"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hyzmatdaşlygyň netijeli guraly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän ulag diplomatiýasy netijesinde, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy esasynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistan döwletimiziň ulag ulgamynda amala aşyrýan beýik başlangyçlarynyň halkara derejesinde giň goldawa mynasyp bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen ýyllara ýüzlenenimizde-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça, has takygy, 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendi

"Demirgazyk-Günorta" demir ýol geçelgesiniň türkmen-eýran böleginiň üstaşyr kuwwaty artdyrylar

Sarahs serhedinden (türkmen-eýran serhedi) Eýranyň çägine — Bandar-Abbasa çenli demir ýollary arkaly daşalýan ýükleriniň menzile gowşurylmagy üçin 3-5 gün gerek bolýar diýip, «Mehr» habarlar gullugy Eýran Yslam Respublikasynyň Demirýollarynyň Baş müdiri Miad Salehiniň Tähranda deňiz ykdysadyýeti boýunça geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, habar berdi. Salehi öz çykyşynda Eýranyň ykdysadyýeti üçin demirýol gatnawyň we üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti barada aýdyp, Sarahs — Inçe-burun iki demirýol serhedini mysal hökmünde getirdi we ýükleriň bu serhetler arkaly Hytaýa we Russiýa ibermek mümkinçilikleriniň uludygyny belledi. Şeýle hem ol halkara ýük gatnawlarynda arzanladyşlaryň ulanyljakdygyny we içerki ýüklere aýratyn amatlylyklaryň göz öňüne tutuljakdygyny aýtdy.

Türkmenistan Eýran bilen deňiz ulaglary ulgamynda gatnaşyklary ösdürmekçi

2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tehran şäherinde “Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumy öz işine başlady. Foruma Eýran tarapynyň çagyrmasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Forumda Eýran tarapyndan ulag kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we işewür taraplarynyň wekilleri gatnaşyp, forumyň dowamynda demirgazyk-günorta geçelegesiniň, günbatar-gündogar geçelgelerinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda halkara söwda we ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çykyşlar edildi. Hususan-da, üç sany gatnaw ugrurlary aýratyn bellenip geçildi:

Türkmenistanyň Prezidenti “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 13-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür toparlarynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Bahar TÜÝLIÝEWA,DTYB-nyň daşary ýurt bölümi bolan «Gyrgyz-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň» ýolbaşçysy:

Türkmenistan bilen BAE energiýa we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) amala aşyrýan gulluk iş saparynyň dowamynda BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl bin Muhammed Al Mazrui bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar tebigy gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ulag-logistika boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň DIM-niň duşenbe güni habar bermegine görä, taraplar söwda-ykdysady ugurda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini bellediler we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Azerbaýjanyň tankeri türkmen nebitini daşamakda ulanylar

Azerbaýjanyň tankeri “Gahryman Halilbeýli” Türkmenistandan nebit daşamak üçin ulanylar diýip, Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasyniň (ASCO) metbugat gullugynyň başlygy Mehman Mehdiýew Caliber.az internet portalyna beren interwýusynda mälim etdi. Mehman Mehdiýew ýakynda “Zyh” gämi abatlaýyş we gurluşyk zawodynda bu gämini düýpli abatlaýyş işleriniň üstünlikli tamamlanandygyny we tankeriň ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ilkinji ýüzüşini amala aşyrjakdygyny aýtdy.

Türkmenistan we Hytaý syýahatçylygy ösdürmek, «Aşgabat — Sanýa» uçuşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

9-12-nji fewral aralygynda Hytaýyň «Hainan Weidu International Travel Co. Ltd» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Söwda-senagat palatasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler we türkmen tarapyna iki sany geljegi uly taslama hödürlediler. Duşuşyklaryň esasy mowzugy iki ýurduň syýahatçylyk pudagyndaky gatnaşygy boldy.

Magtymguly halk ýadynda

Irina KIKWADZE, Gruziýanyň «Komsomolskaýa prawda» gazetiniň žurnalisti. Magtymguly, sözüm bilene sözdür,Bilmedik adama gury owazdyr.                                     Magtymguly Pyragy.

Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär. Şeýle-de maslahata «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

«Wildberries» onlaýn dükany türkmen bazaryna girmek mümkinçiligini öwrenýär

Russiýanyň iň uly onlaýn dükanlaryndan biri bolan «Wildberries» türkmen bazaryna girmek mümkinçiligini öwrenýär. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Tatýana Bakalçugyň sözlerine görä, «Wildberries»-iň onlaýn dükany Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlarynyň bazarlaryna eýýäm ornaşyp, indi bu uly kompaniýanyň ümzügi GDA ýurtlaryna, has takygy, Türkmenistana hem-de Täjigistana gönügendir.

