Azyk senagaty: düýe çalynyň taýýarlanylyşy

23 Iýul 2024
139

Halkymyzyň durmuşynda derde derman düýe çalyna taý geljek içgi, megerem, ýok bolsa gerek. Häzirki döwürde — tomus günlerinde teşneligiňi gandyryjy bu içgini taýýarlamagyň tehnologiýasy has ýokary derejelere ýetirildi. Aýratyn hem, türkmen telekeçileri tarapyndan senagat taýdan gaýtadan işlenilip, ýörite gaplara gaplanylyp, söwda nokatlaryna iberilýän düýe çalynyň hyrydary hemişe ýetik.

Azyk senagatynda düýe çalyny taýýarlamagyň tehnologiýasynda ilki bilen, gönezlik taýýarlanylýar. Soňra şol gönezlik önümçilige iberilýär we ondan çal taýýarlanylýar.

Akjemal HOJAKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar