"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy» awtomobil ýoly döwrebaplaşdyryldy

Özbegistan «Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy» awtomobil ýolunyň öz çägindäki bölegini döwrebaplaşdyrdy. Has takygy, dört zolakdan ybarat bu ýol asfalt beton bilen örtüldi. Munuň özi onuň 20 ýyllap ýokary derejede saklanmagyna şert döreder. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurduň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş mejlisine salgylanyp, «Uzdaily» habar berýär. «Bu ýerde ugurdaş goşmaça ýol hem guruldy. Täze ýol belgileri, elektron displeýler we gün panelleri arkaly yşyklandyryş ulgamy gurnaldy. Ýoluň ugrunda bezeg agaçlary oturdylýar» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk gecirildi

Ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça başlangyjyny goldaýandygyny mälim edip, şertnamanyň taslamasynyň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Aşgabat täze sport üstünliklerine tarap ynamly öňe barýar

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri” atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu Çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Aşgabatda 24-nji maýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bar.

Sportuň rowaçlanýan ýurdunda

Geçen hepdäniň şenbe gününde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilen ajaýyp sport baýramçylygy 50 töweregi ýaş tennisçini bir ýere jemläp, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan dabaralara aýratyn öwüşgin berdi. Çagalaryň halkara tennis festiwalynyň çäklerinde, bu sport toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli güwänamanyň gowşurylmagy-da buýsançly pursatlara beslendi. Biz hem sport baýramçylygyna gatnaşan ýokary derejeli wekilleriň käbiriniň tennis festiwalynyň geçirilmeginiň, ýurdumyzyň sport diplomatiýasyndaky täze üstünliginiň ähmiýeti hakdaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik. SeýedAmir BORGHEI,Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili:

Ählumumy welosiped baýramçylygy

Zeminiň çar künjeginde giň gerim aldy Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýyl ýedinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dost-doganlygyň ilçisi hökmünde sportuň giň mümkinçiliklerini açyp görkezýän halkara baýrama öwrüldi. Şunda bu şanly senäniň ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolup, oňa bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň mazmunynyň ýyl-ýyldan has-da baýlaşdyrylýandygynyň şaýady bolýarys. Däp bolşy ýaly, bu ýyl hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarydyr konsullyk edaralary-da welosipedli ýörişleri, dürli çäreleri guramak bilen, Ýer ýüzüniň çar künjeginde ekologik taýdan arassa bu ulagyň muşdaklaryny bir ýere jemlediler.

Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

29-njy maýda Er-Riýadda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisiniň barşynda öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy we geljegi uly taslamalar boýunça çözgütleri kabul edildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine toparyň başlyklary ýolbaşçylyk etdi: türkmen tarapyndan — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, saud tarapyndan — Saud Arabystanynyň maýa goýumlar ministri Halid Al-Falih.

Türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Tbilisi şäherinde saparda boldular

Türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 27 — 31-nji maýy aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherine Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak üçin gepleşiklerde öňdebaryjy tejribe alyşmak, şeýle hem milli söwda syýasatyny öňe sürmek boýunça okuw saparyny amala aşyrdylar. Bu barada business.com.tm habar berdi. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Merkezi bankyň we Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri girdi.

Özbek-rus söwda dolanyşygy 30 milliard amerikan dollaryna ýetiriler

Özbegistan we Russiýa Federasiýasy özara söwda dolanyşygyny 30 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýärler. Bu ugurda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gepleşikler geçirildi. Degişli maksada ýetmek üçin ýakyn wagtda söwda şertnamalarynyň we ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini aňsatlaşdyrjak Özbegistanyň Russiýadaky doly ygtyýarlyga eýe söwda wekilhanasy işe başlar. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň jemlerine görä, özbek-rus söwda dolanyşygy 9,88 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şu ýylyň başyndan bäri bolsa iki ýurduň özara söwdasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30 göterim ýokarlandy.

Maýa goýum mümkinçilikleri: milli we umumy bähbitleri nazarlap

Dünýädäki syýasy ýagdaýlaryň, halkara gatnaşyklar ulgamynyň düýpgöter öwrülişiklere sezewar bolýan häzirki şertlerinde «sebitler bolup dostlaşmak», ýagny sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meýliniň barha güýçlenýändigi aýdyň duýulýar. Munuň şeýle bolmagy, ilkinji nobatda, ählumumy derejede pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmek meselesiniň köp babatda milli, sebit we yklym derejesindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna baglydygy bilen şertlendirilendir. Şunda soňky ýyllarda Gündogaryň hem Günbataryň arasynda ýurtlary baglanyşdyryjy köpri bolup hyzmat edýän Merkezi Aziýa döwletlerine gyzyklanmalaryň yzygiderli artýandygy bilen baglylykda «C5+…» mehanizmine aýratyn orun degişlidir. «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» dialogynyň döredilip, onuň çäginde ýokary derejeli duşuşyklardyr forumlaryň geçirilmeginiň ýola goýulmagyny-da muňa anyk mysal hökmünde görkezip bileris. Golaýda bolsa şu formatdaky ýurtlaryň degişli wekilleri maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine ýygnandylar. Bu forum ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarydyr syýasatşynaslara özara tejribe alyşmak, maýa goýum serişdelerinden oňyn bähbitleri gazanmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürmek, bar bolan mümkinçilikleri kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunba

