"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Fut­bolyň we topuň dö­re­ýiş ta­ry­hy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Adam­zat köp wagt­dan bä­ri sport bi­len meş­gul­lan­ýar we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ýü­ze çyk­ma­gyn­da hem adam­za­dyň tut­ýan or­ny örän ýo­ka­ry­dyr. Aý­ra­tyn-da top­ly oýun­la­ryň peý­da bol­ma­gy hem ir­ki dö­wür­ler­den göz­baş al­ýar. Ga­dy­my Mü­sür­de ta­py­lan di­war şe­kil­le­rin­de aýak bi­len oý­nal­ýan to­puň su­ra­ty çe­ki­lip­dir. Hat­da şol dö­wür­ler­den ga­lan dia­met­ri 7,5 sm bo­lan de­ri­den ýa-da ken­dir­den edi­len top­lar hä­zir­ki wagt­da bir­nä­çe mu­zeý­de sak­lan­ýar. Bu bol­sa adam­za­dyň dö­re­ýiş ta­ry­hyn­da hem bir­nä­çe sport gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul bo­lan­dyk­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu şe­kil­ler ba­ra­da aý­da­ny­myz­da ola­ryň 2500 ýyl ozal­ky dö­wür­le­re de­giş­li­di­gi çak­la­nyl­ýar.

«Şaý­ba Har­la­mow­da...»

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ha­wa, ge­çen asy­ryň 60 — 70-nji ýyl­la­ryn­da bu jüm­le hok­keý oý­nu­ny sö­ýü­ji­le­riň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dy. Şeý­le jüm­lä­ni eşi­den­ler bu­zuň üs­tün­de jan­kö­ýer­le­ri haý­ran ed­ýän pur­sa­dyň bo­lup geç­me­gi­ne ga­ra­şar­dy­lar. Har­la­mo­wyň us­sat­ly­gy bi­len hem şeý­le aja­ýyp pur­sat bo­lup, to­ma­şa­çy­la­ry uly şow­hu­na bes­lär­di...

Luw ýylynda guralan Olimpiýa oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Olim­pi­ýa oýun­la­ry öz ta­ry­hy­ny has ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Em­ma il­kin­ji döw­re­bap Olim­pi­ýa­da 1896-njy ýyl­da Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da ge­çi­ri­lip­dir.

Terbiýe we sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­ýar.

Çeper gimnastika: ta­ry­hy we şu gü­ni

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Gi­riş: Dalk­ro­zyň ul­ga­my

Zenanyň güýjüne dünýä şaýat!

Türkmen zenanynyň güýji. Ol göz ýetirerden juda uly belentlik. Aň ýetirerden hem has çylşyrymly çuňluk. Şany jahana ýaýran gahryman zenanlaryň nesilleri bu gün olaryň ýoluny dowam etdirip, türkmen zenanynyň güýjüni bütin dünýä ýaýýarlar. Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda tutuş Ýer ýüzüniň ilaty ör turup, türkmen zenanynyň güýjüne el çarpdy. Şu makalamyzda çempionatda milli ýygyndymyzyň gazanan 15 medalynyň 8-sine eýelik eden zenan türgenlerimizi has ýakyndan tanamaga, olaryň güýjüniň ýetip bilen belentliklerine göz ýetirmäge çalşarys. Dinara ROZYKULOWA,

Ilkinji möwsümde iki baýrak

Tamamlanyp barýan ýylyň iýul aýynda ilkinji gezek 10 müň janköýeri özünde jemlän «Arkadag» stadiony geçen ýekşenbede hem tomaşaçylaryň ýerli topary goldaýan seslerine beslendi. Iýuldaky we dekabrdaky iki duşuşygyň meňzeş tarapy — olaryň ikisinde-de «Arkadag» toparynyň geçen ýylyň çempiony «Ahaly» kabul etmegi, tapawutly tarapy bolsa, iýuldaky oýnuň ýoldaşlyk duşuşygy, geçen ýekşenbedäki oýnuň bolsa Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy bolmagydyr. Milli çempionatymyzda ilkinji çempionlygyny yglan eden «Arkadag» futbol topary bu duşuşykda Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy.

«Arkadag» topary çempion

Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolmagy sport janköýerlerinde uly seslenme döretdi. Golaýda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda hem garşydaşlaryndan uly hasap bilen üstün çykyp, çempion bolan «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň 30 ýyllyk taryhynda oňa mynasyp bolan 11-nji topar hökmünde taryha girdi. Aşgabadyň «Köpetdag», «Altyn asyr», «Ýedigen», «Nisa», Balkanabadyň «Nebitçi», Änewiň «Ahal», Marynyň «Merw», Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» we Daşoguzyň «Turan» toparlary bu Kubogyň eýeleri bolupdylar.

