"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Guwandyryjy jemler bilen

Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ösüş-özgertmelere, üstünliklere diýseň baý boldy. Şu mynasybetli biz bütin ýylyň dowamynda okuwçylaryň arasynda açyk sapaklary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini hem-de sport ýaryşlaryny giň gerimde geçirdik. Okuwçylaryň gyşky dynç alşynyň öň ýanynda hem «Sport bedeniňi taplaýar» diýen at bilen sport ýaryşyny geçirdik. Sportuň woleýbol hem-de beýleki görnüşleri boýunça 10-njy, 11-nji synplarda okaýan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlara okuwçylarymyz höwes bilen tomaşa etdiler. Ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilmeginde bedenterbiýe mugallymlarymyzyň uly paýy bar. Bäsleşige gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan ýaşlara kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan baýraklar gowşuryldy.

Gadymyýet we sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ga­dy­my­ýe­tiň ägirt­le­ri — Sok­ra­tyň, Gip­pok­ra­tyň, De­mok­ri­tiň,De­mos­fe­niň at­la­ry tu­tul­sa gür­rüň ylym ba­ra­da bo­laý­ma­ly­dy­gy­na öw­re­ni­şip­di­ris. Ýö­ne biz olar hak­da gür­rü­ňi­mi­zi spor­ta sy­ryk­dyr­mak­çy.

Türkmenistan — sport ýurdy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len türk­me­nis­tan­ly tür­gen­le­riň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­ke­zip, dün­ýä­niň sport gi­ňiş­li­gin­de ata Wa­ta­ny­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik et­me­gi üçin äh­li ze­rur çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de türk­men tür­gen­le­ri ýur­du­myz­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar, baý­rak­ly orun­la­ra we me­dal­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim­çi­ler hem da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak ar­ka­ly ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny we hü­när de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ýar­lar.

Küşt oýnunyň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ulgamlarynda heniz görlüp-eşidilmedik ösüşler gazanylyp, belent derejelere ýetilýär. Döwlet Baştutanymyz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, ruhubelent hem gujurly bolmaklary üçin mekdeplerimizde bedenterbiýe dersiniň girizilmegi we şol ugurdan ylmy-barlag işleriň geçirilmegi bu meseläniň wajyplygyna şaýatlyk edýär.

Türk­menistanly pa­ra­lim­pi­ýa­çy­la­r: üs­tün­lik­ler we öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­myz­da, her bir ul­gam­da bol­şy ýa­ly, mil­li sport ul­ga­my­myz­da hem uly üs­tün­lik­le­re, buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­le­re ýe­til­di. Mu­ňa ge­çen no­ýabr aýyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Sport we türkmen ýaşlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Sport diýlende, ilki bilen, güýç-kuwwat, hereket, hyjuw göz öňüňe gelýär. Olar bolsa adamyň ýaşlyk döwrüne mahsus alamatlar. Diýmek, sport gönüden-göni ýaşlyk we bu möwsümiň wekilleri bolan ýaşlar bilen baglanyşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary sport bilen dünýä tanalýarlar, sporty wagyz edýärler, Türkmenistanyň sport abraýyny has-da belende galdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýärler, sport ýaryşlaryny, oýunlaryny teswirleýärler.

Bedenterbiýe we sport — dostluk köprüsi

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň me­ka­ny­na öw­rü­len Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni yzy­gi­der­li wa­gyz et­mek hem-de ýaş­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den ug­ruk­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­möç­ber­dir. Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hoş­ni­ýet­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny sport ar­ka­ly ös­dür­mek yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­my­zyň esa­sy­ny düz­ýär.

Elektron sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Elektron sport geljegiň sportudyr. geljek bolsa şu günden başlanýar

Türkmen sporty

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Hä­zir­ki wagt­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de, aý­ra­tyn hem, ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, be­den taý­dan berk, sag­dyn, ru­hu­be­lent ýaş nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ba­ra­da giň ge­rim­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat hem-de Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de, äh­li we­la­ýat, et­rap mer­kez­le­rin­de sport-be­den­ter­bi­ýe top­lum­la­ry­ny gur­mak iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ýo­la go­ýul­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­li iş­le­ri­ni do­wam ed­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da sag­dyn ýa­şa­ýyş dur­muş ýö­rel­ge­si öňe sü­rül­ýär.

Sport — saglygyň binýady

Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýelemek ugrunda ýurdumyzda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiziň röwşen çyragy bolan ýaşlaryň saýlan ugruny kämilleşdirmekde, haýsy kärde zähmet çekýändigine garamazdan sport görnüşleri, bedenterbiýe hereketleri bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem sport binalarynyň, desgalarynyň, mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi ýerli halkyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Murgap etrap bedenterbiýe we sport bölümi, 1-nji we 2-nji sport mekdeplerinde sport ulgamyny ösdürmek, ýaş nesilleri sporta çekmek babatynda alyp barýan işleri muňa aýdyň mysaldyr.

