Ula hormat, kiçä sarpa
Türkmen halkymyzyň özboluşly milli terbiýe mekdebi bar. Sözbaşy edip saýlan jümlämiz hem terbiýe ýörelgämiziň esasy özenini düzýän taglymatlaryň biridir. Halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň dowamlylygy, millilige bolan söýgi-hormat hem hut şu nukdaýnazardan gözbaşly bolsa gerek. Çünki türkmençilikde ulyny sylamak, olaryň öwüt-pentleri bilen terbiýelenmek jemgyýetimizde esasy orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen, milli mekdebimiziň dürdänelerini jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Ula — hormat, kiçä — hezzet», «Ula salam ber, kiçä — kelam», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg», «Uly başlar, kiçi işlär» ýaly ajaýyp nakyllar bar. Şulardan hem görşümiz ýaly, kiçini söýüp terbiýelemek, ula hormat goýmak ata-babalarymyzdan gelýän gadymy ýol-ýörelgedir. Ulyny sylamak biziň her birimiziň ýörelgämize öwrülip, ene süýdi bilen aňymyza ornan mukaddeslikdir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýygy-ýygydan halk döredijiligine ýüzlenmegi, paýhasly pederlerimiziň döreden dana pähimlerine uly sarpa goýmagy ýöne ýerden däl. Halkyň döredip, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, ajaýyp döwrümize ýetiren ruhy mirasy bu günki günde terbiýe meselesinde iňňän uly ähmiýete eýedir. Türkmeni beýlekilerden tapawutlandyrýan gymmatlyk milli terbiýe mekdebiniň gadymyýetden bäri haýsy şertlerde hem bolsa üýtgemän bir durkunda saklanýanlygydyr. Oguz han döwründe ýaşulular