"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halk kalbynyň aýnasy

Bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde tanalyp, şan-şöhraty äleme dolýan ata Watanymyzda gazanylýan  beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeginde bina edilen, ähli amatlyklary bolan, döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklaryň sany barha artýar. Olaryň hatarynda kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýlerinidir çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerini görkezmek bolar. Medeni ojaklarda medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, kämilleşdirmäge, geljekki nesillerimize ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olary hünäre ugrukdyrmakda çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň ähmiýeti uludyr. Bu ýerlerde çagalarymyz sungatyň dürli ugurlarynyň inçe tilsimlerini ele alyp, barha kämilleşýärler.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürmek barada uly alada edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli işler

Magtymgulynyň önüp-ösen mekany

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Magtymgulynyň dünýä inen ýeri Etrek derýasynyň boýunda ýerleşen «Giň jaý» diýen ýerdir. Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy Gara Işandan ýazyp alan maglumatlarymyza görä, ol ýere «Giň jaý» ady obanyň giň, ýaýraw ýerde ýerleşendigi üçin galypdyr. Bu — birinjiden. Ikinjiden, belent baýra çykyp seretseň, ol ýer umumylykda uly bir jaýyň keşbini ýada salypdyr. Obada il-gün bir jan, bir ten bolup, göýä bir maşgalanyň agzalary ýaly agzybirlikde ýaşapdyr.

Aýdymly dünýäniň ýyldyzy

Ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi geçen ýyl Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda boldy. Bäsleşige ýaş zehinli estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Netijede, zehinli aýdymçy Bahar Annaýewa bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Döredijilik toparymyzyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna eýe bolan ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa bilen taýýarlan gysgaça söhbetdeşligini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Bahar, sizi gazanan üstünligiňiz we uly şowhun bilen garşylanan Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýeňişleriňiz dowamly, Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Dürli reňkleriň kömegi bilen täsin suratlary çekýän zehinli mekdep okuwçylarymyza guwanýarys. Ine, şeýle ajaýyp surat eserlerini döretmegi başarýan ýaşajyk suratkeşlerimiziň biri hem Balkanabat şäherindäki 22-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerim Öýliýewdir. Suratkeş jigimize mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris. Geliň, onuň çeken suratlaryny bilelikde synlalyň!

Beýik şahyryň edebi mirasyna sarpa

Türkmen halky «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Beýik şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary belent adamkärçiligiň, ahlak medeniýetiniň, mertligiň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşyna öwrülip, halk arasynda nesilden-nesle, dilden-dile geçip ýaşap gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýlup, ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgeleri dowamat-dowam tapýar. Türkmen jemgyýetinde uly abraýa eýe bolan, edebi döredijiliginde döwletli ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, beýik ynsanperwerligi wagyz eden şahyry hormatlap, 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrylmagynda halkymyzyň şahyryna bolan beýik sarpasy öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara abraýyny has-da beýgeltmek, ony giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýokary ynsanperwer garaýyşlary bilen umumadamzat hazynasyna ägirt uly goşandyny goşan şahyryň döredijiliginde gozgalýan meseleler häzirki döwürde hem umumadamzat derejesinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkm

Belent üstünlikleriň şuglasy

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işler her birimizi buýsanja besleýär, köňülleri nurlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ruhubelentlik, uly şatlyk bilen garşy alan eziz Diýarymyzyň her bir güni täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasaty dürli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Şunda milli medeniýetiň, medeniýet diplomatiýasynyň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki medeni gatnaşyklaryň berkidilmegi halklaryň arasynda dost-doganlygy ösdürýär, halkara gatnaşyklarynyň röwşen geljegini üpjün edýär. Şu ajaýyp ýylymyzda hem medeniýet diplomatiýasy has-da rowaçlanar, çünki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Magtymguly etrap birleşmeleriniň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» ady bilen geçirilen dabaraly çärä medeniýet, bilim ulgamlarynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belent tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýandygyny nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen baý edebi mirasymyzyň, şahyryň döredijiliginiň hemmetaraplaýyn öwrenilýändigi, üstümizdäki ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many-mazmunyň bardygy nygtaldy. Beýik akyldara çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Magtymguly Pyragynyň goşgulary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýylymyz bilen adybir goşgusy labyzly okaldy. Soňra «Sumbar» halk folklor toparynyň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle-de muzeý gymmatlyklarynyň we senetçiligiň dürli görnüşleriniň sergilerine syn edildi.

