"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň ekologiýa ugry

Häzirki döwürde adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan halkara ylalaşyklarynyň, taslamalarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak babatda toplumlaýyn meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Şu günki ýaşaýan dünýämiziň geosyýasy we geoykdysady şertleri ykdysady durnuklylygyň, energetiki ösüşiň, ekologiýa ulgamynyň abadançylygynyň, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň dogry usullaryny işläp düzmekligi talap edýär. Türkmenistanyň dünýäniň halkara guramalary bilen giň we uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlygy syýasy giňişlikde täsiriniň güýçlenýändiginiň alamaty bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynda bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşyp, maksatnamalaýyn çykyş etmegi munuň nobatdaky görkezijisi boldy. 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda dowam edýän bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň ýollary Gyrgyzystany we Azerbaýjany amatly özara baglanyşdyryp biler

Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Azerbaýjanyň Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary özara gepleşikleri geçirdiler. Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy boldy. Gepleşiklerde Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň üsti bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak isleýändiklerini mälim etdiler.

Aşgabat we Kabul Lazurit geçelgesi boýunça ýük daşamagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda gepleşikler geçirilýär, oňa gatnaşmak üçin Owganystanyň Demir ýol dolandyryşynyň başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat 30-njy noýabrda türkmen paýtagtyna geldi. Iş mejlisiniň gün tertibinde Owganystanda demir ýollaryň gurluşygy, türkmen güýçleri tarapyndan gurlan Akina-Andhoý demir ýoluny dolandyrmak we hyzmat etmek, “Lapis - Lazuli” halkara ulag geçelgesinde ýük daşamagy güýçlendirmek we ş.m ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistan we Hytaý halkara awtomobil gatnawlary barada Ylalaşyk baglaşdy

Çarşenbe güni Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen 5-nji mejlisden soňky döwürde iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçirilendigi we Komitet tarapyndan kesgitlenen köp meseleleriň ýerine ýetirilendigi bellendi.

Hazar deňziniň üsti bilen ulag daşamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministriniň orunbasary Yrysbek Bariýew Azerbaýjanda iş saparynda bolmagynyň çäginde Alýat deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň Gyrgyzystana Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hazar deňziniň kenaryndaky Alýat portundan gämilerde awtoulaglary daşamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandyklaryny Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýa ministrligi habar berdi.   Alýat portunyň administrasiýasy gämide Hazar deňziniň üsti bilen ulag daşamaga gyzyklanma bildirdi. Bu ýerde öňünden bellenen arzanladyş bilen, bir ýük awtoulagyny Alýatdan Türkmenbaşy portuna eltmegiň bahasynyň 1200 dollar töweregi boljakdygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Dubaý — Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Bitewi ykbalyň bähbidine

Bütindünýä howa sammitinden soňky oýlanmalar Uzak wagtlyk ýüzüşden gelen Eflatundan sorapdyrlar: «Dünýäde näme geň-taň zat gördüň?». Ol: «Dünýäniň geň zady — nirä ýüzüp gitseň-de, ahyry şu kenardan çykýarsyň» diýip jogap beripdir...

Pikirler, garaýyşlar

Antoniu GUTERRIŞ,Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary:

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Häzirki wagtda 2023-nji ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde bu barada hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi. Hasabatda şu ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Ýurdumyzda ilkinji gezek: «Agro-Pak Türkmenistan — 2023»

28 — 30-njy noýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi geçirildi. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy tarapyndan guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Gümrük üpjünçiligi we demir ýol ulaglary

Ýakynda Mary welaýat gümrükhanasy tarapyndan «Ýurdumyzyň gümrük çäginden gümrük üpjünçiligi bilen demir ýol ulaglarynda daşalýan harytlaryň wagonlaryndaky kybaplaýyş serişdeleriniň ýok edilmegi, zaýalanmagy, üzülmegi we goparylmagy bilen bagly düzgün bozmalaryň öňüni almak» atly pudagara maslahat geçirildi. Maslahata Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hem-de «Demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň degişli şahamçasynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Demir ýol ulaglaryndaky wagonlarda ýurdumyzdan eksport we import edilýän hem-de üstaşyr geçýän ýüklerde wagonlardaky kybaplaýyş serişdeleriniň talabalaýyk saklanylmagy örän möhümdir. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde bu işleriň örän möhümdigi aýratyn bellenilip geçildi. Bu ugurda milli kanunçylygymyza laýyklykda gümrük gözegçiliginiň talabalaýyk amala aşyrylyşy barada gümrük işgärleri giňişleýin çykyş etdiler.

Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen «Halal EKSPO — 2023»-e gatnaşdy

24 — 27-nji noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Halal EKSPO — 2023» sergisine Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan hem wekiller bar. Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 500-e golaý kompaniýa Stambul sergi merkezinde guralan ekspozisiýalarda öz halal önümlerini görkezdiler.

TÜRK­ME­NIS­TAN ― ÝU­NES­KO: ro­waç­lan­ýan gat­na­şyk­

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň ag­za­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy, äh­li il­deş­le­ri­miz bi­len bi­le­lik­de, biz — mu­gal­lym­la­ry hem çyn ýü­rek­den buý­san­ja bek­le­di.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Duşuşygyň başynda komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär

27-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar dünýä bileleşigi tarapyndan uly ähmiýet berilýän möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň garaýyşlaryna, şol sanda ABŞ-nyň bu babatda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça geçirýän çärelerine hormat bilen garaýandygy, öňe sürýän başlangyçlaryna bolsa türkmen tarapynyň oňyn baha berýändigi nygtaldy. ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili döwlet Baştutanymyza howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri geçirýändigi üçin hoşallyk bildirip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistan — Azerbaýjan: işewür gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda goňşy ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Bu bolsa halkara derejede bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi energiýa serişdelerini ibermek, deňiz portlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, Hazar deňzi arkaly ýük daşamalaryny işjeňleşdirmegiň hasabyna söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ençeme ýurtlary baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini döretmekdäki hyzmatdaşlyga, şeýle hem kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklara degişlidir. Şeýle hem söhbetdeşler medeni, ylym-bilim ugurly netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar. Bu ulgamlar iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ygtybarly esasy bolup durýar.

Türkmenistan — Hytaý: dostluk, hoşniýetlilik, ynanyşmak

29-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlament we partiýa wekilleriniň gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Sebitara hyzmatdaşlyk hem täze ösüşe eýe boldy. Şeýle hem soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygy bellenildi. Çünki köp ýyllardan bäri Hytaý Türkmenistanyň iň iri daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Döwletara dialogda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Köp sanly türkmen ýaşlary HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili öwredilýär. Duşuşygyň ahyrynda taraplar umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Däp bolan gatnaşyklar okgunly işjeňleşdirilýär

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, özara gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň täze usullaryny hem-de görnüşlerini ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar.

Hyzmatdaşlygyň wajyp ugry hökmünde kesgitlenildi

29-njy noýabrda paýtagtymyzda iki ýurduň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda strategik hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýän döwletara dialogyň däbe öwrülen dostlukly, toplumlaýyn, ygtybarly we netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, taraplaryň özara tagallalary esasynda soňky ýyllarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýokary, Hökümet we pudagara derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikler ýardam edýär.

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dubaýda dowam edýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) plenar mejlisinde eden çykyşynda habar berdi. Mälim bolşy ýaly, Ählumumy metan borçnamasyna gatnaşýan döwletler ählumumy derejede metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça umumy tagallalara goşant goşmak üçin meýletin hereketleri amala aşyrýarlar. Şu babatda ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň noýabrynda Glazgoda geçirilen «COP26» maslahatyna gatnaşmagy möhüm waka boldy. Şol ýokary derejeli forumda türkmen tarapynyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, giňişleýin gatnaşmak maksady bilen, ony jikme-jik öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi mälim edilipdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda şu barada aýdyp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny hasaba alyp, şeýle-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyzda Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň (NDС) tassyklanandygyny belledi. Bu strategik resminamada 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň möçberini, 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.