Sport

Erjel türgeniň üstünligi Golaýda Aşgabat şäherinde adaty karate boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Onda Alp Arslan adyndaky harby mekdebiň harby okuwçysy Aşyrmyrat Atajanow oňat netijeler bilen fuku-do we ku-do boýunça ikinji orna, şahsy tutluşyk, şahsy kata we toparlaýyn tutluşyk boýunça üçünji orna mynasyp boldy.

Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyz «Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir» diýip, mähriban halkymyzyň sagdyn durmuşyna aýratyn ähmiýet berýär. Paýtagtymyzda milli çempionatlar, halkara derejesindäki iri halkara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Ynha, golaýda Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan üstün çykyp, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Munuň özi toparyň yklym ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrdy. Goý, halkara ýaryşlarynda-da üstünlikler ýaranyňyz bolsun, «Arkadag» topary! Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, taýsyz tagallalary edýär. Ruhy sagdynlyk we beden saglygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sport — ruhubelentlik, sport — sagdynlyk, sport — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan we dostlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan jemgyýetiň sagdyn ruhy ýörelgesidir.

Sport — saglyga barýan ýol

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen taryhyny ajaýyp wakalara besledi. Pederlerimiziň mynasyp dowamaty bolan merdana Watan goragçylary şanly ýylymyzyň tamamlanyp barýan günlerinde hem sport äleminde güýç-gaýratlaryny görkezmegi başardylar. Has takygy, ýaňy-ýakynda sportuň basketbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubunyň «Milli goşun» basketbol topary 1-nji orny eýeledi. Ýaryşda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubunyň müdiri, maýor Arslan Berdimämmedow, sport klubunyň tälimçileri Timur Allanurow, Maksim Otbozin, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçysy, maýor Nurmämmet Akyýew, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, leýtenant Döwlet Annaýew, şol ýokary harby okuw mekdebiniň harby talyby Farit Muradow, çagyryş boýunça harby gullukçylar Maksat Töräýew, Hekimberdi Muratow, Baýram Gurbanow, Ýewgeniý Nazipow dagy Ýaragly Güýçlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdylar. Bu gazanylan ajaýyp ýeňiş mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda uly üstünlige mynasyp bolan serkerdeleri, harby talyplary hem-de çagyryş boýunça harby gullukçylary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýaşlar ýaşaýşyň ýaraşygy

Uly nesiller özleriniň geljegini ýaşlarda görýärler. Hakykatdan-da, ynsanyň ömür dowamaty çagalara bagly. Olary döwrümize mynasyp adamlar edip ýetişdirmek ugrundaky meselä ene-atalar bilen birlikde tutuş jemgyýetimiz ýakyndan gatnaşýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Özleri hakynda edilýän hossarlyk alada ýaşlar gowy okamak, beden taýdan bekemek, ile-güne gerekli hünärleri öwrenmek bilen jogap berýärler. Munuň şeýledigine biziň sport mekdebimiziň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, gözelligiň çeşmesi bolan sport bilen ýaşlaryň barha köpüsi höwesli meşgullanýar. Hut biziň mekdebimizde hem olaryň 550-den gowragy tälim alýar. Ýaşlar bilen geçirilýän okuw-türgenleşik okuwlary özüniň gowy netijelerini hem berýär. Hut Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biziň mekdebimiziň türgenleri ýurt we halkara derejelerindäki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Sportuň woleýbol görnüşi boýunça türgenlerimiziň ýedisi welaýatymyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde ýurdumyzyň çempiony boldular. Bu üstünlikde ussat tälimçi Ahmet Jankuliýewiň mynasyp zähmet paýy bar.

Sport. Sport. Sport.

YNAM ÜSTÜNLIGE ÝETIRÝÄR Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň köpçülikleýin sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ussat türgenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikler olary täze ýeňişlere, belent maksatlara ýetmäge ruhlandyrýar. Şeýle türgenleriň biri-de Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Oguljahan Hudaýnazarowadyr.

«Arkadag» toparynyň ajaýyp üstünligi

Futbol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredilip, milli futbol çempionatymyza gatnaşan ilkinji möwsüminde geçiren ähli oýunlarynda ýeňiş gazanmak bilen, bu ýaryşyň taryhynda özboluşly rekord goýmagyň we çempion bolmagyň hötdesinden gelen Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary Türkmenistanyň Kubogyny hem eýelemegi başardy. Arkadag şäherindäki ajaýyp stadionda geçirilen oýunda çempion toparyň garşydaşy Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» topary boldy. Ilkinji minutlardan başlap, hüjüm edijilikli oýny görkezen ýer eýelerinden Abdy Bäşimow 29-njy, 52-nji, Ilýa Tamurkin 68-nji minutlarda tapawutlanyp, toparynyň 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmagyny üpjün etdiler.

