BOL HASYL UGRUNDA

20 Iýul 2024
293

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 135 müň gektar meýdanda ekilen gowaçadan 280 müň tonna «ak altyn» almagy maksat edinýän Ahal welaýatynyň pagtaçylary tutanýerli zähmet çekýärler. Gowaça ideg işlerini pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen utgaşykly alyp barmakda welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň edermen daýhanlarynyň çekýän yhlasly zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu etrap ýurdumyzyň iri etraplarynyň biri bolmak bilen, ýylyň-ýylyna ekinlerden ýokary hasyl öndürmekde uly üstünliklere eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda berjaý eden etrabyň janypkeş daýhanlary pagtaçylykda hem arzyly sepdigi nazarlaýarlar. Şoňa görä-de, olar şu günler gowaçalara ideg etmek işlerinde agrotehnikanyň kadalaryna berk eýerýärler.

Etrap boýunça gowaça ekilen 21 müň 900 gektar meýdanda ekin göwnejaý boý alyp, bol hasyl toplaýar. Hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleriniň gyzgalaňly alnyp barylmagy gowaça oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle işlerde etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň, M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri görelde bolýarlar. Bu hojalyklarda ekine zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşde biokärhanalarda köpeldilen altyngözlüjeleriň, trihogrammalaryň, gabrobrakonlaryň kömeginden netijeli peýdalanylýandygyny hem aýtmak gerek.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar