"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kalbynyň owazyn saza siňdirip

Batyr Soltanow indi köp ýyldan bäri welaýat ýörite sungat mekdebinde sungata ykbalyny baglan talyplara bilim bermek bilen birlikde döredijilik äleminde hem öz mynasyp ornuny giňeltdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenilip neşir edilen «Türkmen kompozitorlary» atly okuw kitabynda halypa kompozitorlaryň hatarynda Batyr Soltanowyň döredijiligine bagyşlanan ýörite bölümiň ýerleşdirilmegi hem onuň işleriniň ýokary baha mynasypdygyny görkezýär. Biz hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi bolan Batyr Soltanowyň döredijiligi we geljekki maksatlary bilen gyzyklanyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk. ― Söhbedimiziň başyny sungat älemine gelşiňiz baradaky gürrüňden başlaýalyň!

Goşgular çemeni

Aşyklaryň we gözelligiň şäheri Barýarsyň sen günbe-günden gözelleşip, özgerip,Ajap ymaratlaryň synlamaga göz gerek,Waspyňy ýetirmäge iň bir şirin söz gerek,Ýüregimiň joşguny hem baharym, Aşgabat!Arkadagyň yhlasy, ak şäherim Aşgabat!

Öý-ojaklaryň söýesi

Ýüzleri nurly, sözleri alkyşly ene-mamalarymyzy hormatlamak, mähriban gelin-gyzlary ezizlemek halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinde kemala getiren asylly ýörelgesidir. Dana pederleriň «Ene eli — em, dili — melhem», «Gyz edebi — il edebi» diýen we başga-da ençeme paýhasly pähimleri, halk döredijiliginiň zenan dünýäsi bilen baglanyşykly akyl-parasada ýugrulan eserleri munuň aýdyň mysalydyr. Kümüş saçly enelerimiziň zähmet-durmuş ýoly, ýakymly ýatlamalary nesilleriň kämillik mekdebidir. Olaryň öwüt-ündewleri maşgala ojaklaryny jebisleşdirýär, döredijilik mirasy döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýar. Asyrlar aşyp kämilleşen halk ýörelgeleri ileri tutulýan döwletimizde ynsan ýaşaýşynyň gözbaşy saýylýan zenanlar elmydama üns merkezinde saklanýar. Her bir maşgala üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş amatlyklary döredilýär, belent başly enelerimiziň çeken halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaklary üpjün edilýär. Gujur-gaýratly gelinleriň yhlasly işlemekleri, perzentlerini terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikler açylýar. Asylzada gyzlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, söýen käriniň ussady bolmaklary, maşgala gurmaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutulýar. Köp çagaly maşgalany goldamak, eneligi goramak babatynda döredilýän ýeňillikler, ýola goýulýan hyzmatlar we durmuş üpjünçiligi jemgyýetiň esasy görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ýylyň-ýylyna, sekiz we şondan

«Syr saklagan mähek daş»

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Bu şanly sene mynasybetli biz hem akyldaryň şygyr diwanyndan käbir syrly setirleri barada gürrüň etmek isleýäris. Akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda:

Aýlanaýyn, obam senden!

(Oýlanma) Obalaryň ýaz ýakymy şu günler has başgaça. Erik gülläp, şetdalylar owadan gülleriniň ysyny ýaýradypdyr, agaçlar pyntyklapdyr, ýapraklapdyr. Garaz, oba durşy bilen ýaz hysyrdylaryna berlipdir. Türkmen obalary halkymyzyň özi ýaly sähraýy we giň. Olara syn etseň, ýüregiňde ýakymly duýgular oýanyp başlaýar. Obalaryň şeýle gözel tebigaty üýtgeşik sungat eserini ýadyňa salýar. Ýapdyr aryklaryň, güzerdir arnalaryň gyrasynda biten jümjümelerdir otlar tebigatyň çeken keşdesine meňzeýär. Hol aňyrrakda bolsa gujurly çopan ýigit ýar jemalyny ýatlap, aýdyma zowladýandyr. Hüşgär çopan iti bolsa her bir çybşylda eserdeň bolup üşerilýändir. Daýanykly, syrdam boýly gelin tamdyryna ot goýbermegiň aladasynda. Ol, megerem, ir bilen, Gün gyzmanka, çörek bişirmäge hyýallanan bolmaly. Hawa, men her gezek ýazda oba seýran edip, ine, şeýle ýakymly pursatlara duş gelýärin. Özem çaga ýaly begenýärin. Çünki şeýle owadan görnüşler çagalyk dünýäme garylyp-gatylyp geçip gidipdir.

Bagşy bilen ozan gelsin

Il içinde gowulygy, döwletliligi aňlatmakda ulanylýan «ozan» sözüniň «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» iki hili manysy bar: «Ozan (ozon), at. 1. Gadym zamanlarda türki halklarda saz çalyp, goşgy aýdýan şahyr, bagşy. 2. Ilden öňe saýlanýan öňbaşçy, parasatly adam, uly şahsyýet. («Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler (nakyl)».

Dutar sazy — kalbyň owazy

Türkmen dutarynyň döreýiş taryhynyň gadymyýetden gaýdýandygy hemmä belli hakykat. Şu sebäpli-de oňa degişli bolan sazlar, mukamlar, owazlar iňňän kämildir. Dutaryň milli saz guraly hökmünde türkmen topragynda bitýän saýaly tut agajyndan ýasalmagynda uly many bar. Alymlar dutar sözüni «tut-tar» sözleri bilen hem baglanyşdyrýarlar. Türkmen dutaryna meňzeş saz guralynyň mundan müňlerçe ýyl ozal çekilen şekili arheologik gazuw-agtaryşlarda ýüze çykaryldy. Şeýle hem bagşynyň goluny dutaryň gapagyna ýetirip duran heýkeljigi-de halkymyzyň geçen uzak taryhy ýolunda bagşyçylyk sungatyna aýratyn üns berendiginiň anyk taryhy delilidir.

«Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar...»

Akyldar şahyryň döreden kämil eserleri asyrlaryň dowamynda bagşylarymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Türkmen bagşyçylyk ýollarynyň ählisinde hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen aýdymlar toý-baýramlaryň bezegidir. Beýik söz ussadynyň goşgularyna düzülen aýdymlar ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da söýlüp diňlenilýär. XX asyryň 40-njy ýyllarynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň läheňleri öz döwürdeş we nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyna, şol sanda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna hem aýdymdyr romanslary döretdiler. Türkmenistanyň halk artistleri, halypa kompozitorlar Daňatar Öwezowyň «Baglar heý», «Gitseň, bar aman», Weli Muhadowyň «Söýgi», «Bu derdi», Weli Ahmedowyň «Sil biläni», «Türkmeniň» atly hor we wokal eserleri halkymyzyň söýgüsini gazandy.

Şaý - bedewiň bezegi

At şaýlary ahalteke bedewiniň toý-dabaralardaky aýrylmaz bezegidir. Ata dakylýan boýunlyk, gözlük, göwüsbent, uýan — bularyň hemmesi diňe bir bezeg ornunda bolman, eýsem, gözden-dilden goraýjy serişde bolup hem hyzmat edýär. Türkmen halkynyň taryhynda altyn-kümüş şaýlaryň taýýarlanylyşy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Arheologik gazuw-agtaryş işleri bize dürli asyrlaryň, ýagny bürünç asyrdan tä ösen orta asyra çenli çeperçilik önümleri açyp görkezýär. Tapyndylaryň köpüsi dünýewi çeperçilik medeniýetiniň asyl nusgalarydyr. Muňa belli Amyderýa hazynasyndan bolan b.e. öňki V-IV asyrlara degişli täsin önümleri mysal getirmek bolar.

Milli sazymyz - ruhy baýlygymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde aýdym-saz sungatymyzy ýokary kämillikde ösdürip, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler açyldy. Hut şoňa görä-de, aýdym-saz sungatymyz şeýle alada gurşalan döwründe sazlary nota geçirmek meselesi wajyp bolup durýar. Sazşynas Ýazmyrat Rejepowyň «Türkmen halk sazlary» atly okuw gollanmasynda halk sazlarymyzyň inçeligini, milli aýratynlygyny saklamak maksady bilen türkmen milli sazynyň ussatlary Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň, Jepbar Hansähedowyň çalan saz eserleriniň nusgalary nota ýazgysyna geçirildi. Işe şeýle çemeleşilmeginiň ähmiýeti bu sazlary öwrenýänlere sazyň ykrar edilen nusgalaryny kämil derejede öwrenmäge ýol açmakdan ybaratdyr. Türkmen aýdym-saz sungaty geçen asyrlardan XX asyryň ortalaryna çenli, esasan, halypa-şägirtlik ýoly bilen gelip ýetipdir. Şeýle-de bolsa, taryhyň ençeme kynçylyklaryny başdan geçiren milli sungatymyzyň nesilden-nesle başbitin geçmeginde birnäçe bökdençlikler döräpdir. Şeýlelikde, şertleriň, mümkinçilikleriň ýeterlik derejede bolmanlygy türkmeniň medeni ösüşinde uly orun tutan, aýdym-saz sungatynyň ajaýyp genji-hazynasyna öwrülen eserleriň ençemesiniň ýitip gitmegine getiripdir. Şeýle sazlara «Geldi begiň mukamy», «Abylgaz», «Abdalýusup», «Niçik zat sen?» ýaly sazlarymyzy mysal getirmek bolar.

Maşgala hakda

Maşgalam — baş galam. * * *

Milli gymmatlyklarymyzyň waspy

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Serdar şäher birleşmesi şäheriň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde «Joş urup döretse suratkeş şekili — baky galkynar ynsanyň köňli» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Çagalar çeperçilik mekdebiniň sergiler jaýynda guralan bu bäsleşik sergisine ýaş aýratynlygyna garamazdan dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgullanýan işgärler şekillendiriş sungatynyň nakgaş, miniatýura, grafika, heýkel, amaly-haşam (haly, gobelen, zergär, keramika we beýlekiler) ugurlary boýunça döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Şekillendiriş sungatyna höwesli zehinleri ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşikde görkezilen miniatýura eserleri, eýlenen deriniň ýüzündäki atyň we türkmen alabaýynyň keşpleri, olaryň kiçi göwrümli heýkelleri sergä syn etmäge gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Suw kädisinde atyň keşbi haşamlanyp ýerine ýetirilipdir. Mundan başga-da, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewleriň, wepaly, gaýduwsyz alabaýlaryň türkmen tebigatynyň gözelligi bilen sazlaşykda waspy ýetirilen eserler hödürlendi.

Mirasa belent sarpa

Muzeýler türkmen halkynyň taryhy-medeni baýlyklarynyň mirashanasy bolmak bilen, nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek syýasatyny ynamly dowam etdirip, türkmen halkynyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek, onuň üsti bilen ýaş nesli terbiýelemek işine biziň muzeýimiz hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Muzeýimiziň hünärmenleri milli gymmatlyklarymyzy halkymyza ýetirmekde bu ugurdaky işleriň täzeçe usullaryny, ýol-ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrýarlar. Biz hemişe gözlegde bolup, muzeýe gelýän adamlaryň milli mirasymyza bolan gyzyklanmasynyň artmagyny gazanmaga çalyşýarys. Geçen ýylda muzeýimiz muzeý ulgamynyň işiniň ähli görkezijileri boýunça ýokary netijeleri gazanyp, döwlet möçberinde şäher muzeýleriniň arasynda baýrakly birinji orny eýeledi. Bu bolsa bizi ýene-de täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Milli gymmatlyklara sarpa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem halkymyzyň toýlary goşa-goşadan geldi. Bu ýylda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýlary uludan tutulýar, şeýle hem ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçildi. Mähriban halkymyzyň taryhyny, şu gününi dal bedewsiz, türkmen alabaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu günki gün ýyndamlygy, gamyşgulak, inçebil gözelligi bilen meşhur bolan ahalteke bedewlerimiz hem-de batyr, edermen, wepaly alabaýlarymyz täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy bilen gurşalyp, şan-şöhraty dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýşi ýaly, ahalteke bedewi türkmen üçin uly buýsanç, milli baýlyk. Bedew türkmen ýigidiniň dosty, kyn gününde syrdaşy, ýow gününde ýoldaşydyr. Türkmen alabaýy batyrlygyň, edermenligiň, wepalylygyň nusgasy bolup, öý-ojagyň, mal-garanyň goragçysydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatl

Ussadyň hormatyna

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde meşhur kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi. Konsert meşhur kompozitorlar Daňatar Öwezowyň we Adrian Şapoşnikowyň «Aýna» operasynyň uwertýurasy bilen başlandy. Bu eser sazçylyk mekdebiniň simfoniki topary tarapyndan Eziz Jumanyýazowyň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirildi. Sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gurbangeldi Gurbandurdyýewiň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren «Ýandym Leýli», Mähriban Baratowyň fortepianoda ýerine ýetiren kompozitor Weli Muhadowyň «Improwizasiýa» eseri hem konserte gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Meşhur kompozitorlar Weli Muhadowyň we Adrian Şapoşnikowyň, A.Wiwaldiniň, M.Teodorakisiň eserleri esasynda mugallymlaryň we talyplaryň ýerine ýetiren çykyşlary has-da täsirli boldy. Tanymal kompozitor Daňatar Öwezowyň döreden saz eserleri halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Ol türkmen aýdym-saz sungatynyň ösüşine uly goşant goşan ussat kompozitordyr. Konsert mekdebiň hor toparynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan «Bagtyýarlyk bossany» atly aýdym bilen jemlenildi. 

Şanly waka

Türkmen bedewiniň milli baýramy we şu ýyl ilkinji gezek bilelikde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy alabaý itleriniň janköýerleri üçin goşa şatlyga öwrüldi. Daşoguz şäheriniň golaýynda, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň «Adalat» geňeşliginiň çäginde türkmen alabaý itleriniň merkezi açyldy. Bu merkeziň teleköpri arkaly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen açylmagy taryhy waka öwrüldi. Bu şanly waka nesilden-nesle gelýän itşynas hökmünde meni juda tolgundyrdy. Halkymyzyň ahalteke bedewi, saryja goýny, halysy ýaly dünýä beren ajaýyp gymmatlyklarynyň hatarynda durýan alabaý itleri uzak asyrlaryň dowamynda tebigy şertleriň, şonuň ýaly-da halkymyzyň itşynaslykda toplan ajaýyp tejribesiniň esasynda kemala gelen ajaýyp tohumdyr. Ol batyrlygy, eýesine wepalylygy, duýgurlygy bilen haýran galdyrýar.

Ak şäherim — ak bagtym

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bolan üstümizdäki ýylda mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýär. Bu şanly seneler, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary esasynda, giňden bellenilip geçiler. Aşgabat bu gün diňe bir lowurdap duran ak mermerli merjen şäher bolman, ol sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem dünýä äşgärdir. Aşgabat biziň göwün şadymyz. Aşgabat biziň dillerde dessanymyz. Bu gün mähriban şäherimiziň ady äleme doldy. Geliň, Aşgabadyň geçmiş taryhyna arhiw materiallary arkaly bilelikde syýahat edeliň. Taryhy maglumatlardan bize mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň düýbi 1881-nji ýylyň ýanwarynda, gadymy söwda kerwen ýollarynyň çatrygynda tutulypdyr. Ol Ahal-teke oazisinde, Ashabat bilen Köşi obalarynyň arasynda amatly ýerde ýerleşipdir. Aşgabadyň taryhynda onuň ady üç gezek üýtgeýär. Ol 1881-de Ashabad, 1919-njy ýylda Poltorask, 1927-nji ýyldan bolsa Aşgabat adyny alýar. Şeýlelik bilen, 1881-nji ýyl taryhy senede biziň paýtagtymyzyň dörän ýyly diýlip hasaplanylýar.

Mahmal owazly gyz

(Hekaýa) Mähek ýaňy dil çykaryp ugranyndan aýdym-sazyň jadylaýjy owazyna maýyl boldy. Radiodyr teleýaýlymlarda ýaňlanýan aýdym-sazlar gutardygy, düşnükli-düşnüksiz bir zatlar diýip, şol ugra eljagazyny uzadardy. Ol ulaldygysaýy aýdym-saza has-da imrindi. Diňleýän aýdymlaryna goşulyşyp, öz ýanyndan hiňlenerdi. Olar bilen deň derejede aýtmaga çalşardy. Soňabaka aýdym-saza maýyl bolup, ýurdumyzyň tanymal aýdymçylarynyň käbirini öz ýanyndan halypa tutunyp, olaryň ýerine ýetirýän aýdymlarynda duş gelýän gaýnawlarydyr beýleki tilsimleri öwrenip ugrady. Onuň yhlasy ýerine düşüp, aýdym aýtmakda barha kämilleşdi.

Zenan — öý-ojagyň mertebesi

Watanymyzda mähriban gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurymyzdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda günsaýyn gülleýän zamanamyzda öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler. Türkmen zenanlary eziz Watanymyzyň kuwwatynyň barha artmagynda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen halkynyň kämilliginiň gözbaşynda nepisligiň hem-de gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen örän baý mirasy bar. Ata Watanymyza mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek zenanlarymyzyň esasy borçlarynyň biridir. Zähmetde we durmuşda uly üstünlikler gazanýan şeýle zenanlarymyza biz buýsanmaga we guwanmaga haklydyrys. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin uly aladalar edilýär. Çünki zenan durmuşyň gülüdir. Görki güle çalymdaş gelin-gyzlarymyz ýaşaýşy gözellik hem-de

Güllerden döreýän sungat

Ynsan elmydama gözelligiň gözleginde. Gözel görkli güllerden çemen taýýarlamak ussatlygy talap edýär. Çemen desseleri häzirki wagtda sungat derejesine ýetirilýär. Sungatyň bu görnüşi floristika diýlip atlandyrylýar. Floristika — güllerden we tebigy ösümliklerden çemen bogmak, panno şekillerini we beýleki ajaýyplyklary döretmekdir. Häzirki wagtda ol uly meşhurlyga eýedir. Esasy maksady bolsa baýramçylyklaryň we şanly seneleriň şatlyk-şowhunyny artdyryp, bagtyýar pursatlaryň döremegine ýardam etmekdir. Çemen desseleri hem döredijilik zehinini talap edýär. Bu käre başlamazdan ozal, floristika barada esasy düşünjeleri bilmek, onuň ýönekeý we möhüm düzgünleri bilen tanyşmak zerurdyr. Ilki bilen, baglanjak çemeniň kim üçin niýetlenýändigi, şeýle hem haýsy maksatlar bilen gowşurylýandygyny bilmelidir. Şonuň esasynda çemen boguljak ösümligiň, gülüň görnüşi, mukdary, reňki we ululygy saýlanyp alynýar. Çemen dessesini taýýarlamazdan ozal, ony taýýar görnüşinde göz öňüne getirmegi başarmaly. Floristiki sazlaşygy bägüllerden, liliýalardan, myhakdan we beýleki güllerden döretmek isleseňiz, onda olaryň bir deňligini sazlamaly. Güldanyň we ösümligiň, gunçalaryň, ýapraklaryň göwrümini göz öňünde tutmaly. Olar özara sazlaşmalydyr. Floristikanyň kesgitli düzgünleriniň ýene biri hem, gülleri ýerlikli ýerleşdirmekdir. Eger-de çemen dikleýin ýerleşýän bolsa onda onuň sekizden bäş bölegi ýokarsynda