"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ak şäheriň bedewleri

Aşgabat — gözelligiň şäheri. Owalynda ady söýgi bilen baglanyşdyrylyp döredilen Aşgabadymyzyň islendik künjegine baryp göreniňde-de bu durmuşa, barlyga, ýaşaýşa söýgä ýugrulan binalara, ýadygärliklere gözüň düşýär. Gahryman Arkadagymyzyň gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly toý tutup, baýram etmek barada aýdanlary hem halkymyzyň mähriban paýtagtyna söýgüsiniň ýüze çykmasy bolup, ýüreklerde joşgun döretdi. Aşgabat diýlende türkmeniň ykbalyna dahylly seneler seriňe dolýar. Munuň sebäbi ýönekeý: ajaýyp paýtagtymyz türkmeniň ykbaly bilen baglanyşykly wakalaryň ençemesiniň şaýady. Bu şäherde ol taryhy wakalar barada gürrüň berýän ýadygärlikleriň, binalaryň, muzeýleriň... ençemesi bar. Olaryň her biri biziň şu topraga, pederlerimiziň geçen ýollaryna söýgimizi has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatda eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 15-nji apreli) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Aziýanyň merjeni

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, türkmen gurluşygynyň derejesi çalt depginlerde ösýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy ähli ugurlar bilen bir hatarda, paýtagt şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini düýpli özgertmäge giň şertleri döretdi. Milletiň ruhy dünýäsini, medeni gymmatlyklaryny, döredijilik ukyplaryny we ýurduň ýeten sepgitlerini görkezýän paýtagt şäherler aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolýar. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan şäheri hem-de özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň, işewür duşuşyklary geçirmegiň amatly merkezi hökmünde ykrar edilýär. Döwrebaplygyň hem milliligiň özboluşly sazlaşygyny özünde jemleýän paýtagtyň iri desgalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarynda öňde goýan wezipelerini, maksatlaryny durmuşa ornaşdyrýan ýurduň keşbini emele getirýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň paýtagtynyň binagärlik — şähergurluşyk keşbini has-da ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 28-nji ýanwarynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek bilen bagly degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, «Ak şäherim Aşgabat» monumentinde gözel paýtagtymyza bagyşlanan toý dabarasy geçiriler. Bu ş

Söz sözleýär adyl Prezidentimiz (Oda)

Çuň ýürekden çykyp, barýar ýürege,Söz sözleýär adyl Prezidentimiz.Her jümlesi eýlenendir kereme,Söz sözleýär adyl Prezidentimiz. Halky üçin dörän, halkynyň Ogly,Kalbynda ylham-joş, ýürekde dogmy,Alnymyzdan, göýä, ak Gün deý dogdy,Söz sözleýär adyl Prezidentimiz.

Garaşsyzlyk — mizemez bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şanly toýa sowgatly barmaga ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bagtyýar türkmen halky hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze-täze üstünlikleri gazanýar. Eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşler, guwandyryjy üstünlikler biziň her birimizi guwandyrýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzyň halkara derejesindäki mertebesini has-da belende göterýär.

Gözel şäher — Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň söýgüsinden, yhlasyndan, döredijilikli zehininden, binagärlik ukybyndan täze keşbe eýe bolýan Aşgabat dünýäniň nusgalyk şäherine öwrülýär. Binalary ak mermere, goýny goýry baglara, çarbaglary gül-çemene bürenen paýtagtymyzyň keşbinde päklik, goýnunda bagtyýarlyk orun tutup, gujagynda yşk, ýaşlyk, gujur-gaýratlylyk hem gözellik joş urýar. Bu gün türkmen halky 140 ýaşy arka atýan Aşgabadyň nuranalyga, gözellige ýugrulan keşbinden ylham alýar. Aşgabadyň şäher gözelliginiň esasy aýratynlyklarynyň birini paýtagtymyza özboluşlulyk we müşk berýän agaçlar, emeli tokaýlar emele getirýär. Tomsuň yssy günlerinde olardan ýöräp geçmek ýa-da suw çüwdürimleriniň ýanynda dynç almak adama rahatlyk berýär. Islendik ýerden seredeniňde-de Köpetdagyň owadan gerişleriniň görünýändigi Aşgabadyň şähergurluşyk taslamasynyň aýratynlygydyr. Şu zatlaryň ählisini göz öňünde tutanymyzda ak mermerli Aşgabada parahatçylygyň, ylalaşdyryjylygyň, ýaşlygyň, gözelligiň hem bagtyň şäheri diýip, arkaýyn aýdyp bileris.

