"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan we Özbegistan awtoulag arkaly ýük daşaýjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Özbegistanyň Daşary işler we Ulag ministrlikleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň awtoulag arkaly halkara ýük daşaýjylaryna wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.

Türkmenistan — «Airbus» kompaniýasy: kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň hem-de wekilleri Fransiýa Respublikasynyň «Airbus» kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Žak Garrigeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýerde «Airbus» kompaniýasy Türkmenistana Ýeriň üstüne uzak aralykdan gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek hyzmatyny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirmekde netijeli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy halkara derejede uly ähmiýete eýedir

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we ýaýradyldy. Resminama Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edildi. Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň binýadyny düzýär. Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllygyna gabatlanan bu forum döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan möhüm çäre ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk teklipleri öňe sürýän Watanymyzyň bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli ädimleri ädýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Halkara giňişlikde

Gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma Ýakynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirip, şunda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda alnyp barylýan gepleşikleriň ähmiýetine hem üns çekdiler.

Hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylyk

Ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, olary gözlemek, özleşdirmek we çykarmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Şolaryň hatarynda işine ýokary tehnologiýalary, häzirki döwrüň ekologik talaplaryna laýyklykda, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrýan, özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen «Dragon Oil» kompaniýasy hem bar. Öňňin — 5-nji fewralda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň we Aşgabada iş sapary bilen gelen BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşyk hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda bu abraýly düzüm bilen köpýyllyk gatnaşyklary işjeň ösdürmäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň, taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu binýatlyk pudagynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelerdir. Şu maksatla

Şöhratly şäheriň gymmatly baýlyklary

Änew şäheri — 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty Türkmenistan geçmişiň gözli şaýatlary bolan taryhy ýadygärliklere baý ýurtlaryň biridir. Şol taryhy ýadygärlikleriň her biri türkmeniň şöhratly taryhynyň syrly sahypalaryny özüne jemleýär. Gadymy Änew hem şeýle ýadygärlikleriň biridir. Bu gadymy şäher TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy

Düýn - 5-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy bolup geçdi. Aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Hytaýyň wekilçilikli topary, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýyly tamamlandy

Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirilýän döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösüşine möhüm goşantdyr. Ynsanperwer ulgamdaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köpasyrlyk tejribä, baý däp-dessurlara eýe bolup, milletiň ösüşindäki ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine çuňňur düşünilmegine esaslanýar. Türkmenistanda we Hytaýda geçirilýän halkara festiwallara, ylmy maslahatlara, sergilere iki ýurduň döredijilik, medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagy işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi hormat hatyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky 374 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2023-nji ýylyň iş meýilnamasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi jogapkär ýerine ýetiriji hökmünde “Hazar deňziniň türkmen böleginde tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimýetiň ýerli edaralaryň amala aşyrmaly çäreleriniň guralyşyny kämilleşdirmek” atly toplumlaýyn tälim beriş-türgenleşik okuwy geçirildi. Tälim beriş-türgenleşik okuwynyň maksady:

Özbegistanyň hususy awiakompaniýasynyň uçary Türkmenabatdaky ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Türkmenabat Halkara howa menziliniň hyzmatdaşlarynyň hataryna Özbegistanyň «MY Freighter» hususy awiakompaniýasy hem goşuldy. Ýakynda bu awiakompaniýanyň ýük uçary welaýat merkezindäki halkara howa menzilinde täjirçilik maksatly ilkinji gonuşyny amala aşyrdy. «MY Freighter» Özbegistanda döredilen ýük kompaniýasydyr. Kompaniýa ilkinji uçaryny mundan iki ýyl ozal ― 2022-nji ýylda satyn aldy. Şondan bäri bu kompaniýa Özbegistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak işine goşant goşup gelýär.

Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýyly tamamlandy

Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirilýän döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösüşine möhüm goşantdyr. Ynsanperwer ulgamdaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köpasyrlyk tejribä, baý däp-dessurlara eýe bolup, milletiň ösüşindäki ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine çuňňur düşünilmegine esaslanýar. Türkmenistanda we Hytaýda geçirilýän halkara festiwallara, ylmy maslahatlara, sergilere iki ýurduň döredijilik, medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagy işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Dost-doganlygyň döredijilik ruhy

Düýn Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda beýik şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 583 ýyllygyna we görnükli özbek şahyry Zahyreddin Muhammet Babyryň 541 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ilçihananyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň başynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş edip, soňky ýyllarda türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de doganlyk ýurtlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň täze gözýetimleri nazarlaýandygy barada nygtaldy.

Gadymy we gadyrly gatnaşyklaryň dowamy

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda, iki halkyň ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde bu döredijilik çäresiniň ähmiýeti uly boldy. Dabaranyň dowamynda nusgawy hem-de häzirki zaman hytaý aýdym-sazlary, tans we döredijilik çykyşlarynyň onlarçasy ýerine ýetirilip, onda hytaý halkynyň taryhy däp-dessurlary şöhlelendirildi. Owadan egin-eşikler, milli aýdym-sazlar tomaşaçylara Hytaýyň gadymy hem-de häzirki zaman ruhuny duýmaga mümkinçilik berdi. Zehinli tansçylar çykyşlaryň dowamynda maşk usullaryny, çylşyrymly hereketleri ussatlarça ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. «Täze dünýä» atly aýdyşyk aýdymy, «Ebedi dostluk» we «Şatlykly Hytaý Täze ýyly» tans çykyşlary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Biz hem dabara gatnaşan käbir myhmanlaryň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Kýu ÝU, Hytaý sungat toparynyň iş dolandyryjysy:

