"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pyragynyň

Aklym ýetmez keramatdyr,Ömre nusga, dowamatdyr.Bakylykdan alamatdyr,Ömri beýik Pyragynyň. Dogry sözüň güwäsidir,Derdiň emi-dogasydyr.Müň sowalyň jogabydyrŞygry beýik Pyragynyň.

Sungat — sazlaşykly dünýä

Garagözelek, hortapdan gelen çeýe oguljygynyň mal yzynda gezse-de, kitapdan, dürli suratlardan ünsüni sowmaýşy Daňatar aga gaty bir ýarap baranokdy, çünki ol ogly Öwezgeldiniň çopançylyk kärine göwün bermegini, «malym-janym» diýlenine eýerenini isleýärdi. Narjemal eje welin, oglunyň isleginiň öňüne böwet bolunmazlygynyň tarapdarydy. Tejenli ýigit Öwezgeldi Ýagmyrow çagalykdan çopançylyk käriniň inçe tilsimlerini birkemsiz özleşdirse-de, jahyl çykansoň, kalbyndaky sungata bolan mizemez söýgüsiniň wysal bolmagy üçin jan edip başlady. Oglunyň mekdepde, etrapda geçirilýän surat bäsleşiklerinde orun alyp, baýrakly, ýeňişli dolanyp gelmegi, ata göwnüni ýumşatdy, onuň geljeginiň uludygyny aňynda saldarlap, has ekezlendi.

Gazak edebiýatynyň ägirt zehini

Türkmen we gazak halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine ýakynda paýtagtymyz Paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan bu heýkel, gündogar edebiýatynyň göwher gaznasy saýylýan eserleriniň ençemesini döreden Abaý şahyra türkmen halkynyň goýýan çäksiz hormatyndan alamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň çäginde diňe bir milli söz ussatlarymyzyň däl-de, eýsem, goňşy we doganlyk döwletleriň ajaýyp söz ussatlarynyň heýkelleriniň dikilmegi, halkymyzyň dünýä edebiýatyna bolan mizemez sarpasynyň döwletimiziň medeni syýasaty bilen utgaşýandygyny aňladýar. Gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýetçilik işgäri, gazaklaryň belli syýasatçylary Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsariniň pikirlerini ösdüriji Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda Gazagystanyň Semipalatinsk welaýatynda dünýä inipdir. Abaýyň kakasy Kunanbaý gazaklaryň tobykdy taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Abaýyň ejesine Uljan, enesine bolsa Zere diýer ekenler. Zere enäniň Abaýa gürrüň beren rowaýatlarydyr ertekileri onuň geljekde şahyr bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetiripdir. Abaý Semeý şäherinde Ahmet Ryza mollanyň medresesinde bilim alypdyr, ar

Abaý KUNANBAÝEW, gazak şahyry

Öz ýoluňy saýlap-seçip al! Öz ýoluňy saýlap-seçip al munda,Hem buýsan, zehiniň bar bolsa seniň.Düýbün tutsaň, ynam bilen kerpiç goý,Gurýan diwaryňda galmasyn kemiň.

Mag­tym­gu­ly­ Pyragynyň di­wa­ny dün­ýä dil­le­rin­de

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldaryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Dana Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň dünýä dillerine terjime edilendigi bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle şatlykly wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Emi­niň wes­ýet­na­ma­sy

