"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýyllar şöhrata beslenýär

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejede-de giňden bellenjek ýylynda we her ýyla mynasyp at goýmak däbine eýerilip, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan ruhlanylyp 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyň diýlip atlandyrylmagy türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrmakda, halkymyzyň Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek ýaly gadymdan gelýän asylly ýörelgesini dowam etdirmekde, milli ruhda terbiýelenen ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň giň we köptaraplaýyn döredijiligi ajaýyp zamanamyzda dünýä nusgalyk mekdepdir. Akyldaryň eserleriniň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy ýyllar geçdigiçe has-da nurlanýar, onuň çuň many-mazmuna ýugrulan goşgulary bu gün dünýä halklaryny özüne bendi edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyra belent sarpanyň nusgasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň bu goşgusynyň her bir setiriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, onuň ata Watana, ene topraga, türkmen edebiýatyna bolan söýgini beýan edýändigini nygtamak has-da ýakymly. Şonuň bilen birlikde-de, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň şahyryň edebi mi

Halkymyzyň akyldar şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasy belent derejelere göterilip, şirin dilli söz ussadymyzyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek bilen bagly tagallalar barha rowaçlanýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriniň sanawyna girizilmegi hem bu babatda aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Geçen gysga taryhy döwrüň dowamynda Milli Liderimiziň başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, akyldar şahyryň bahasyz edebi we pelsepewi mirasyny giňden wagyz etmekde buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna bagyşlanyp köp sanly çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar geçirildi, beýik akyldaryň şygyrlar diwany dünýäniň halklarynyň ençemesiniň dillerine t

Luw — berekediň ýyly

Ata-babalarymyz we dünýä halklary müçäniň her ýylyny bir jandar bilen atlandyrypdyrlar. Uly ynam hem ruhubelentlik bilen gadam basan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz müçenama boýunça Luw ýyly hasaplanýar. Luw mifiki häsiýetde bolup, ol ýerde ýöreýän, suwda ýüzýän, asmanda uçýan jandar bolupdyr. Halk arasynda aýdylýan bir tymsala görä, hökümdarlar müçenamany tertibe salmak üçin, on iki sany jandary pellehana çenli ylgadyp, haýsysy öň barsa şony müçede ýylbaşy etmek, beýlekilerine bolsa pellehana baran tertibine görä orun bermek kararyna gelipdirler. Ýyndamlykda Luwa taý geljegi ýok ekeni. Hemmelerden öňde barýan Luw ýolda suwsan ekinlere gözi düşüp, derýadan suw alyp, asmana pürküp, teşne topragy gandyrypdyr. Ýene ylgap barýarka, öňünde bir obany sil suwunyň basýanyny görüpdir. Luw joşup akýan suwy içine dartyp, aňyrsy-bärsi görünmeýän deňze pürküpdir. Jandarlar pellehana gelip başlapdyrlar. Luw haçan-da dördünji bolup ýetip gelýärkä, yzynda uly gykylyk eşidilipdir. Seretse, towşan kömege çagyrýar. Ol towşany möjekden halas edipdir we öz-özüni bäşinjä düşüripdir. Şeýdibem, bäşinji bolup pellehana gelipdir. Şonuň üçin, Gündogarda we türki halklaryň käbirinde Luw ygalyň, ýeliň, ekiniň ýardamçysy hasaplanypdyr.

Gyşyň gyzykly günleri

Häzirki wagtda çagalar üçin iň bir gyzykly we başdan geçirmeleriň döwri bolan gyşky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli tomaşa jaýlarynda we Döwlet sirkinde ýaş türkmenistanlylaryň bu döwürde wagtlaryny şadyýan hem-de medeniýetli geçirmekleri üçin ýörite çykyşlar taýýarlanyp, 10-njy ýanwara çenli her gün tomaşaçylara ýetirilýär. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň hödürleýän «Şadyýan wäşiler» hem-de «Ependi we onuň goňşulary» ýaly aýdym-sazly, degişme sahnalaryny tomaşa etmäge gelýänleriň sany gün-günden artýar. Gyzgalaňly döwürde körpelere Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Täze ýyl şowhuny», «Gezekli çemçe», «Şadyýan sazandalar», «Aç möjek», «Sakarja geçi» ýaly gyzykly sahna eserleri hödürlenýän bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gopbam towşanjyk», «Esen Şohuň aýdymy», «Bir aždarha bar eken», «Jadyly söz» ýaly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar görkezilýär. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda görkezilýän «Baba Ýaganyň sapalagy» atly sahna oýnuny tomaşa etmäge gelýänleriň sany hem gün-günden artýar.