Ýaş nesil — röwşen geljek

Aleksandru NARTEA,BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary: — BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tutuş Ýer ýüzünde, şol sanda Türkmenistanda-da çagalaryň doly derejede ösüp-ulalmaklary, munuň üçin olaryň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmegi ugrunda iş alyp barýar. Her bir çaganyň howpsuz, üns-alada, hormat hem goraglylyk bilen gurşalan gurşawda ýaşamaga hukugy bardyr.

Işewür hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda uly tagallalar edilýär. 28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşmagy munuň nobatdaky mysalydyr. Duşuşygyň gün tertibini gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary baradaky meseleler düzdi. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Taraplar özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şunda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesine aýratyn üns çekildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bu babatda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan “Italiýa-Merkezi Aziýa” ministrler maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýada geçirilen “Italiýa-Merkezi Aziýa” 3-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýaniniň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew hem-de Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin gatnaşdy. – Italiýa Merkezi Aziýa döwletleri bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmagy esasy ugurlarynyň biri hasaplaýar we bu gatnaşyklary italýan kompaniýalarynyň Merkezi Aziýa döwletlerine açylmagy üçin ümümkinçilik hökmünde garaýar. Sebit ýurtlary bilen ykdysadyýet, senagat, ekologiýa, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berýäris – diýip, Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýani belledi.

Türkmenistan CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyga gatnaşdy

Golaýda Daşkent şäherinde CASCA+ ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň hem-de Türkiýäniň demir ýol gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda taraplar CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilmeli taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda suw ulaglary boýunça guralan konferensiýada çykyş etdi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekiliýeti Astrahan sebitinde Hazar ylym-bilim kongresiniň çäginde guralan «Suw ulaglarynyň meselelerini çözmegiň häzirki zaman çözgütleri» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri üstaşy ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak we ulag infrastrukturasynda geografiki maglumat tehnologiýalaryny ulanmak ugrundaky gazanan ösüşlerini köpçülige hödürlediler.

Strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýän iri sebitleriň biri hem Aziýa—Ýuwaş umman sebiti bolup durýar. Bu sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hem-de bar bolan möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgüdini tapmak ýurdumyzyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär. Aziýa—Ýuwaş umman sebitinde okgunly ösýän we ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hem Hytaý Halk Respublikasydyr. Döwletleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Aziýa yklymynda geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmekde giň mümkinçilikleri döredýär.

Страны ОТГ создают Совместный комитет по комбинированным грузоперевозкам

Страны-члены Организации тюркских государств (ОТГ) создают Совместный комитет по комбинированным грузоперевозкам. Как передает в среду Trend, об этом говорится в сообщении Мажилиса парламента Казахстана. Так, сегодня Мажилис ратифицировал Соглашение о международных комбинированных грузовых перевозках между правительствами стран ОТГ, подписанное в Самарканде 11 ноября 2022 года. Оно направлено на дальнейшее развитие транзитно-транспортного потенциала и торгово-экономических отношений между Казахстаном, Азербайджаном, Кыргызстаном, Турцией и Узбекистаном.

На границе Китая и России расширяют пропускную способность железных дорог

В провинции Хэйлунцзян началась реконструкция участка железной дороги от города Суйфэньхэ до российско-китайской границы. Двухколейная магистраль Харбин – Суйфэньхэ – один из важнейших транспортных коридоров между двумя странами. Около девятисот поездов Китай – Европа ежегодно перевозят по ней свыше 10 миллионов тонн грузов, передает Большая Азия. После реконструкции скорость движения составов увеличится с 55 до 120 километров в час, что повысит пропускную способность линии в два раза.

Dünýä we Magtymguly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iki günlük medeni-sport çäreleri guraldy. Çäreleriň birinji gününde diplomatlaryň, talyplaryň, edebiýat muşdaklarynyň, bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda edebiýat agşamy geçirildi. Onda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň, ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçimiz M.Orazowyň çykyşlaryna orun berildi. Soňra hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary we Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy. Çärä gatnaşyjylara bu eserleriň many-mazmuny, olaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berlip, şahyryň şygyrlaryndan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi.

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek maksadyndan ugur alyp

Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan we Gazagystan ulag-logistika taslamalarynyň durmuşa geçirilişine garadylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika ugurlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça işleriň alnyp barylyşyna garadylar. Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini ýene bir gezek tassyklajak bu taslamalaryň gutarnykly netijä getirilmeginiň ähmiýeti hem bellenildi.