Atşynaslaryň me­ka­nynda

Gök­de­pe et­ra­by­nyň Kä­ri­zek ge­ňeş­li­gi­niň Aba An­na­ýew oba­sy we onuň bi­len ýa­na­şyk­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my Kö­pet­da­gyň ete­gi­ne öz­bo­luş­ly gö­zel­lik goş­ýar. Bir-bi­ri bi­len öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rip, gö­re­ni haý­ra­na goý­ýan bu nus­ga­lyk oba we top­lum Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da 2016-njy ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Us­sat at­şy­nas, tej­ri­be­li se­ýis Aba An­na­ýe­wiň ady­ny uly buý­sanç bi­len gö­ter­ýän bu nus­ga­lyk oba­da ýa­şa­ýan at­çy­lyk hü­när­men­le­ri, se­ýis­ler öz­le­ri üçin dö­re­di­len aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler­den ruh­la­nyp, ge­çen ýyl­la­ryň için­de be­hiş­di be­dew­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek we spor­ta taý­ýar­la­mak ba­bat­da gu­wan­dy­ry­jy iş­le­ri alyp bar­dy­lar hem-de bu ugur­da­ky iş­le­ri hä­zir­ki gün­ler­de-de üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär­ler. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Aba An­na­ýew oba­syn­da we onuň bi­len ýa­na­şyk­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da dö­re­di­ji­lik sa­pa­ryn­da bo­la­ny­myz­da hem aý­dyň göz ýe­tir­dik.

Buýsanjymyz — şanly Watan

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, üstümizdäki ýylda ýurt garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Garaşsyzlyk ýurdumyza özygtyýarly döwlet bolup, özüniň dünýä ýüzünde ýöredýän syýasatyny, dünýäniň döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny özbaşdak kesgitlemäge we ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen iki taraplaýyn we dünýäniň, sebitiň bähbitlerine gönükdirilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolsa, häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokary derejelere çykarýar. Şu günki gün dünýä ýurtlary, döwletleri, halklary bilen gatnaşyklary ýakynlaşdyrmagyň iň netijeli gurallarynyň biri bolan medeniýet diplomatiýasy ýokary netijelere eýe bolýar. Şunda ýurdumyzyň ÝUNESKO guramasy bilen gatnaşyklary giňeldýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki döwre çenli ýurdumyzyň çäginde ýerleşen gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly ýadygärlikler toplumlary bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Adamzadyň maddy däl medeni mirasyň sanawyna bolsa «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym aýtmak we tans sungaty, milli halyçylyk sungatymyz we beýleki gymmatlyklarymyz girizildi.

Buýsanja beslenýän beýik işler

Türkmen halkynyň döwletli ojagyny bedew atsyz, alabaý itsiz, halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Eýesine wepaly, ýelden ýüwrük, gözelligiň nusgasyna öwrülen, ynsanyň ýakyn syrdaşy hasaplanylan dal bedewler we alabaý itler halkymyzyň guwanjy. Uzak asyrlaryň dowamynda halkymyz bu behişdi jandara örän aýawly seredip, onuň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berip gelipdirler. Paýhasly pederlerimiziň bu ugurda çeken ýadawsyz zähmeti netijesinde miras galan gadymy türkmen seýisçilik sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Mähriban halkymyzyň bu seýisçilik sungaty häzirki wagtda döwrüň öňdebaryjy usullary bilen utgaşdyrylyp, ussat atşynaslarymyz we itşynaslarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan günlerinde agzybir halkymyzyň watançylyk ruhy belende göterilýär. Munuň özi gadymy hem müdimi türkmen topragyna öwüşgin çaýýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabara bilen bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bu ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bir günde belleniler.

Bagtyýarlygyň we ösüşleriň şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň utgaşyp gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Türkmen paýtagtynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşleriň, ýetilen sepgitleriň miwesi aýdyň görünýär. Eziz Watanymyzyň taryhynda, halkymyzyň durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi, belent üstünlikler gazanyldy. Beýik ösüşler ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde, onuň merkezi şäherini hem gurşap aldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabady ösdürmek barada döwlet syýasaty ýöredilip başlandy. Paýtagtymyz düýbünden özgerdi. Onuň çar künjeginde dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň we möhüm ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam etdi.

Atym — adym, alabaýym — abraýym

Düýn paýtagtymyzda açylan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi binasynda milli Liderimiziň Permanlaryna laýyklykda, hormatly atlara mynasyp bolan atşynaslarydyr itşynaslary sylaglamak dabaralary geçirildi. Bu dabaralar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda milli gymmatlyklara bolan söýginiň, hormat-sarpanyň has-da artýandygynyň, muňa döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly atlara eýe bolanlaryň birnäçesiniň buýsançly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Kakamyrat AGAMYRADOW,Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň baş seýsi, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa seýsi:

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni,Ak şäherim Aşgabat!Dost-doganlyk merkezi,Ak şäherim Aşgabat! Köpetdagyň çeşmesi,Garagumuň keşdesi,Göýä ak gül dessesi,Ak şäherim Aşgabat!