Medeniýet öýünden başlanýan menziller

Häzirkisi ýaly döwrebaplaşdyrylmanka-da, obany ikä bölüp geçýän uly ýoluň boýunda onuň ýeri dur. Deňinden geçip barýarkam, hakydama onuň bilen bagly dürli döwürleriň ýatlamalary doldy. 1972-nji ýylda, 3-nji synpa geçen mahalym bu oba göçüp gelenimizden soň, onda gören çeper filmlerimiz ýaly bolup, ýatlamalar göz öňümden geçdi. Aýdym-sazly çykyşlary, artistleriň görkezen oýunlaryny ýatladym. Onda ýerleşen oba kitaphanasynyň kitaplaryny okap, soňra çeper edebiýatyň ömürlik hemrama öwrülişini diýsene! Biziň neberämiz ondan ozal göçüp-gonup, mal yzynda ýörerdi. Soňra mekdepli ýere — oturymly Garadepä göçüp geldik...

Okyjylaryň sany artýar

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda Ahal welaýatynyň kitaphanalarynda okyjylara döwrebap hyzmatlar amala aşyryldy. Şanly ýylda kitaphanalara täze ýazylan ildeşlerimiziň sany 10 müň 117-ä ýetip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 106 müňden geçdi. Täze taryhy döwrümiziň ösüş-özgertmelere beslenen ýylynda welaýatyň kitaphanalaryndaky dürli mazmunly kitaplaryň 431 müňden gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 65 müňe, çeper edebiýatlaryň 149 müňe, çagalar edebiýatlarynyň 122 müňe, beýleki neşirleriň 96 müňe golaýy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany, ozalky ýyla garanyňda, ep-esli artdy.

Ylham ýaýlasy

Budur türkmen binasy Huzuryňda otyryn,            üstünde ene ýeriňpaýhasyňa eýlenip, durlanýar pikir, seriň,Yşk bolup, howalanyp geldi «Gökje kepderiň»Azadydan göwherli,Sözi abu köwserli,Gurdugyň bardyr munda, budur türkmen binasy.

Watanyň ýaşajyk waspçylary

6-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda bilimde, sportda we sungatda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, deň-duşlarynyň arasynda aýratyn tapawutlanan çagalary höweslendirmek maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn many-mazmuna, şatlyk-şowhuna beslendi. Türkmen ýaşlarynyň üstünligini Diýarymyzyň guwanjy hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň sargytlaryny nesillerimiz ýörelge edinip, diňe kämillige ymtylýarlar. Aýdym-saz sungatymyzda öçmez yz goýan körpe bagşy Gulbabanyň adyny göterýän Çagalar baýragyny almak ugrundaky bäsleşik hem ýaş nesilleri has-da kämilleşdirmek, olaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl geçirilýär.

Röwşen geljegimiziň eýeleri

Çaga — ömrüň manysy, dowamaty. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerimiz baradaky edýän atalyk aladasyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir pursadynda görmek bolýar. Ynha, bu gün bagtyýar çagalaryň ukyp-başarnyklary, kämil şahsyýetler bolup ýetişmäge bolan yhlaslary paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň giň zalyna ýygnanan ýaşajyk zehinlerimiziň ýüzlerinden aýdyň duýulýar. Olar — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleridir. Bagtdan paýly, ýüregi şatlykdan doly zehinli körpejelerimiziň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileri

Mähri Italmazowa — Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy. Aýlar Çaryýewa — Aşgabat şäherindäki 147-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy.

Adyň nesillere nusga, Gulbaba!

«Ussatlyk diňe bir ýaşa däl-de, eýsem, zehin-ukyba bagly» diýýärler. Türkmen halkynyň hemişe hormat bilen ýatlaýan perzentleriniň biri Gulbabajyk şeýle zehinlerden diýsek dogry bolar. Çünki Hakdan berlen ukyby bilen heniz üç ýaşyny hem doldurmanka köpçüligiň öňünde «Ýarap borka» aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren, şeýdibem bütin halkyň öçmejek söýgüsini gazanan Gulbaba bagşy — Möwlamberdi Hanow külli türkmeniň ýüreginde ýaşaýar. Bu günki nesilleriň hut rowaýata barabar edip ýatlaýan Gulbabajygynyň hakyky ady Möwlamberdi. Özem ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary şäherinde dünýä inipdir. Mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, emedekläp ýörkä, haýsy tarapdan dutar-gyjagyň sesi eşidilse, şol tarapa gidibermegi onuň kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna getirýär. Şeýlelikde, çagalykdan ussatlygyň bosagasyndan ätlän Gulbabajygyň sungat ýoly başlanýar.

Tokarja welosiped sürýär

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi tarapyndan hut şu at bilen döredilen gysga göwrümli multfilmde hem sapak alarlyk ýörelgeler dabaralanýar. Çagalaryň söýgüli gahrymanlary — Tokarja bilen Ýeserje bu gezek welosipedli aýlanmaga gidýärler.