Şu ýylyň ýazynda Belarus Respublikasynyň ýüklerini Hazaryň üsti bilen daşamak synag ediler

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astrahan welaýatynda bolandygyny senagat önümçiligi boýunça «Lotos» ýörite ykdysady zolagynyň (ÝYZ) metbugat gullugy habar berýär. Sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçirilen duşuşykda taraplar «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagy ösdürmek we «Lotos» ÝYZ-da önümçiligiň lokalizasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, belarus tarapynyň wekilleriniň Astrahandaky port desgalary arkaly ýük daşamagy artdyrmak isleýändikleri bellenildi.

Halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki-okuw çäresi geçirildi

5 — 9-njy fewralda Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlylaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak we bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki-okuw çäresi geçirildi. Bu çärä gatnaşýanlara döwrebap tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berýän seminarlara we sessiýalara gatnaşmak, halkara synaglara gatnaşyp, «Cisco» şahadatnamasyna eýe bolmak, IT bilermenler bilen barlaghanalara gatnaşmak we olar bilen duşuşyp, maslahat alyşmak, enjamlary we tehnologiýalary sazlamaga degişli özbaşdak tejribe barlaghanalarynda işleri geçirmek ýaly mümkinçilikler döredildi. «Cisco Live 2024» atly uly tehniki okuw çäresiniň çäginde halkara sergi meýdançasy gurnaldy. Serginiň çäginde «Cisco Systems» kompaniýasynyň täze öndüren enjamlary bilen tanyşdyrylyp, olaryň tehniki häsiýetnamasy öwrenildi. Şonuň bilen birlikde, sergä gatnaşyjylar sergi meýdançasyndaky daşary ýurt kompaniýalaryň öndürýän önümlerini has giňişleýin öwrendiler.

Türkmenistan Halkara deňiz guramasynyň Bunker Konwensiýasyna goşuldy

Halkara deňiz guramasy (HDG) Türkmenistanyň «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara Konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmagyny makullady. Konwensiýa 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap güýje girýär. Halkara deňiz guramasy (HDG) Türkmenistanyň «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara Konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmagyny makullady. Konwensiýa 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap güýje girýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Metbugat gullugy habar berdi.

Jahan habarlary

Ýewropada parnik gazlaryň mukdary 90 göterim azalar Ýewropa Bileleşigi 2040-njy ýyla çenli atmosfera bölünip çykarylýan parnik gazlarynyň mukdaryny 90 göterim azaltmagy maksat edinýär. Bu gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hem-de atom energetikasynyň giňden ornaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylar diýlip garaşylýar.

Türkmenbaşy halkara deňiz porty «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň sanly sanawyna giriziler

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasy baradaky maglumatlar «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna giriziler. «Türkmenistan: Altyn asyr» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, sanawy döretmek karary GDA-nyň ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen ulag babatyndaky işewür gepleşikleriniň ikinji mejlisiniň netijelerinden gelip çykýar.

Türkmenistan BUNKER-2001 konwensiýasyna goşuldy

Gämilere bunkerleme hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde halkara talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmak barada degişli işler geçirilip, Halkara deňiz guramasy (HDG) tarapyndan Türkmenistanyň Konwensiýa goşulmagy makullanyldy. Konwesniýa Türkmenistan üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap girýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Konwensiýanyň esasy maksady – bunker ýangyjy bilen hapalanmak boýunça jogapkärçiligi kesgitlemek amallaryny we ýeke-täk öweziniň dolunmagy üçin ýeke-täk halkara kadalary we tertibi kabul etmekden ybarat. Konwensiýa laýyklykda, bunker ýangyjy – bu gämi hereketlendirijileriniň işlemegi üçin peýdalanylýan ýangyçdyr. Konwensiýa ýangyç dökülmeleri netijesinde zyýan çeken taraplara çalt we netijeli öwez dolmany üpjün edýär.

Halkara giňişlikde

Adam hukuklarynyň goraglylygyna ygrarlylyk Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Folker Türküň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissaryň edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy möhüm hasaplaýandygy nygtaldy. Şunda bu düzümiň 2008-nji ýylda Bişkekde açylan sebitleýin wekilhanasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin wajyp ähmiýete eýedigine üns çekildi.

Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: köpasyrlyk gatnaşyklara ygrarlylyk

6-njy fewralda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüküni ugratdy we zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy halkara derejede uly ähmiýete eýedir Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we ýaýradyldy. Resminama Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edildi.