Iň uly baýram

Dünýäde şeýle bir baýram bar, oňa Garaşsyzlyk baýramy diýilýär. Bu baýrama hemme ýerde hemmeler garaşýarlar. Ýurdumyzda şu ýyl, ýagny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda biz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belleýäris.

Bedew at — uçar ganatym

Ýadyma düşýär, oglanjyk döwürlerimizde saýlap-seçilip alnan çybykdan «at» ýasanyp, baý, at çapardyg-a! Bir ýerden bir zat getirmeli bolsa ýa-da birine bir habary ýetirmeli bolsa, hökman «çybyk atymyza» atlanardyk. Obanyň gumak ýolundan edil ata erk edýän mysaly, «gamçymyzy» bulaýlap, iki ýana at salardyk. Geň galmaly ýeri biz «çybyk atymyza» atlanyp, obanyň gumak ýolunda şowhun turzup, at çapmaga başladygymyz, ulular käýemezdem, gaýtam her kim öýüniň deňesine suw sepip, biziň at çapyşygymyza amatlylyk dörederdiler. Ýaşuludan ýaşkiçä çenli hemmesi bize janköýerlik ederdiler. «Dordepel öň geldi-de, Meleguş dyzynyň kuwwatyny görkezdi» diýşip, bizi goldardylar. Sebäbi biziň atlanýanymyz diňe bir «çybyk at» däldi-de, Gyrat, Dordepel, Garlawaç, Algyr, Laçyn diýen bedewlerdi.

Garaşsyzlyk - buýsanjymyz

Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň abadançylygynyň, kuwwatlylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr. Men öz dogduk mekanymyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistandygyna buýsanýaryn. Şu ýylyň tylla güýzünde ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk alanyna 30 ýyl dolýar. Taryh üçin seýle gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan, ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalykda, sportda asyrlara barabar sepgitlere ýetendigine diýseň guwanýarys. Bu buýsandyryjy hakykaty bütin dünýä ykrar edýär. Ata-babalarymyz elmydama türkmen halkynyň başyny birikdirmegi arzuw edipdirler. Bu baradaky pikirler geçmişdäki şahyrlaryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkymyz öz isleg-arzuwlaryny döredijilige we sungata siňdiripdir. Ynha, bu gün bolsa olaryň asyrlarboýy ýetip bilmedik arzuwlary hasyl boldy.

Arkadag

Geljegimiz Aýdan aýdyň, röwşendir,Ýaş nesiller Siziň bilen, Arkadag!Pentleriňiz ýüreklere gowşandyr,Ýaş nesiller Siziň bilen, Arkadag! Bilim alýas, okaýarys erkana,Geçmişiň şöhratly, halkyň merdana,Aşgabadym görkanadyr görkana,Ýaş nesiller Siziň bilen, Arkadag!

Iň eýjejik gyzjagaz — 2021

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna mahsus ruhubelent, şadyýan gurşawda dowam edip, netijeli hem many-mazmuna baý öwüşgin bilen jemlendi. Çagalar we olaryň bagtyýar geljegi ugrundaky aladalar ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim-sowatlylygyny, zehin-başarnyklaryny açyp görkezýän dürli ugurly çäreler milli bilim ulgamynyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde durmuşa geçirýän meýilnamalarynyň esasyny düzýär. Berkarar döwletimizde ýylyň-ýylyna geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly ajaýyp bäsleşik ýaly, birnäçe çäreleriň tapgyrlaýyn esasda, yzygiderli geçirilmegi ýaş nesilleriň bilimdir zehinleriniň, ukyp hem başarnyklarynyň açylmagyna giň ýol açýar. Öwredijilik we döredijilik ähmiýetli şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan guralmagy üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler öz datly miwelerini hem berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz döwletimiziň geljegi

Watanymyzyň ýüregidir Aşgabat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan merjen şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilmegi toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Hawa, gujagy toý-baýramly güneşli Diýarymyzyň ajaýyp eýýamy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bilen gün-günden eşrete, bagtyýarlyga beslenýär. Eziz Watanymyzyň çar ýanynda gurlup, ulanylmaga berilýän ösen dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp binalar gözelligi bilen göreni haýran edýär.

Toý sowgady

Mähriban çagalar! Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mermer paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny hem uludan toýlarys. 1. Bu baýramçylyklara nähili sowgatlar taýýarlaýarsyňyz?2. Arkadagly Watanymyza bolan buýsanjyňyzy okyjylar bilen paýlaşsaňyz!