Luiza Meý OLKOTT,amerikan ýazyjysy Öýde şu wakalar dowam edýärkä, Emi daýzasy Marçyňkyda kyn günleri başdan geçirýärdi. Bu ýere iberilmegi ony gaty aladalandyrypdy, şeýle-de ol ömründe ilkinji gezek özüni näderejede söýýändiklerine we läliksiredilendigine düşündi. Març daýza hiç haçan hiç kimi läliksiretmändi. Ol bular ýaly zatlaryň tarapdary däldi, ýöne ol göwnünden turan bu kiçijik gyzjagazyň terbiýesinde hoşamaýlygyň bolmagyny-da isleýärdi. Març daýza bu zatlary kimdir birine duýdurmagy hökman saýmasa-da, onuň garryja ýüreginiň bir çüňkünde ýegençisiniň çagajyklary üçin söýgä ýer bardy. Eminiň bagtly bolmagy üçin, ol, hakykatdan-da, elinde baryny edipdi. Eý, Hudaý, ýöne ol, gör, nähili ýalňyşlyklar goýberdi. Käbir garry adamlaryň ýüzündäki ýygyrtlara we saçlarynyň çalarandygyna seretmezden, ýürekleri garramaýar. Olar çagalaryň kiçijik aladalaryny, begençlerini duýup, özlerini öýlerinde ýaly duýmaklary üçin, gyzykly oýunlaryň üsti bilen parasatly sapaklary berip bilýärler. Şeýle-de, dostlukly gatnaşygy iň bir ajaýyp usulda ýola goýmagy başarýarlar. Ýöne Març daýzada olar ýaly zehin ýokdy we ol Emini öz düzgünleri, buýruklary, berk saklaýşy we uzyn, ýüregedüşgünç, gyzyksyz gürrüňleri bilen örän alada goýýardy. Öz aýal doganyndan gyzjagazyň has-da gulak asyjy we edeplidigini bilip, garry hanym öýdäki erkinligiň we sabyr-kanagatyň erbet täsirlerinden gyzjagazy,

Enemiň sowgady (Hekaýa)

Mihail ZOŞŞENKO,rus ýazyjysy Meniň enem bardy. Ol meni örän gowy görýärdi.

Çy­na­ryň sy­ry (He­ka­ýa)

Latif MAHMUDOW, özbek ýazyjysy Biziň öýümiz kiçijik derýajygyň boýunda ýerleşýärdi. Onuň ýanynda äpet çynar ösüp otyrdy. Bu çynaryň ýaşy üç ýüz ýyldanam geçýär diýýärler. Ol uludy, gür şahalydy hem uzakdan seredeniňde, örän uly saýawana meňzeýärdi.

Gyz­ja­ga­zyň ýan­dep­der­çe­si­ne eden bel­lik­le­rin­den

Sewda Firat Ak, türk ýazyjysy Eje­me...

Bir se­bet ül­je

Fazu ALIÝEWA, dagystanly ýazyjy (ady­bir ki­tap­dan par­ça)

Meý­zi Hit­çins: Ýa­pyk ga­pyr­ja­gyň sy­ry

Holli WEBB,britan ýazyjysy Birinji bap

De­wid KOPPERFILD

Çarlz DIKKENS,iňlis ýazyjysy Meniň dünýä inişim

Pad­ding­ton at­ly aýy­jyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýanadyl syýasaty esasynda diňe bir halkymyzyňdäl-de, daşary ýurt edebiýatynyň taryhynyöwrenmäge hem uly mümkinçilikler döredilýär. Dünýä edebiýatynda täze atlaryň peýda bolmagy ähli döwürleriň möhüm wakalarynyň biri bolmak bilen, her bir jemgyýetde uly gyzyklanma döredýär. Edebiýatçylar, terjimeçiler, žurnalistler daşary ýurtly ýazyjylaryň döredijiligini we gymmatly eserlerini öwrenmäge yhlas baryny siňdirýärler. Häzirki wagta çenli bu ugurda amala aşyrylan uly işler döwür bilen aýakdaş gidýän Türkmenistan Diýarymyzyň ähli pudaklarda gazanýan üstünlikleriniň aýdyň subutnamalarydyr. Garaşsyz Watanymyzyň beýleki döwletler bilen alyp barýan ikitaraplaýyn dost-doganlyk we oňyn diplomatik gatnaşyklary halkara derejesinde giň gerimli edebi-döredijilik duşuşyklarynyň guralmagyna, bu ugurda hünärmenleriň arasynda pikir alşylyp, tejribe toplamaklyga itergi berýär.