Joşua üstün çykdy, Waýlder asgyn geldi

Boks bo­ýun­ça Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­len boks ag­şa­myn­da agyr ag­ra­myň ägirt­le­ri rin­ge çyk­dy. Köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­an tut­lu­şy­gyn­da ang­li­ýa­ly An­to­ni Jo­şua bi­len şwe­si­ýa­ly Ot­to Wa­lin du­şuş­dy. 5-nji ra­un­dyň 3-nji mi­nu­tyn­da gar­şy­da­şy­ny bur­ça ga­ban Jo­şua ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň 30-njy tut­lu­şy­gyn­da­ky 27-nji ýeň­şi bol­dy. 34 ýaş­ly boks­çy 3 ge­ze­gem ýeň­lip­di. Şol boks ag­şa­myn­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň meş­hur boks­çu­sy Ýo­sef Par­ker bi­len ame­ri­ka­ly bel­li boks­çy De­on­teý Waýl­der du­şuş­dy. 12 raund­da ta­mam­la­nan tut­lu­şyk­da Par­ker güýç­li gar­şy­da­şy­ny ur­gu­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça ýeň­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň 37-nji du­şu­şyk­da­ky 34-nji ýeň­şi bol­dy. 38 ýa­şyn­da­ky tej­ri­be­li Waýl­der bol­sa 47-nji tut­lu­şy­gyn­da 3-nji sa­par gar­şy­daş­la­ryn­dan as­gyn gel­di.

Gyzykly futbol «Premier Ligada» dowam edýär

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 19-njy tap­gyr­da «Nýu­kasl» öz meý­dan­ça­syn­da «Not­tin­gam Fo­rest­den» 3-1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Kris Wu­duň het-tri­gi bi­len ýeň­şi­ni baý­ram eden «Not­tin­gam Fo­rest» to­pa­ry «Nýu­kas­ly» 1988-nji ýyl­dan soň il­kin­ji sa­par ut­dy. «Ar­se­nal» bi­len öz meý­dan­ça­syn­da deň­me-deň oý­nan «Li­wer­pul» 19-njy tap­gyr­da «Börn­li­ni» Nun­ýes hem-de Žo­ta­nyň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Tap­gy­ryň çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nun­da «As­ton Wil­la» myh­man­çy­lyk­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len du­şuş­dy. Bir­min­gem şä­he­ri­niň we­ki­li 1-nji ýa­rym­da Mak­ginn hem-de Den­don­ke­riň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­sa-da, 2-nji ýa­rym­da ýer eýe­le­ri ýaş oýun­çy­la­ry­nyň gol­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 59-njy we 71-nji mi­nut­lar­da Gar­na­ço ta­pa­wut­la­nyp, ha­sa­by deň­le­se, Heý­lunn 82-nji mi­nut­da to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Ras­mus Heý­lunn APL-dä­ki il­kin­ji go­lu­ny ge­çi­rip, ol bu ar­zu­wy­na 15 oýun­da ýet­me­gi ba­şar­dy. «Şef­fild Ýu­naý­ted» bi­len «Lu­ton Taw­nyň» ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri 4 gol ge­çir­se-de, 3–2 ha­sa­byn­da utul­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, «Lu­ton Tawn» to­pa­ry­nyň ge­çi­ren 3 go­lu­nyň soň­ky 2-si­ni «Şef­fild Ýu­naý­ted» to­pa­ry­nyň oýun­çy­la­ry öz der­we­ze­sin­den gi­riz­di. «Ful­ha­my» 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen

Fa­tih Te­rim meş­hur grek to­pa­ry­na tälim berer

Gre­si­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy klub­la­ryn­dan «Pa­na­ti­nai­kos» to­pa­ry tür­ki­ýe­li meş­hur tä­lim­çi Fa­tih Te­ri­mi to­pa­ryň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­di. Pi­reý şä­he­ri­niň klu­by 70 ýa­şyn­da­ky tej­ri­be­li hü­när­men bi­len 1,5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şar. 4 dür­li dö­wür­de «Ga­la­ta­sa­ra­ýa» je­mi 13 ýyl tä­lim be­ren Te­rim 3-nji ge­zek baş­ga bir ýur­duň to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si bo­lar. Te­rim 2000-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da Ita­li­ýa­nyň «Fio­ren­ti­na» hem-de «Mi­lan» klub­la­ry­na tä­lim be­rip­di. Ge­çen möw­süm pleý-off tap­gy­ryn­da çem­pi­on­ly­gy AEK to­pa­ry­na al­dy­ran «Pa­na­ti­nai­kos» hä­zir­ki wagt­da 15 oýun­da 34 utuk top­lap, 55 utuk­ly sa­na­wyň li­de­ri PA­OK-dan soň 2-nji ýer­de bar­ýar. Te­ri­miň grek klu­bun­da il­kin­ji sy­na­gy ýan­war aýy­nyň baş­la­ryn­da «PAS Ýa­ni­na» to­pa­ry­na gar­şy bo­lar. Şeý­le-de, ýan­war aýyn­da «Pa­na­ti­nai­kos» to­pa­ry tä­ze tä­lim­çi­si­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ku­bok ýa­ry­şyn­da kö­ne bäs­de­şi «Olim­pia­kos» bi­len du­şu­şar.

Luis Suares köne topardaşlarynyň klubuna goşuldy

Ar­gen­ti­na­ly su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si­niň öň­ki to­par­daş­la­ryn­dan ýe­ne bi­ri «In­ter Ma­ýa­mi» to­pa­ry­na geç­di. Köp wagt­dan bä­ri gür­rü­ňi edil­ýän trans­fer ahy­ry ama­la aşyp, urug­waý­ly ýyl­dyz hü­jüm­çi Lu­is Sua­res MLS-niň «In­ter Ma­ýa­mi» to­pa­ry bi­len 1+1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça «Na­sio­nal», «Gro­nin­gen», «Aýaks», «Li­wer­pul», «Bar­se­lo­na», «At­le­ti­ko Mad­rid», ýe­ne-de «Na­sio­nal» hem-de «Gre­mio» klub­la­ryn­da oý­nan Lu­is Sua­res ady ag­za­lan şu to­par­lar­da 800 du­şu­şyk­da 489 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ryň täsin ha­sa­bat­la­ry

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­la çy­kan klub­lar bel­li bol­dy. To­par­ça­lar­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da bir­nä­çe sta­tis­ti­ka­lar, tä­sin ha­sa­bat­lar, re­kord­lar, öz­bo­luş­ly mag­lu­mat­lar ha­sa­ba alyn­dy. 1 – Žoao Ma­rio UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da het-trik eden il­kin­ji ben­fi­ka­ly fut­bol­çy bol­dy.

«Mançester Siti» FIFA Klublararasy Dünýä Kubogynyň hem ýeňijisi

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Jid­da şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 20-nji FI­FA Klub­la­ra­ra­sy Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Ang­li­ýa­nyň «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Şa Ab­dul­lah sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da pol­şa­ly Si­mon Mar­çi­ni­ak jür­le­wük çal­dy. Du­şu­şy­ga 52 müň­den gow­rak jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Fi­nal­da Bra­zi­li­ýa­nyň «Flu­mi­nen­se» to­pa­ry bi­len du­şu­şan «Man­çes­ter Si­ti» gar­şy­da­şy­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Eý­ýäm 1-nji mi­nut dol­man­ka ha­sa­by açan «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry­nyň gol­la­ry­ny Hu­li­an Al­wa­res (1, 88), Ni­no (27, ö.d.) hem-de Fil Fo­den (72) ge­çir­di. Şun­luk­da, «Man­çes­ter Si­ti» ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu ku­bo­gy eýe­läp, şä­her­li­ler FI­FA-nyň bu ýaryşynda çempionlyk ga­za­nan 4-nji iň­lis klu­by hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Umu­my­lyk­da 12-nji klub bo­lan «Man­çes­ter Si­ti­niň» tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la 4-nji ge­zek bu ku­bo­gy eýe­le­di. Is­pa­ni­ýa­ly hü­när­men bu ku­bo­gy 3 dür­li klub («Bar­se­lo­na» – 2009, 2011, «Ba­wa­ri­ýa» 2013) bi­len alan il­kin­ji tä­lim­çi bol­dy. Pep Gu­ar­dio­la kar­ýe­ra­syn­da­ky 37-nji ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, bu ugur­da Ser Aleks Fer­gu­son­dan soň 2-nji ýer­de bar­ýar.

«Arkadag» futbol topary — Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi!

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ýakynda möwsüm tamamlanmanka, Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan arany has açyp, çempion bolan topar «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy. Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşýan «Arkadag» topary derrew oýnuň gidişini eline aldy. Şeýlelikde, 29-njy minutda goragçy Abdy Bäşimow tapawutlanyp, finaldaky ilkinji goly öz adyna ýazdyrdy.

Eminler — adalatlylygyň goragçysy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 IŞANGULY MERETNYÝAZOW: 

Tennisden söhbet açýan maglumatlar

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Tennis dünýäde sportuň iň meşhur görnüşlerinden biridir. Dörän senesi XIX asyryň ahyry hasaplanýar. Ozal bu oýun üçin asla raketkalar bolman, diňe eller ulanylýardy. Käbir alymlaryň pikiriçe, bu oýun Rimde, Gresiýada we Müsürde ýüze çykypdyr.

Olimpiýaçy türgenler

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my 2020-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da, da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ula­nyl­ma­ga ber­lip­di. Şon­dan bä­ri ge­çen üç ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da bu ýer­de ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­lent bas­gan­çak­la­ra çy­kar­jak mil­li tür­gen­le­ri­mi­zi taý­ýar­la­mak­da ön­jeý­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ýa­kyn­da biz bu fa­kul­te­tiň bi­na­syn­da bo­lup, Me­di­ki-bio­logi­ki üp­jün­çi­lik ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Be­genç Ga­ra­ýew bi­len söh­bet­deş bol­duk.