«Nebitçiniň» ynamly ýeňşi

Ýurdumyzyň futbol boýunça milli çempionatynyň 26-njy tapgyrynda Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň «Energetik» toparyny kabul eden Balkanabadyň «Nebitçisi» möwsümi bürünç medal bilen jemlemek maksadyna ýetmek üçin ýene bir aýgytly ädimi ätdi. 47-nji minutda Magtymberdi Berenowyň, 75-nji minutda Elýas Akyýewiň geçiren gollary balkanabatlylary möwsümdäki 12-nji ýeňşine ýetirdi. Şu tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen «Ahal» toparynyň arasynda geçirilmeli oýnuň möhleti üýtgedildi. 25-nji tapgyryň möhleti üýtgedilen duşuşygynda bolsa «Şagadam» paýtagtymyzyň «Altyn Asyryny» kabul etdi we bu oýunda myhmanlardan 48-nji, 95-nji minutlarda Wahyt Orazsähedow, ýer eýelerinden 57-nji minutda Yhlas Magtymow tapawutlandylar.

Mekdep sport festiwaly

Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde geçen mekdep sport festiwalynyň etrap tapgyry uly gyzyklanma döretdi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň toparlary gatnaşyp, sportuň şaşka, stol tennisi, estafeta ýaly görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşda güýçli toparlar üstün çykdy. Şeýlelikde, etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 13-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldy.

Türgenleriň üstünlikleri guwandyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty belent sepgitlere ýetip, şan-şöhrata eýe boldy. Türkmen sportunyň ösüşlerini tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň, türgenlerimiziň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirmek bolýar. Tamamlanyp barýan ýylyň Ak bugdaý etrabynyň türgenleri üçin hem düşümli ýyllaryň biri bolandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Etrabymyzyň sportçulary halkara sport ýaryşlarynda ussatlyk görkezip, birnäçe medala mynasyp boldular. Has takygy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20 — 25-nji maý aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Jizak şäherinde guşakly göreşiň görnüşleri boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda alyş göreşiniň nusgawy usuly boýunça Gurbangeldi Gurbangeldiýew 80 kilogram agramda bürünç medala mynasyp boldy. Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Zarina Abdyrahmanowa hem şol görnüş boýunça 56 kilogram agramda çykyş edip, bürünç medaly gazandy. Zarina Abdyrahmanowa iýul aýynyň 14 — 17-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Guşakly göreş boýunça geçirilen Dünýä çempionatynda hem üstünlikli çykyş etdi. Şol ýaryşda ol 56 kilogram agramda bürünç medala mynasyp boldy.

Ýaş türgenleriň ussatlygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de goldamak, ösdürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alnyp, Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň sporta bolan başarnyklaryny çagalykdan ýüze çykarmak, tälim bermek, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de olaryň güýçli türgenler bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda mekdebiň tälimçi-mugallymlarynyň her biri yhlasly işleýär. Sport mekdebiniň tälimçileri sportuň 9 görnüşi boýunça ýaşlaryň 400-e golaýy bilen 36 toparda okuw-türgenleşik sapaklaryny yzygiderli häsiýetde geçýärler. Tälimçi-mugallymlaryň yhlasynyň ýerine düşýändigine tamamlanyp barýan şanly ýylymyzyň dowamynda mekdebimiziň türgenleriniň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanan üstünlikleri güwä geçýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda altyn medalyň 4-sini, kümüş medalyň 5-sini, şeýle-de bürünç medaly gazandylar.

«Arkadag» futbol toparynyň ajaýyp ýeňşi

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ynha, 24-nji dekabrda «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» futbol topary «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. «Arkadag» stadionynda geçirilen final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, «Arkadag» topary oýnuň dowamynda tapawutlanmagy başardy. Munuň şeýledigini final duşuşygynyň 29-njy, 52-nji we 68-nji minutlarynda geçirilen 3 gol hem aýdyň subut edýär.

Türkmen sportunyň şöhratly ýyly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bu gün sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösýän ýurduna öwrüldi. Sportda gazanylýan üstünlikler buýsandyryjydyr. Ýurdumyzyň halkara abraýy artýar. Türkmen türgenleri döwlet we halkara derejede geçirilýän ýaryşlarda ýeňiji bolup, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýakynda «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzy begendirdi. Bu bolsa türgenlerimiziň sportda gazanýan ýeňişlerini beýan edýär. Munuň özi futbol toparynyň geljekde-de uly ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjakdygyna bolan ynamyňy artdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy özara bähbitli hyzmat-daşlygyň ösüşiniň täze derejä çykýandygyny tassyklaýar. Eziz Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlar we dünýä çempionatlary halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge itergi berýär.