­bol­çy­la­ry 5:2, le­bap­ly gar­şy­daş­la­ry­ny 6:1 ha­sa­byn­da ýe­ňen bal­kan­ly fut­bol­çy­lar ýur­du­my­zyň çem­pio­ny di­ýen be­lent de­re­jä­ni eýe­le­me­gi ba­şar­ýar­lar. Çem­pio­nat­da 15 gol ge­çi­ren bal­kan­ly Jeý­hun Gur­ban­mu­ham­me­dow, el­bet­de, iň köp ta­pa­wut­la­nan oýun­çy­la­ryň ara­syn­da öňü­ne adam ge­çir­me­ýär.

Aşyr­ber­di GUR­BA­NOW.
Suratda: Balkan welaýatynyň saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň toparynyň futbolçylary.
Beýleki habarlar