Dost dilinden dogry söz

Parasatly pederlerimiziň paýhas hazynasynda «Myhman az otursa-da, köp synlar» diýen pähim bar. Garaşsyz Watanymyzyň mümkinçiliklerine we halkara giňişlikde eýeleýän ornuna ýokary derejede geçirilýän çäreleredir duşuşyklara gatnaşmak üçin ýurdumyza ýygy-ýygydan myhmançylyga gelýän görnükli syýasatçynyň nukdaýnazary bilen seretmek hem köp zada göz ýetirmäge kömek edýär. Golaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň «MIR» teleýaýlymyna beren interwýusy hem örän täsirli boldy. Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň eýeleýän orny baradaky söhbetdeşlik Diýarymyzda ýetilen sepgitlere we geljekki mümkinçiliklere daşyndan berilýän baha bilen tanyşmaga şert döretdi. Ilki bilen, syýasy söhbetdeşligiň esasy mowzugynyň Türkmenistanyň taryhy ösüş, durmuş we medeni taýdan umumylyklary bolan doganlyk halklary birleşdirýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda eýeleýän ornuna, onuň integrasiýa taslamalaryna gatnaşmagyna bagyşlanandygyna üns çekmeli. Köpmanyly düşünje bolan «integrasiýa» adalgasy syýasy nukdaýnazardan seredilende, ýakynlaşmagy, goşulyşmagy, birleşmegi aňladýar. Baryp on müňlerçe ýyl mundan ozal ynsanlar tebigatyň ýowuz şertlerine döz gelmek, kynçylyklardan baş alyp çykmak, öňde goýulan maksatlara ýetmek üçin güýçlerini birikdirmegiň, agzybirlikde hereket etmegiň zerurdygyna göz ýetiripdirler. Häzirki döwürde dünýäde emele gele

Metbugat maslahaty geçirildi

Şu gün, ýagny 5-nji fewralda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda özbek halkynyň şöhratly ogly Alyşer Nowaýynyň doglan gününiň 583 ýyllygy mynasybetli metbugat maslahaty geçirildi. Munuň özi türkmen-özbek dostlugynyň müňýyllyklardan gözbaş alýandygyny ýene-de bir ýola subut etdi. Bizi gadymy köklerimiz, dilimiz, dinimiz, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz birleşdirýär. Özbek doganlarymyz bilen özara gatnaşyklarymyz ýyllaryň geçmegi bilen barha berkeýär, has giň hem çuň mazmuna eýe bolýar. Özbek, türkmen halky bilelikde toý-baýram belleýär, halkara derejede iri forumlary, maslahatlary, dostluk festiwallaryny geçirýär. Daşkent şäherindäki “Aşgabat” seýilgähi, Aşgabat şäherindäki “Daşkent” medeni-dynç alyş seýilgähi doganlyk ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam berýär.  Türkmenabat şäherinde  Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärligi dikeldildi. “Ylham” seýilgähinde, Alyşer Nowaýy şaýolunyň ugrunda beýik şahsyýetiň heýkeli oturdyldy.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde bu ýurda iberildi. Şeýle asylly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirip gelýän bu asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Dostlukly döwlete ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen suwuklandyrylan tebigy gaz ýüze çykan şu kynçylykly pursatlarda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň gyrgyz halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin edýän tagallalaryna türkmen halkynyň özboluşly goşand

Gamburgda Bütindünýä portlar maslahaty geçiriler

Gamburg porty tarapyndan hemaýatkärlik edilmeginde 8-10-njy oktýabr aralygynda Gamburgda geçiriljek “IAPH 2024 Bütindünýä portlary maslahatynyň”, maslahatyň täze hyzmatdaşy bolan “Mercator Media” tarapyndan berlen täze portaly bar. Maslahatyň esasy mowzugy eýýäm düzüldi:

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde bu ýurda iberildi. Şeýle asylly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirip gelýän bu asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Dostlukly döwlete ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen suwuklandyrylan tebigy gaz ýüze çykan şu kynçylykly pursatlarda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň gyrgyz halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin edýän tagallalaryna türkmen halkynyň öz

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Ynsanperwerlik, kyn güne düşene kömek goluny uzatmak halkymyza pederlerimizden miras galan asylly ýörelgelerdir. Biz muňa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ynsanperwer syýasatyň mysalynda telim ýola göz ýetirdik. Türkmenistan ynsanperwerlige ýugrulan işleri amal etmegi döwlet syýasaty derejesine çykaryp, ýakyn-u-alys ýurtlarda bolup geçýän tebigy hadysalarda, adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinjileriň hatarynda kömek goluny uzadýar. Hormatly Prezidentimiziň Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen gol çeken Buýrugy hem bu aýdylanlaryň anyk güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz ibermäge borçly edildi. 3-nji fewralda bolsa Türkmenabadyň demir ýol menzilinde ynsanperwerlik ýüki goňşy döwlete ugradyldy. 54 sany çelegiň sanlyja günlerden iberilen ýerine baryp gowşup, gyşyň sowuk howaly günlerinde dostlukly halkyň zerurlyk çekýän ojaklaryny ýylatjakdygy hakda oýlananyňda, döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň, amal edýän ýagşy işleriniň haýyr-sogaby barada pikir edýärsiň.

Halkara giňişlikde

Tanyşdyrylyş dabaralary — Moskwada we Dohada Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny daşary ýurtlarda tanyşdyrmak maksady bilen guralýan çäreleriň estafeta taýajygy Moskwa hem gelip ýetdi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna we «tegelek stol» maslahatyna diplomatlar, dostlukly ýurtda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şeýle-de bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Dabarada döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň gazanan üstünliklerinden söz açýan ilkinji eseriniň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Maslahatyň dowamynda bolsa şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada pikir alşyldy. Şunda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky doly ygtyýarly wekili E.Aýdogdyýew milli we halkara derejede guraljak ýubileý çäreleriniň söz ussadynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da beýgeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.