«Aýa döndi»

Çarymyrat Ýazmyradow 1975-nji ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda dogulýar. Ol ýaşlygyndan surat çekmäge höwesli bolupdyr. Bu bolsa geljekki suratkeşiň ukybynyň açylmagyna getirip, ony sungat ýoluna iteripdir. Çarymyrat Ýazmyradow ilki Aşgabadyň çeperçilik mekdebinde bilim alýar. Soňra bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okuwyny dowam etdirýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine ýolbaşçylyk edýär. Ussat halypa nakgaş, suratkeş, dizaýner hökmünde tanalýar. Suratkeşiň eserlerini synlanyňda, onuň döredijiliginiň baýdygyna, gözýetiminiň giňdigine göz ýetirmek bolýar. Onuň «Bu derdi», «Dananyň ruhy», «Bakylyga» «Aýa sataşdym», «Aýa döndi» atly eserlerinde beýik akyldaryň içki duýgusy açylyp görkezilýär.

Ýy­lyň ga­ra­şyl­ýan film­le­ri - 1

Her ýyl bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýyl­da-da ki­no muş­dak­la­ry­na bi­ri-bi­rin­den gy­zyk­ly, özü­ne çe­ki­ji tä­sin wa­ka­la­ra baý ek­ran eser­le­ri ga­raş­ýar. Şo­la­ryň kä­bir­le­ri­ni si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris. «Mil­ler’s Girl» — Jeýd Hal­li Bart­le­tiň sse­na­ri­si­ni ýa­zyp, re­žiss­ýor­lyk eden ki­no­syn­da Mar­tin Fri­man bi­len Jen­na Or­te­ga baş keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

«Op­pen­haý­mer» fil­mi «Al­tyn glo­bu­syň» ýe­ňi­ji­si

Ki­no sun­ga­ty­nyň esa­sy baý­rak­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Ka­li­for­ni­ýa­da­ky «The Bever­ly Hills» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ry­nyň 81-nji gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­ny Jo Koý alyp bar­dy. Baý­rak «Hol­ly­wo­od»-da­ky da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­leriň gu­ra­ma­sy (HFPA) ta­ra­pyn­dan be­ril­ýär. Da­ba­ra­da «Op­pen­haý­mer» fil­mi 5 baý­rak ga­zan­dy. Iň go­wy dra­ma fil­mi diý­lip, «Op­pen­haý­mer» (Op­pen­hei­mer) ki­no­sy saý­lan­dy. Iň go­wy mýu­zi­kal ýa-da ko­me­di­ýa fil­mi baýragyna hem «Gör­gü­li bet­bagtlar» (Po­or Things) ek­ran ese­ri my­na­syp bol­dy. 80-nji We­ne­si­ýa film fes­ti­wa­lyn­da-da baş baý­ra­gy alan ki­no­nyň Os­ka­ryň hem esa­sy da­laş­gär­le­ri­niň bi­ri bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Türkmeniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy

Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.» – diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly Magtymguly atamyzyň many-mazmuna baý, şahyrana edebi mirasy külli ynsanyýet üçin köňülleriň çyragy bolup, ýaşaýyş durmuş babatda adalatly ýol-ýörelge görkeziji, hakyky adam bolup ýaşamaklygy ündeýji ruhy hazynadyr. Bu babatda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» – diýip bellemek bilen, türkmen halkynyň we Gündogaryň beýik akyldaryna bolan çäksiz hormatyny çeper beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokary galdyrmak, ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek we dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda ýaş nesli terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähi

Gözelligiň dilindäki söhbetler

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 31-nji oktýabrynda — bütindünýä şäherler gününde aşyklar şäheri Aşgabadymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habaryň dünýä dolmagy paýtagtymyzyň ösüşli ýollaryna täze ylham, täze röwüş, täze joşgun bagyş etdi. Şol günden bäri gözel paýtagtymyzda milli öwüşginler bilen häzirki zaman dizaýnynyň sazlaşygyndaky gözelligi dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly işlere has-da giň gerim berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-9-njy ýanwary aralygynda gözel paýtagtymyzyň Modeller öýi gözelligiň dilinde şirinden-şirin söhbet edilýän künjege öwrüldi. Ol ýerde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guran üç günlük forumynyň dowamynda ýaýbaňlandyrylan «Aşgabat», «Mähirli zenan», «Nur Ýüpek», «Peýker» modalar öýleri tarapyndan taýýarlanan milli öwüşginli lybaslar toplumlarynyň görkezilişleri çeper elli zenanlarymyzyň kalbynyň owazyny dünýä ýaýdy. Gözel paýtagtymyzyň modalar ulgamyndaky mümkinçiliklerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaralara ildeşlerimiz bilen bir hatarda «Route De La Soie Et Al-Andalus» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, «Oriýental Fashion Show» moda görkezilişini esaslandyryjy Hind Žudaryň we suratçy Pol Žak Tomasininiň gatnaşmagy bu gözelligiň ýakyn wagtda dünýä doljakdygyny ynam bil

Sirk sahnasyndaky şowhunly çykyşlar

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde «Altyn balyk» ady bilen guralýan şowhunly çykyşlar çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň gyzykly, täsirli geçmegi, uly ýaşdaky ildeşlerimiziň bolsa medeniýetli dynç almaklary üçin giň mümkinçilik döredýär. Köpöwüşginli yşyklar bilen bezelen sirk sahnasynda görkezilen tomaşalaryň hiç biri-de bu ýere gelenleri biparh goýmaýar. Çeýe hereketli howa gimnastlary sirk sungatynyň dürli görnüşlerinde çykyş edýärler. Tilsim öwredilen alabaýlaryň, düýeleriň hem-de pudel güjükleriniň çykyşlary biri-biri bilen utgaşyp, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlaýar. Akrobatlaryň çylşyrymly hereketlerini-de öz içine alýan baý mazmunly çykyşlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny-da, myhmanlaryny-da biparh goýmaýar. Kepderileriň täsirli çykyşlary hemmelerde uly gyzyklanma döredip, özboluşly hereketleri bilen tomaşaçylara ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri bagyş edýär.

Aýdym bolup ýaşamak

Şeýle bagt miýesser eden ynsanlaryň biri-de, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowadyr. Sungata örküni baglan hakynda söz açylanda, köplenç, onuň döredijiligi bilen tanyşdyrmakdan başlanýar. Emma Jemal Saparowa babatda alanyňda, munuň hiç hili zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys. Eger ony tanajak bolsaň, onda bu sungat ussadynyň aýdymlaryny diňläýmeli. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem halypa üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Ýylyň şygary bilen halypa aýdymçynyň aýdymlarynyň özara sazlaşykly ýaňlanmagy tebigy ahwal bolup göz öňüňe gelýär. Çünki ol aýdymlarda durmuşyň özi ýaly egsilmez joşgun, döwre buýsanç, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli bitirýän beýik işleriniň waspy bar. Onuň çykyşlaryny diňläniňde, söhbetdeş bolanyňda bir zada has ýakyndan göz ýetirýärsiň. Ol aýdym bolup ýaşaýar. Onuň berýän gürrüňleri hem edil aýdym ýaly. Geçen ýylyň özünde halypa aýdymçynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň sany 15-e ýetýär. Olaryň arasynda eneler, ýaşulular, durmuş hakdaky aýdymlar hem bar. Ussat aýdymçynyň parahat, asuda, eşretli durmuşymyza buýsançly gürrüňleriniň özi hem aýdym ýaly bolup ýaňlanýar.

Beýik halkyň bagşysy men...

Gulbabajyk ýokardaky aýdymy aýdyp, halkyna buýsandy. Gysga ömründe ýüreklerden öçmejek orun aldy. Halk hem öz ýaşajyk, zehinli perzendini hatyralap, onuň adyny ebedileşdirdi. Bu gün onuň adyny göterýän çagalar baýragy bäsleşiklerde, olimpiadalarda, sportda, okuw, döredijilik we beýleki ugurlarda tapawutlanan zehinli ýaş türkmenistanlylara berilýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramagynda bu bäsleşik her ýyl geçirilip gelinýär. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky gowşurylyşynda özboluşly baglanyşyk bar. Çünki baýragyň hem ýylyňam ady türkmeniň sarpasyny belent tutýan ogullarynyň ady bilen baglanyşykly.

