"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sportuň ösen Diýary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda sport ulgamynda hem özgertmeler geçirilýär. Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Şeýle syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we başga-da ençeme desgalar bina edildi. Hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda alyp barýan syýasaty halkara we sebitleýin sport guramalary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge uly mümkinçilik berýär. Öňňin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen bu baýramçylyk Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň sportuň ösen Diýaryna öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Goý, türkmen sportuny ösdürmekde we ony dünýäde belent derejelere ýetirmekde bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, belent maksatlary elmydama rowaç bolsun!

Belent ruhuň ýaýrawy dünýä ýaýylýar

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen Bütindünýä welosiped güni biziň welaýatymyzda hem hakyky baýramçylyk ruhuny emele getirdi. 3-nji iýun güni bu ählihalk sport baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralar etrapdyr şäherlerimiziň ählisini gurşap aldy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolsa dabaralaryň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Welaýat merkezinde geçirilen weloýörişe bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzlerçesi gatnaşdy. Oňa Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat ― Farap awtomobil köprüsiniň golaýyndan badalga berildi. Ir säherden Jeýhunyň sag kenaryna ýörişe gatnaşmak üçin ýygnanyşan welosiped sportunyň muşdaklary welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen garşylanyldy. Olar «Ýüpek ýoly» binasynyň daşyndan aýlaw edip, welaýat merkezine tarap bat aldylar. Ýörişe gatnaşyjylar Türkmenabadyň iň gözel ýerleriniň üstünden geçip, Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen baýramçylyk ruhuna beslenen ýörişi dowam etdirdiler. Ýörişe gatnaşyjylar Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançalarda guralan aýdym-sazly çykyşlara hem tomaşa etdiler. Köpçülikleýin welosipedli ýöriş welaýat merkezindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda tamamlandy. Bu ýerde guralan ýaryşlar türgenlerimiziň görkezme

Möhüm ugra öwrüldi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her bir adamda sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly işler özüniň netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sport we sagdynlyk syýasaty, daşky gurşawy gorap saklamak babatda ekologiýa syýasaty diňe bir halkymyz tarapyndan goldanman, eýsem, dünýä derejesinde giňden ykrar edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni” diýlip ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ine, şol günden bäri hem biziň döwletimizde welosipedli ýörişler, ýaryşlar yzygiderli we guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Welosiped sürmek halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine bolan söýgüsini artdyrýar

Sport syýasatynyň gadamlary

Ýeňişleriň aýdyň ýoly Bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllarynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden sport syýasaty tutumly işlerde rowaçlanýar. Ýurdumyzyň sportda halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary ýaşlaryň söýgüli mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň uly topary sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýär.

Halkyň saglygy — döwletiň pugta binýady

3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Welaýatymyzda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenilip geçildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, şol sanda dünýäde giňden ýaýran, Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen hem-de uly geljegi bolan welosiped sportuny ösdürmek üns berilýän esasy ugurlaryň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ruhubelentligiň baýramy

Düýn Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy. Mälim bolşy ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň özboluşly baýramçylygyna öwrülen, her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýän bu sene Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredildi hem-de ol sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýan ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki belent ykrarnamasy bolup, dünýä senenamasyna girdi. Düýnki geçirilen köpugurly çäreler hem bu aýdyň hakykatyň nobatdaky subutnamasy boldy. AHALDA

Sport baýramçylygyna öwrüldi

Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda uly ruhubelentlikde bellenilýän seneleriň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň has-da dabaralandyryljak ýylynda hem bu sene giňden bellenildi. Düýn Bütindünýä welosiped gününiň şanyna Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giň göwrümli çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Welosipedli ýöriş — döwrümize bezeg

