Aşgabat - açyk asmanyň astyndaky galereýa
Sungaty öwrenijileriň pikirlerine görä, nakgaşlyk seredip, synlap bolýan sungat, heýkeltaraşlyk daşyndan aýlanyp bolýan sungat, binagärlik içinden geçip bolýan sungat. Ine, her gezek Aşgabat hakynda bir zat ýazmaly bolanda şu pikirler ilki sere gelýär. Aşgabat ― sungat eserleriniň jemlenen ýeri ― galereýasy. Onuň islendik künjeginde durup, nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik eserleriniň iň ajaýyp nusgalaryny synlap bolýar. Onuň islendik künjeginde durup, guşlaryň, agaçlaryň, çüwdürimleriň, «dag tarapdan typyp gelen «ýaşyl» şemalyň, mymyk şemalyň», şadyýan çagalaryň, sazlaşykly geçip duran ulaglaryň seslerinden düzülen simfoniki sazy diňläp bolýar. Onuň islendik künjeginde al-gyzyl gülleri synlap, parfýumeriýa sungatynyň iň tebigy nusgalaryny (belki-de ony başgaça aýtmalydyrys, meselem, aromaterapiýa bejergisiniň iň tebigy serişdelerini) kabul edip bolýar. Onuň asuda, erkana, nurana, dostana keşbi ― şahyr Kakamyrat Rejebowyň sözi bilen aýtsak, «Bagtyň suraty». Hormatly Prezidentimiz 25-nji fewralda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen bolan duşuşygynda häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik ulgamyna girizmek boýunça zerur işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işleriň iň öňdengörüjiliklisi, ýakymlysy, möhümi, ajaýybydyr.