Ol — aýdymyň aşygy

2002-nji ýylyň tomsy paýawlap barýardy. Welaýat merkezindäki medeni-dynç alyş seýilgähiniň bezemen sahnasy tomaşaçylardan ýaňa hyň berýärdi. Töwerek-daş garaňkyrap barýan hem bolsa, giň sahna gündizlik ýaly ýagtydy. Owadan geýnüwli sazandalar saz gurallaryny sazlamak bilen başagaýdy. Tolgunmadan ýaňa içki başagaýlyklary başdan geçirýän ýaş ýigitleriň we gyzlaryň bir topary bolsa sahnanyň arkasynda içlerini hümledişip, alyp baryjynyň özlerini sahna çagyraryna garaşýardy. Hawa, şol gün bu ýerde ýaş aýdymçylaryň arasynda ýurdumyzda däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilýärdi. Alyp baryjylaryň sahnada peýda bolmaklary bilen tutuş mähelle göz bilen gulaga öwrülip, gezekli-gezegine sahna çagyrylýan ýaş aýdymçylary synçy nazaryndan geçirýär. Hä diýmän, tomus gijesiniň aýly agşamynda Watan waspy bolup ýaňlanýan ajaýyp aýdymlaryň owazy uzaklara eşidilip ugraýar.

Dünýä ýaň salýan owaz

Ýurdumyz şanly Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra ähli ugurlar bilen bir hatarda milli aýdym-saz sungatymyz hem buýsandyryjy ösüşlere beslenip, döwlet hory, simfoniki orkestr, opera we sirk sungaty täzeden dikeldildi. Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde dünýä belli hem-de türkmen kompozitorlary tarapyndan döredilen operalar, dürli mazmunly aýdym-saz eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin äleme ýaň salýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesinde ösdürmekde köp aladalar edilýär we bu ugurda giň mümkinçilikler döredildi. Dost-doganlyk ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmäge giň ýollar açyldy. Zähmet çekýän sungat ojagymyzyň bagtyýar ýaşlary hem halkara derejesindäki bäsleşiklerdir festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Ynha, geçen ýylda hem mekdebimiziň hor topary Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen çagalaryň çeper döredijiliginiň halkara festiwalyna gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa Aşgabatda mekdebimiziň Ilgar Atahanowyň ýolbaşçylyk etmegindäki hor topary Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýet we sungat wekilleri bilen bilelikde konsert berdi. Ýeri gelende bellesek, hor toparymyz amerikaly sungat wekilleri bilen Mary wela

Söz sungatynyň zergäri

Halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli guwanjy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellemäge ýokary guramaçylyk derejesinde uly taýýarlyk görülýär. Halkymyz tarapyndan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde bellenilip geçilmeginiň aňyrsynda beýik söz ussadynyň şygyrlarynda özüniň beýanyny tapan türkmen halkynyň döwletlilik, bitewülik, berkararlyk baradaky arzuwlary ýatyr. 2023-nji ýylda akyldar şahyryň gymmatly mirasyny halkara derejesine çykarmak ugrunda ençeme netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Akyldaryň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýle taryhy wakalar, aýratyn hem, 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzyň toý şatlygyny, ýürek buýsanjyny goşalandyrdy.

Baýragyňyz gutly bolsun!

Ýakynda çagalaryň ençemesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Welaýatymyzdan şu çagalar bu baýraga mynasyp boldular: Şamyrat Myratjanow — Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy.

Millilik hem gözellik dünýäsine seýran

Aşgabat — döredijiligiň, döredijilikli pikirleriň hem olary iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähli mümkinçiliklerini özünde jemleýän şäher. Aşgabat — dizaýnyň, milliligiň döwrebaplyk bilen sazlaşyp, gaýtalanmajak gözellikleriň döreýän şäheri. Muny paýtagtymyzyň Modeller öýünde ýaýbaňlandyrylan türkmen milli lybaslarynyň görkezilişleri hem nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen tassyklady. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guran üç günlük forumy ýurdumyzyň baş şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegine bagyşlandy.