"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Işewürlik hyzmatdaşlygy — tejribe mekdebi

Halkara, goňşara gatnaşyklar ösüşleriň geriminiň giňemegine, depgininiň artmagyna şert döredýär. Goňşy Owganystan döwleti bilen bolsa soňky ýyllarda dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisi we iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty hem bu ajaýyp işleriň özboluşly dowamyna öwrüldi. Sergi — hünärmenler, işewürler üçin öz başarnygyňy dünýä ýaýmak, ösüşiň täze ýollaryny gözlemek babatda ajaýyp meýdança bolsa, ýaşlar üçin öz saýlap alan ugurlaryndan tejribe toplamagyň mekdebi bolup durýar. Owganystanyň 230-dan gowrak kompaniýasynyň we kärhanasynyň hünärmenleri bu sergide dürli ugurlarda öz mümkinçiliklerini açyp görkezdiler. Owadan halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy, gök önümler, miweler, azyk önümleri sergilenen diwarlyklar, wideogörnüşler, neşir önümleri goňşy ýurduň dürli ugurlardaky ösüşi hakda söhbet açdy. Ýokary hünärli inžener-tehnologlary taýýarlaýan uniwersitetimiziň mugallymy hökmünde sergide gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ugurlaryna degişli diwarlyklarda görkezilen harytlar, olary öndürýän kompaniýalar bilen tanyşmak biz üçin has-da täsirli boldy.

Gatnaşyklara çaýylan nur

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly dünýäniň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Esasan hem goňşy döwletler, şol sanda köpasyrlyk dostlukly däp-dessurlar we taryhy-medeni umumylyklary baglanyşdyrýan owgan halky bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Iki ýurduň dürli derejedäki wekiliýetleriniň amala aşyrýan iş saparlary, geçirilýän döwlet ähmiýetli maslahatlar, gepleşikler hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine köp babatda ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de Owganystanyň ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümlerini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri äder. Türkmenistan Owganystanyň syýasy-ykdysady durnuklylygyna, goňşy doganlyk halkyň abadançylygyna we bitewüligine uly gyzyklanma bildirýär. Ýurdumyzyň üýtgewsiz garaýşy ýeňillikli esasda elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginde, durmuş maksatly desgalary gurmakda, hünärmenleri taýýarlamakda berilýän ýakyn goldawda hem aýdyň ýüze çykýar.

Gadyrly gatnaşyklaryň giň mümkinçiliklerine daýanyp

Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan ýurdumyzda saparda boldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklary geçirdi. Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan, geografik taýdan amatly ýerleşen, depginli ösýän döwletlerdir. Bu bolsa gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýalar, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar. Munuň özi tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan iki döwletiň ykdysadyýetiniň diňe nebite ýa-da gaza bagly bolman, eýsem, köpugurly esasda ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Diplomatiýa — parahatçylyk döretmegiň sungaty

1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýylyň iri diplomatik çäresi 150-ä golaý döwletden 4500-den gowrak wekili bir meýdança jemledi. Gadyrly dostlaryň duşuşygy

«Ýaşyl» dünýäni gurmaga çagyryş

4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň gün tertibi daşky gurşawy goramak meselesiniň sebitiň ýurtlary, ÝHHG we tutuş halkara jemgyýetçilik üçin ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek, bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.

“Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşyk “Türkmendemirýollary” agentliginiň Başlygy A.Atamuradowyň we “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Z.G.Narzullaewiň ýolbaşçylygynda alnyp baryldy.

Gazagystan bilen Özbegistanyň aralygynda ýük daşamak işi ýönekeýleşdiriler

Özbek rugsatnamasynyň berilmegini has ýönekeýleşdirmek üçin Gazagystan Respublikasynyň ulag, maliýe hem-de sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrleriniň bilelikdäki buýrugynyň taslamasy işlenip düzüldi. Buýruk özbek rugsatnamalarynyň blankalaryny bermek üçin synag taslamasyny durmuşa geçirmek barada bolup durýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan «Kazinform» agentligi habar berýär. Synag taslamasy Atameken, B.Konysbaýewa, Gazygurt, Kaplanbek we Tažen barlag nokatlarynda «üçünji ýurtlara/ýurtlardan» görnüşli rugsatnamalaryň elektron nusgasynda berilmegini göz öňünde tutýar.