Eziz Watanymyzda sportuň jemgyýetde giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň biri-de welosipedli ýörişler, welosport bilen baglydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi dünýä halklary tarapyndan kabul edildi. Bütindünýä welosiped güni ilkinji gezek 2018-nji ýylda bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda welosipedli ýörişler, welosport täze ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda welosporty höweslendirmäge, ildeşlerimizi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmäge gönükdirilen işlere badalga berdi. Lukmanlar yzygiderli welosiped sürmegiň saglyga peýdalydygyny, ýürek, – gan-damar ulgamynyň berkemegine täsir edýändigini aýdýarlar. Welosipedli ýörişler gany kislorod bilen baýlaşdyrýar, gan aýlanyşygynyň we öýkeniň işlemeginiň gowulanmagyna täsir edýär. Welosipedli gezmek gözleri türgenleşdirmek üçin hem örän peýdaly hasaplanýar. Welosiped sürüp, yzygiderli gezelenç edýänleriň bedeniň ýokanç kesellere garşy göreşmäge ukyplylygyny artdyrýandyklary hem bellidir. Çünki welosipedli gezelençler bedeni türgenleşdirýär we taplaýar, nerw ulgamyny berkidip, pikirleniş ukybyny gowulandyrýar. Welosipedli gezelençler aýaklaryň, elleriň, döş we arka taraplaryň myşsalaryny türgenleşdirmäge ýarda

Sport — ruhubelent ýaşaýşyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Il saglygyny ýurduň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalarydyr mekdeplerini yzygiderli gurdurýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini baş maksatlarynyň birine öwrendigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda ileri tutýan ugurlarynyň biri-de sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşymyza berk ornaşdyrmakdan ybaratdyr. «Bedenterbiýe we sport adamyň beden hem akyl-paýhas ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berýäris» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden halkyň arasynda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmaga bolan islegi güýçlendirmek maksady bilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Sporty ruhubelent ýaşaýşyň çeşmesi hasaplaýan hormatly Prezidentimiz çagalarda bu ugurdaky gyzyklanmany, sporta bolan söýgini döretmegi irki ýaşdaky döwründen başlamagy göz öňünde tutup, täze gurulýan mekdebe çenli çagalar edaralarda hem ýörite enjamlaşdyrylan sport zallarynyň bolmagyny ýola goýdy.

Welosipedi dolandyrmagyň kadalary

Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe, sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmäge gönükdirilen taýsyz tagallalary netijesinde, dünýäniň sport giňişliginde eziz Diýarymyzyň abraýy has-da ýokarlanýar. Mähriban Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolup, bu ugurda ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezýär hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň hataryna ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge gönükdirilen işler hem goşulýar. Jemgyýetiň ykdysady ösüşiniň häzirki şertlerinde ulaglaryň we welosipedleriň sanynyň artmagy ýol hereketi babatda çözülmegini talap edýän meseleleri döredýär. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň, ýagny sürüjileriň, ýolagçylaryň, welosiped sürüjileriň, pyýadalaryň janynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Ösüşe beslenýän sport

Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Resminama sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosiped sporty bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüliginiň çekilmegine uly itergi berýär. Bu ugurda Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şeýle hem beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Ruhubelentlige beslenen welosipedli ýöriş

Güneşli Diýarymyzda çagalar bagyndan başlap, tä uly ýaşly adamlara çenli ähli ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkidýärler. Biz muňa 3-nji iýunda ýurdumyzda giňden dabaralanan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen sport ýaryşlarynda, welosipedli ýörişlerde has-da aýdyň göz ýetirdik. Gözel paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz şaýollarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarydyr professor-mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Bu bolsa ýurdumyzda mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine giňden eýerýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, dünýä halklaryny haýrana goýýar.

Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň mekany

Spor­ty we be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, her bir ra­ýa­tyň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy ba­bat­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler döw­let sy­ýa­sa­tyn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Sport dost­lu­ga, sag­ly­ga we gö­zel­li­ge ta­rap ýol­dur» at­ly aja­ýyp ese­rin­de: «Sport bi­ziň üçin ýa­şaý­şyň gö­zel­li­gi­dir, çün­ki mu­nuň özi te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­mak en­di­gi­dir, tej­ri­be­si­dir. Sport sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­me­giň iň mö­hüm şer­ti­dir» di­ýip bel­le­ýär. Hä­zir­ki za­ma­nyň giň müm­kin­çi­lik­li sport ul­gam­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň bü­tin dün­ýä­de sport ýur­dy hök­mün­de yk­rar edil­me­gi bu ugur­da ga­za­ny­lan aja­ýyp üs­tün­lik­ler­dir. Ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­na be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni ke­pil­len­dir­ýän «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny he­re­ket ed­ýär.