“Müň okasaň binýat bolar”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeler hökmünde dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem ata-babalarymyzdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris. Ýurdumyz boýunça ýaş nesliň ylym-bilime, ene dilimizi öwrenmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýan, ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler, dürli medeni çäreler terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň terbiýe meselesinde örän çuňňur garaýyşlary bar. Bu garaýyşlary birnäçe nakyllaryň üsti bilen hem aýdyň görmek bolýar. “Ýüz okasaň, ýat bolar. Müň okasaň, binýat bolar” diýen pähimde halkymyzyň parasatly ýoly görünýär. Şonuň üçin hem orta mekdeplerde geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda okuwçylara akyldar şahyryň goşgularyny köp okamagy, bu ajaýyp şygyrlary ýatdan aýdyp bilmegi öwredýäris. Bu hem ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine, söz baýlyklarynyň artmagyna täsir edýär. Milli terbiýäniň aýratynlyklaryny halk döredijiliginde, şol sanda nakyllarda görmek bolýar. Elbetde, nakyllaryň özi halkyň durmuş tejribesinde toplan, söz baýlyklary bilen beýan eden pähimle

Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň tä­si­ri

«7/24. tm» № 02 (189), 08.01.2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy XVIII asy­ryň türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň be­ýik nus­ga­wy şa­hy­ry we hä­zir­kiza­man ede­bi di­li­ni esas­lan­dy­ry­jy­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­lik şah­sy­ýe­ti­niň ke­ma­la gel­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, onuň ka­ka­sy, öz döw­rü­niň meş­hur alym­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň ady bi­len bag­ly­dyr. Döw­let­mäm­met Aza­dy hal­kyň ara­syn­da Gar­rymol­la ady bi­len bel­li eken. Aza­dy­nyň we onuň aýa­ly Oraz­gü­lüň al­ty ça­ga­sy bo­lup­dyr (5 oglan, 1 gyz).

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy»

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziñ «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we aydym-sazly maslahaty geçirildi. Geçirilen bu dabara Ÿurdumyzyñ döredijilik işgärleri, şol sanda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, köp sanly ýaşlar hem­-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Zenan dünýäsiniň şekillerdäki beýany

4-5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, ussatlyk sapaklary hem-de «Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky orny» atly döredijilik maslahaty geçirildi.

Çaga – durmuşyň güli

Çaga ýaşajyk nahala meňzeýär. Nahalyň ösüp, boý almagy üçin irginsiz, yzygiderli idi-yssywat, ýaş nesliň kemala gelmegi üçin üns-alada zerur. Onda-da çaga howandarlyga, ruhy goldawa mätäç bolsa, oňa sahawatly goluňy uzatmak, onuň kämil ynsan bolup ýetişmegi hakynda alada etmek halkymyzda parz hem haýyrly iş hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kemala gelýän, ylym-bilimli, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesiller halkymyzyň, ata Watanymyzyň geljegi hasaplanýar. Häzirki wagtda çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sahawatlylygy, ynsanperwerligi ýörelge edinen pederlerimiziň nusgalyk ýoluna eýerilip, ýaş nesil hakynda alada etmek, esasan-da, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amal edilýän sahawatly işler bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyna nur bolup röwşenlik bagyşlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurduna öwürmek babatda aýdan sözleri halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy, ýaş nesliň bagtyýar geljeginiň has nurana boljagyna ynam döretdi. Çagalaryň şadyýan gülküleri - bagtyýarlygyň nyşanydyr.

Ykbal bagyş edilýän sungat

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň teatr sungatynda-da giň gerimli ösüşler gazanyldy. Şular dogrusynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy Agamyrat Baltaýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Agamyrat aga, söhbedimiziň başynda milli teatr sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri, halypa artist, režissýor Aman Gulmämmedowyň «Teatr — ykbal bagyş edilýän sungat» diýen sözlerini ýatlasymyz gelýär. Şonuň ýaly-da Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň döwlet drama teatryna halypa artist A.Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy milli teatr sungatymyzda ajaýyp taryhy waka boldy. Söhbedimizi şondan başlaýalyň...

Zenanlaryň sungat dilindäki söhbedi

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen-eýran gatnaşyklary dürli ugurlarda ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar.

Ependiden başlanan ýol

Ykbalynyň baş sahypasyna «artist» diýen käri ýazan müňlerçe ykbally ynsanlaryň biri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Jumageldi Ýolowdyr. Onuň teatr sungatyna aralaşmagyna daýysy, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew sebäp bolýar. Ol bu barada şeýle ýatlaýar: — 1971-nji ýylda obamyza Aşgabatdan sahna oýnuny görkezmäge geldiler. Oba adamlary, uly-kiçi bary oba klubuna eňdiler. Men ol wagtlar 5-6 ýaşlarymdadym. Spektaklyň näme hakda gidýänine düşünmesemem, ejem: «Spektaklda daýyň oýnaýar» diýensoň, maşgalamyz bolup oýun görmäge gitdik. Haýran galyp oýna tomaşa-da etdik. Annamyrat Berdiýewiň kakasy Berdi aga bilen meniň mamam süýtdeş dogandy.