Madhumita Hazarika Bhagat: «Türkmenistanda Hindistana wekilçilik edýändigime örän şat»

Bitarap Türkmenistan daşary syýasatynda dünýäniň ýakyn-u-alysdaky ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şolaryň hatarynda Günorta Aziýanyň ykdysady taýdan iň kuwwatly döwleti hasaplanýan Hindistan Respublikasy hem bar. Golaýda bolsa bu dostlukly ýurduň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat resmi taýdan öz diplomatik wezipesine girişdi. Biz hem hormatly ilçini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri babatda pikir-garaýyşlarydyr geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandyk.

Türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirip

Şu ýylyň fewral aýynyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy. Dostlukly ýurduň dürli wezipelerdäki ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklar netijeli häsiýete eýe bolup, olaryň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, parlament diplomatiýasy arkaly halklary ýakynlaşdyrmak babatda möhüm meselelere garaldy. Häzirki zaman dünýäsinde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlament diplomatiýasy dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar, bu babatda hyzmatdaşlyk edilýän döwletleriň sany hem barha artýar. Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Birleşigiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda guralmagyna oňyn täsirini ýetirýär, kanun çykaryjylyk işi boýunça halkara tejribeleri içgin öwrenmäge we olary milli kanunçylyk bilen sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň parlament wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary hem bu ugurda möhüm wakalaryň biri bol

Ylym-bilim ulgamy: öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär

Katar Döwletiniň bilim ulgamynda toplan oňyn tejribesini öwrenmek we bu babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet golaýda Doha we Lusail şäherlerinde iş saparynda boldy. Katarda ylym-bilim ulgamy döwlet syýasatynyň strategik ugry hasaplanýar. Muňa Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasy (Qatar Foundation) tarapyndan maliýeleşdirilýän «Bilim şäherçesinde» ýerleşýän halkara uniwersitetleriň işi bilen tanşanyňda, has anyk göz ýetirmek bolýar. Nebitdir gazdan gelýän girdejiniň bir bölegini ylym-bilime maksadalaýyk gönükdirmek bilen, Kataryň Hökümeti bu babatda dünýä nusgalyk işleriň ençemesini amala aşyrypdyr.

Täze howa gatnawy

Ýakynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçary Aşgabat — Hoşimin — Aşgabat ugurlary boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Bu waka ýurdumyzyň ulag ulgamynda durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň aýdyň netijesidir. Aşgabat bilen Hoşimin şäherleriniň arasynda howa gatnawynyň ýola goýulmagy iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykýandygyny görkezýär. Munuň özi işewür düzümleriň wekilleri bilen bir hatarda, jahankeşdeler üçin-de oňaýly mümkinçiligi üpjün edýär. Bu durmuş-ykdysady ugur bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine-de giň ýol açýar. Täze howa gatnawy soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Köpugurly gözden geçirilişiň oňyn netijeleri

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda üç günläp dowam eden owgan harytlarynyň sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy. Köpugurly gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty, iki ýurduň zenan telekeçileriniň duşuşygy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýurdumyzyň we owgan işewürleriniň gatnaşmagynda göçme birža söwdalary geçirildi. Dostlukly gatnaşyklary pugtalandyran sergä Owganystanyň 230-dan gowrak kompaniýadyr kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary gatnaşdy. Owgan harytlarynyň paýtagtymyzdaky sergisine baryp görenler dürli ugurlara degişli diwarlyklar bilen tanyşdylar. Bu ýerde halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy, gök, miwe we azyk önümleri hem-de beýleki harytlar görkezildi. Sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna goňşy ýurduň söwda pudagynyň ösüşlerine bagyşlanan wideoşekiller ýetirildi. Halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň eserleri, şol sanda keramiki, agaçdan oýulyp ýasalan önümler myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halklaryň özara dost-doganlygynyň berkeýän ýylyna öwrülýär. Şanly ýylyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşyp, taryhy çykyş etmegi möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüldi. Milli Liderimiziň bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygy netijeli häsiýete eýe boldy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär. Munuň şeýledigini geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň häzirki wagtda 2,5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup, geljekde bu görkezijini 5 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmäge mümkinçiligiň bardygy barada aýdylanlar hem tassyklaýar. Bu hem dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän döwründe işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. 

Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleriniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda Ýolagçy-parom terminalynyň mejlisler zalynda myhmanlara Türkmenbaşy halkara deňiz portyň enjamlary we tehnikalary, ýerine ýetirýän hyzmatlary we nyrhlary barada jikme-jik beýan edýän prezentasiýa görnüşli gürrüň berildi. Soňra myhmanlar her terminal bilen aýratyn tanyşyp, portuň mümkinçiliklerini we kuwwatlylygyny öwrendiler. Şeýle-de, myhmanlara üstaşyr ýükler üçin “gümrük düzgüni” tertibiniň artykmaçlyklary barada gürrüň berildi. Bu hyzmat portuň çäginde dürli ýükleri we harytlary gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär. Bu usul köp müşderler üçin amatly bolup, ýagny, gümrük resminamalaryny bellige almak we ýükleri daşamak üçin wagty we çykdajylary ep-esli azaldar.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň ýurdumyz bilen dürli ugurlary öz içine alýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy — äh­lu­mu­my gym­mat­lyk­la­ry da­ba­ra­lan­dyr­ýan paý­has­ly sy­ýa­sa­tyň nus­ga­sy

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hä­zir­ki dö­wür­de hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da iş­jeň or­ny eýe­le­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz döw­let Baş­tu­ta­ny bo­lup iş­län döw­rün­de gör­nük­li sy­ýa­sy we jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri, mil­le­tiň Li­de­ri hök­mün­de, dün­ýä­de giň­den yk­rar edi­len, baý tej­ri­be­si­ni umu­mymil­li mak­sat­la­ra gö­nük­di­rip, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny be­lent de­re­je­le­re ýe­ti­ren Be­ýik Şah­sy­ýet­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dür­li ýyl­lar­da öňe sü­ren da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ry äh­lu­mu­my gol­da­wa eýe bo­lup, hä­zir­ki za­ma­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň oňyn çöz­gü­di­ni tap­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Ba­har pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de, 2-nji mart­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi­ne 32 ýyl bol­dy. Bu dö­wür­de BMG bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň ul­ga­my ke­ma­la gel­di. Türk­men döw­le­ti­niň baş­lan­gy­jy esa­syn­da bu ab­raý­ly gu­ra­ma­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň köp san­ly­sy ka­bul edi­lip, olar äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ril­di.

Işewürlik hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleri

Ahmad Jawid WAHIDI,Owganystanyň halkara bankynyň wise-prezidenti:

Hyzmatdaşlyk köprüleri — täze ösüşleriň şerti

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-2-nji martda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary köptaraply hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny nazarlamakda möhüm waka boldy. Bu sapar strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berdi. Iş saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzy Türkiýäniň Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli mübäreklemegi, döwletara gatnaşyklaryň ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýandygyny aýdyň subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň 26-njy fewralda gol çeken Permany bilen, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylmagy özara gatnaşyklaryň belent derejesiniň bir görkezijisidir. Milli Liderimiziň türk Liderini bu hormatly at hem-de 70 ýaş ýubileýi bilen gutlap, türkmen milli içmegini sowgat bermegi mizemez türkmen-türk dostlugynyň nyşanyna öwrüldi. Nar gabygyndan taýýarlanylan tebigy boýag bilen boýalýan, ýokary hilli deriden taýýarlanyp, nagyşlar bilen bezelýän sary içmek il içinde uly abraýdan

Türkmenistan — Owganystan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär

4-nji martdapaýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi. Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlary ýaňlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürler gatnaşdylar.

Türkmenistanda ekologiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça ÝHHG-niň forumy geçirildi

4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek, bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.