Ter­ji­me bos­sa­ny­nyň da­rag­ty

«Halypalary, dost-ýarlary ýat eýläp...» alty ýygyndydan Dostum şahyr Şadurdy Çarygulyýew baradaky ýatlamamy paýawlap barýardym. Ony diňe jemläýmek galypdy. Ýatlamamyň soňy düýş bilen baglanyşyklydy. Aňymda şol pursady jemläp ýördüm. Anna günüdi (2020-nji ýylyň 4-nji dekabry). Şeýle pikirler bilenem uka gidipdim. Bu ne gudrat?! Düýşüme başga bir dostum, şahyr Kakabaý Gurbanmyradow giripdir. Ol redaksiýa gelýär. Men onuň bilen salamlaşyp: «Agam, düýşüme giripsiň. Seni ýatlap ýörün...» diýýärin.

Le­di Jeýn (Roman).

Jemison Sesiliýa WITS, şotland ýazyjysy III bölüm

Ki­çi­jik bi­ke­ler (Ro­man)

Luiza Meý OLKOTTamerikan ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Aw­raam Lin­koln (Roman)

Dmitriý OLEÝNIKOW,rus ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)

Ylym ba­ra­da hem­me za­dy hem­me­ler­den köp bil­ýä­rin!

Fatih DIKMEN,türk ýazyjysy (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Hor­mat­ly oky­jy­lar!

2025-nji ýylyň I ýarymy üçin «Dünýä edebiýaty» žurnalyna abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlaryndan ugur alyp işleýän «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy geljekde hem okyjylaryň göwnünden turjak eserleri çap etmegi meýilleşdirýär. Žurnal ussat terjimeçileriň galamynyň astyndan çykan, maşgala gymmatlyklaryna, ýaşlaryň durmuşyna, çaga terbiýesine, pedagogika, psihologiýa, biznese, şahsy kämilliklere we döwrüň beýleki derwaýys ugurlaryna degişli eserleri okyjylara ýetirmegi maksat edinýär. Dünýä edebiýatynyň nusgalyk eserleri bilen ene dilimizde tanyşmagyň iň amatly usuly biziň žurnalymyza abuna ýazylmakdyr.

«Gazallardan» «Gül we Nowruza» çenli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, dil baýlyklarymyzy öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şol işleriň aýratyn bir şahyryň döredijiliginiň üsti bilen öwrenilmegi bolsa onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewanyň «XIV-XV asyr türkmen şahyry Möwlana Lutfynyň eserleriniň dili» atly kitaby hem şeýle işleriň biridir. Kitap alymyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi hökmünde täsirli ýazylandygy, gyzykly okalýandygy bilen özüne çekýär. Girişden, bäş bapdan hem-de netijeden ybarat neşirdäki ylmy maglumatlardyr pikirler bol sepilen bugdaý tohumyna meňzeýär. Alym Möwlana Lutfynyň döredijiligini dil serişdeleriniň dürli görnüşleriniň üsti bilen derňäpdir. Diňe şunuň özi-de işiň öňde goýan maksadyna ýetendigini görkezýär. Şahyryň eserleriniň diliniň leksikasy, olardaky sözleriň many aýratynlyklary, duş gelýän adalgalar, diliniň onomastikasy, toponimleriň, sinonimleriň, omonimleriň ulanylyşy barada giňişleýin durlup geçilýär. Lutfynyň eserleriniň dilinde duş gelýän ses hadysalary, diliniň morfologik gurluşy, olardaky söz toparlary, sintaktik gurluşy, söz düzümleri, sözlem, goşma sözlemler, durnukly söz düzümleri boýunça alymyň geçiren çuňňur ylmy derňewlerini okap çykanyňdan soňra, kitabyň girişindäki: «...Möwlana Lutfynyň dili çagataý ýazuw dilinden az täsirlenen gadymy türki (türkmen) dilidir» diýip yn