Parahatçylygyň baýramy

Zeminiň çar künjünde ýaýbaňlandyrylýar Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä senenamasynda özboluşly, halkara welosiped baýramçylygynyň döremegini şertlendirdi. Indi dördünji gezek halkara bileleşik bilen bilelikde bellenilýän bu baýram ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipedi saýlaýanlaryň millionlarçasyny bir ýere jemleýär. Bütindünýä welosiped gününi giňden dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem asylly däbe eýerip, bu şanly senäniň öň ýanynda köpçülikleýin welosipedli ýörişlere badalga berdiler.

Bütin dünýäniň welosiped sürýän güni

2018-nji ýyldan ozal 3-nji iýun ABŞ-nyň Konfederasiýasynyň ýatlama güni, Çernogoriýanyň Garaşsyzlyk güni, Londonda dünýäde ilkinji atçylyk toplumynyň açylan güni (1837-nji ýyl), Hytaý bilen Russiýanyň arasynda demir ýol çekmek baradaky Ylalaşyga gol çekilen gün (1896-njy ýyl), dünýä meşhur şahsyýetleriň ýüzlerçesiniň doglan güni hökmünde taryha giren bolsa, şol ýyl bu sanawa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni hem goşuldy. Özi hem bu başlangyjyň biziň döwletimiz — Türkmenistan tarapyndan öňe sürlendigi guwandyryjydyr. Tutuş dünýäni ekologik abadançylyga we sagdyn ýaşaýşa çagyrýan bu baýramçylyk şu ýyl Ýer ýüzünde dördünji gezek bellenilýär.

Dünýäde dabaralanýan baýram

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Toý-baýramlar, şanly seneler — ynsan durmuşynyň bezegi. Baýramçylyk günlerinde her bir adamyň göwün guşy al-asmana göterilip, onuň dumly-duşuna mähir paýlasy, nähilidir bir gowulyk edesi gelýär. Şol niýetini amala hem aşyrýar. Şonuň üçinem her bir toý-baýrama adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, taýýarlyk görýärler. Her ýylyň 3-nji iýunynda bütin Ýer ýüzünde giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününi hem ynsanlara şatlyk, ruhubelentlik, bagtyýarlyk paýlaýan baýram hökmünde görkezmek bolar. Bu senäni türkmen halkynyň egsilmez buýsanç duýgusy bilen garşylaýandygyny bellemek gerek. Onuňam sebäbi hemmämize mälimdir: Bütindünýä welosiped güni türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dörän hem-de Ýer ýüzünde uly goldawa, ykrarnama eýe bolan baýramçylykdyr. 

Welosiped sporty barada belli seneler

1. Ilkinji welosiped 1817-nji ýylda iki tigirli iteklenip sürülýän görnüşde peýda bolýar. 2. 1868-nji ýylda ilkinji gezek Parižde 2000 metr aralykda resmi ýaryş geçirilýär.

Halkymyzyň hemrasy

Ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şeýle çäreler ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga we welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda welosiped sporty ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir. Daşky gurşawy goramak we gözel tebigatymyzy aýawly saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem-de welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr. Adamzat indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ekologiýa taýdan arassa, hereketlendirmesi ýönekeý, howpsuzlyk taýdan ygtybarly welosipedi ulag serişdesi hökmünde peýdalanýar. Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Awtomobiliň welosipede çalşylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ynsan saglygy, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bu ulagyň biziň ýurdumyzda sanynyň köpelmegi, ýaşlaryň arasynda welosipede bolan höwesiň artmagy onuň meşhurlygyny barha ýokarlandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy