"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Re­al Mad­ri­diň» 6-njy Su­per Ku­bo­gy

«Re­al Mad­rid» to­pa­ry UEFA Su­per Ku­bo­gy­ny 6-njy ge­zek ga­zan­dy. War­şa­wa­da oý­na­lan du­şu­şyk­da Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň soň­ky çem­pio­ny Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň hä­zir­ki eýe­si, Ita­li­ýa­nyň «Ata­lan­ta» to­pa­ry­ny 2–0 hasabynda ýeň­di. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da iki to­pa­ry­ňam der­we­ze­çi­le­ri howp­ly pur­sat­lar­da to­par­la­ry­ny gol­dan ha­las et­di. Ne­ti­je­de, 1-nji ýa­rym gol­suz ta­mam­lan­dy. Oý­nuň 59-njy mi­nu­tyn­da Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň aja­ýyp pa­syn­da Fe­de­ri­ko Wal­wer­dä to­py boş der­we­zä gö­nük­di­räý­mek gal­dy. Bu gol­dan 9 mi­nut soň, has ta­ky­gy, 68-nji mi­nut­da bu ge­zek Jud Bel­lin­ga­myň pa­syn­da to­py bat­ly uran tä­ze trans­fer Ki­li­an Mbap­pe ta­pa­wut­la­nyp, ha­sa­by 2-0-a ýe­tir­di. Ga­lan mi­nut­lar­da-da ha­sap üýt­ge­me­di we «Re­al Mad­rid» to­pa­ry 2024-nji ýyl­da­ky 4-nji ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Bu ola­ryň 6-njy Su­per Ku­bo­gy bo­lup, mad­rid­li­ler bu ku­bo­gy iň köp eýe­län to­par bol­dy. «Re­al Mad­rid» bu ugur­da «Mi­lan» hem-de «Bar­se­lo­na­dan» öňe saý­lan­dy. Is­pan to­pa­ry 49-njy ge­zek gow­şu­ry­lan UEFA Su­per Ku­bo­gy­ny mun­dan öň 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyl­lar­da ga­za­nyp­dy. «Re­al Mad­rid» to­pa­ry Su­per Ku­bok du­şu­şy­gyn­da 1998-nji ýyl­da «Çel­si­den», 2000-nji ýyl­da «Ga­lat­asa­raý­dan» hem-de 2018-nji ýyl­da «At­le­ti­ko Mad­rid­den» as­gyn ge­lip

Pleý-off tapgyryna çykan toparlar belli boldy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 3-nji saý­la­ma tap­gy­ryň jo­gap du­şu­şyk­la­ry oý­nal­dy. Ne­ti­je­de, saý­la­ma oýun­la­ry­ň soň­ky tap­gy­ry bo­lan pleý-of­fa çy­kan klub­lar bel­li bol­dy. Tap­gy­ryň iň esa­sy ün­si çe­ken du­şu­şy­gy Bol­ga­ri­ýa­nyň Razg­rad şä­he­rin­de oý­nal­dy. Bir hep­de ozal öz meý­dan­ça­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da utu­lan «Ga­ra­bag» (Azer­baý­jan) to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Lu­do­go­res» to­pa­ry­ny goş­ma­ça wagt­da 7–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şy­gyň esa­sy wag­tyn­da «Ga­ra­bag» 3–2 öňe saý­lan­dy. Goş­ma­ça wagt­da 4 gol ge­çi­ren azer­baý­jan­ly­lar ýa­ry­şy do­wam eder­ler. Du­şu­şyk­da «Lu­do­go­res­den» Dua (13, 23), «Ga­ra­bag­dan» bol­sa Ju­ni­nio (7), Ben­zia (45+1, 118), And­ra­de (45+5, 112), Baý­ra­mow (93) hem-de Şik­şa (111) ta­pa­wut­lan­dy. «Ga­ra­bag» pleý-off tap­gy­ryn­da «Di­na­mo Zag­reb» bi­len du­şu­şar. 1-nji du­şu­şyk­da iň ki­çi ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­za­nan Nor­we­gi­ýa­nyň «Bu­de-Glimt» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da-da Pol­şa­nyň çem­pio­ny «Ýa­gel­lo­ni­ýa­ny» 4–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­ny Fet (2), Ma­at­ta hem-de Hög ge­çir­di.

Bas­ket­bol­da çem­pi­on­lar üýt­ge­me­di

Pa­riž 2024-de bas­ket­bol ýa­ryş­la­ry­nyň iki­sin­de-de, ýag­ny hem er­kek­le­riň, hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da çem­pi­on üýt­ge­me­di. Spor­tuň bu gör­nü­şi­niň iň öň­de­ba­ry­jy­sy ABŞ-nyň 2 ýy­gyn­dy­sy hem fi­nal­da ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şy­gyn­da ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 98:87 ha­sa­byn­da ýeň­di. Şun­luk­da, su­per ýyl­dyz­lar­dan dü­zü­len ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy bas­syr 5-nji, umu­my­lyk­da-da 17-nji al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy. Olar şu wag­ta çen­li al­tyn me­da­ly di­ňe SSSR-e (1972, 1988), Ýu­gos­la­wi­ýa (1980) hem-de Ar­gen­ti­na (2004) al­dyr­dy. Pa­riž 2024-de bas­ket­bol ýa­ry­şy­nyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, LeB­ron Jeýms saý­lan­dy. ABŞ-nyň ýyl­dyz­la­ryn­dan Ke­win Du­rant bas­syr 4-nji al­tyn me­da­ly­ny ga­za­nan il­kin­ji er­kek bas­ket­bol­çy bol­dy.

Is­pa­ni­ýa 32 ýyl­dan soň al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy

Pa­riž 2024-de er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fut­bol ýa­ry­şyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň Olim­pi­ýa to­pa­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Olar Pa­riž­dä­ki «Park de Prens» sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa­ny goş­ma­ça wagt­da 5–3 ha­sa­byn­da ýeň­di (Fer­min Lo­pes 18, 25, Bae­na 28, Ka­mel­ýo 100, 120+1 — Mil­lo 11, Ak­liu­çe79, Ma­te­ta 90+3 p). Şeý­le­lik­de, Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 1992-nji ýyl­dan soň 2-nji ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Olar 1920-nji, 2000-nji we 2020-nji ýyl­lar­da-da fi­nal­da ýeň­lip­di. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­dan soň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň hem çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp, bir ýy­lyň do­wa­myn­da bu iki ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lan 2-nji ýurt hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Bu ugur­da 1-nji ýurt Fran­si­ýa bo­lup, olar 1984-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny hem-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň al­tyn me­da­ly­ny ga­za­nyp­dy­lar. Fran­si­ýa­nyň Olim­pi­ýa ýy­gyn­dy­sy 40 ýyl­dan soň 2-nji ge­zek al­tyn me­dal ga­zan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni el­den gi­der­di. Fran­suz­lar 1900-nji ýyl­da­ky Pa­riž­de ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan 124 ýyl soň ýe­ne-de bu şä­her­de gu­ra­lan Olim­pia­da­nyň fut­bol ýa­ry­şyn­da kü­müş me­dal ga­zan­dy. 1900-nji ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa al­tyn me­da­la eýe­lik edip­di. Şol bir wag­tyň özün­de Fran­si­ýa EURO 2016-dan soň Pa­r

Pariž 2024 — XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy

19-njy gezek birinji orny eýeledi Şow­hun­ly da­ba­ra bi­len ta­mam­la­nan Pa­riž 2024 to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da me­dal sa­na­wyn­da bi­rin­ji­lik ug­run­da ýi­ti gö­reş soň­ky sport ýa­ry­şy ta­mam­lan­ýan­ça do­wam et­di. ABŞ bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da­ky bu gö­reş­de ame­ri­kan­lar bir bas­gan­çak öňe saý­lan­dy­lar. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky bas­ket­bol ýa­ry­şyn­da ga­za­ny­lan al­tyn me­dal ame­ri­kan­la­ryň 40-njy al­tyn me­da­ly bol­dy. Olar 40 al­tyn me­dal­ly hy­taý­ly­lar­dan kü­müş­de öňe saý­lan­yp, me­dal sa­na­wy­ny 1-nji orun­da ta­mam­la­dy­lar. ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy bas­syr 4-nji, soň­ky 7 Olim­pia­da­da 6-njy, umu­my­lyk­da 19-njy ge­zek me­dal sa­na­wy­ny çür de­pe­de ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy Pa­riž 2024-de 40 al­tyn, 44 kü­müş, 42 bü­rünç, je­mi 126 me­dal ga­zan­dy. Olar To­kio­da­ky­dan 1 al­tyn, 3 kü­müş, 9 bü­rünç medal köp al­dy­lar.

«Al­tyn Asyr» — yk­lym ýa­ry­şy­nyň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ryn­da

Ýur­du­my­zyň fut­bol to­par­la­ry Azi­ýa­nyň Fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýa­ryş­la­ry­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne üs­tün­lik­li gi­riş­di­ler. Mil­li çem­pio­na­ty­my­zyň ge­çen ýyl­da­ky möw­sü­mi­ni kü­müş me­dal bi­len ta­mam­lan Aş­ga­ba­dyň «Al­tyn Asyr» fut­bol to­pa­ry yk­ly­myň ikin­ji de­re­je­li klub­la­ýyn ýa­ry­şy­nyň — AFK-nyň Çem­pi­on­lar li­ga­sy — 2-niň saý­la­ma tap­gy­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çip, bu ab­raý­ly ýa­ry­şyň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry­na çyk­ma­gy ba­şar­dy. Saý­la­ma du­şu­şyk 14-nji aw­gust­da Hin­dis­ta­nyň Kal­kut­ta şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. «Al­tyn Asyr» Hin­dis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da bu şä­he­re we­kil­çi­lik ed­ýän «Ist Ben­gal» to­pa­ry bi­len duşuşygynda dü­zü­min­de bir­nä­çe da­şa­ry ýurt­ly fut­bol­çy­lar bo­lan güýç­li gar­şy­da­şy 3:2 ha­sa­byn­da ýeň­di.

Taryhyň ýene bir nurana güni

Mälim bolşy ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy. Bu awtomobil sportunyň türgenleridir janköýerleri üçin ýakymly waka boldy. Biz hem bu wakanyň şaýatlarynyň biri, merkeziň ýolbaşçysy, polisiýanyň maýory Rüstem BEGENJOWYŇ ýürek sözüni okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Rüstem, biz öz okaýan, işleýän, ýaşaýan ýerimize Gahryman Arkadagymyzyň gelmegine hemişe-de garaşýarys. Eziz Arkadagymyza durmuşa geçiren-u alyp barýan işlerimizdir üstünliklerimiz dogrusynda gürrüň bermek arzyly arzuwlarymyzyň hatarynda dur. Size-de şol bagt miýesser etdi. Arzyly Ynsanyň duýdansyz gelmeginiň hem-de siziň bilen söhbetdeş bolmagynyň sizde galdyran täsirleri dogrusynda aýdyp beräýseňiz?!

Aktaudan medallaryň ikinji toplumy

Türkmenistanly ýetginjek boksçular gazagystanly meşhur boksçy Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanyp, ýakynda Aktau şäheriniň «Dosan batyr» sport toplumynda geçirilen halkara ýaryşda medallaryň altysyna mynasyp boldular. Has takygy, türkmen türgenleri bir altyn, bir kümüş we dört sany bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň sport wekillerini özünde jemlän halkara ýaryşda türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jeýhun Döwranow gazandy. Meýlis Şadurdyýew bolsa 57 kilograma çenli agram derejesinde final tutluşygyndaky garşydaşyndan ýeňlip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Ýaryşda 48 kilograma çenli agram derejesinde Hangeldi Lukmanow, 60 kilograma çenli derejede Mekan Sabyrow, 63,5 kilograma çenli türgenleriň arasynda Annageldi Jumamyradow we 67 kilograma çenli derejede Atageldi Seýidow dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Körpe küştçüler kämilleşýärler

Küşt körpeler üçin iň gyzykly we täsin oýunlarynyň biridir. Çagalaryň pikirleniş, hasaplaýyş, akyl ýetiriş endiklerini ösdürmekde bu oýnuň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin küşte «akyl-paýhas oýny» hem diýilýär. Çagalaryň kiçilikden küşte içgin gyzyklanmalary bolsa olary geljekde ussat türgen bolmak baradaky arzuwlaryna tiz ýakynlaşdyrýar. Biziň welaýatymyzda hem geljegine uly bil baglanýan ýaş küştçüleriň birnäçesi kemala gelýär. Olar welaýat, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, barha kämilleşýärler. Aýa we Güneş Baýramowalar, Mähri Agamyradowa, Begmyrat Agamamedow, Laçyn Isaýewa, Hangeldi Myradow... Bular diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzda hem tanalýan ýaş küştçülerdir. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde welaýatymyzyň küşt boýunça uly tälimçisi Güljahan Öwlýakulyýewanyň kämillik mekdebini geçýän bu ýaş zehinler yzygiderli türgenleşikleriň netijelerinde öz başarnyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Olar ýakynda «Ýeňişlerden ýeňişlere» diýen at bilen geçirilen welaýatyň birinjiliginde hem nobatdaky gezek iň ýokary netijäni görkezen türgenleriň sanawynda öňdeligi eýelediler. Laçyn Isaýewa we Hangeldi Myradow Güljahanyň iň körpe şägirtleri bolsalar-da, özlerine bildirilýän ynama ýeňişleri bilen jogap berýärler. Olar 6 ýaşlylaryň arasynda eýýäm birnäçe gezek welaýatymyzyň birinjiligini eýelediler. Şeýle hem Laçyn küştüň çalt o

Sport

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap derejede ösýär. Şol ulgamlar bilen deň hatarda ýurdumyzyň sport abraýy ýokary galýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri, sport meýdançalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmak sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek esasy ýörelgämize öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaş türgenler bu günki gün diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýä ýaryşlaryna hem gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar.

Sagdynlygyň hem sportuň mekany

Ýurdumyzy bedew badyndaky ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren paýhasly başlangyçlaryny ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň gazanylmagy üçin ägirt uly tutumlaryň durmuşa geçirilýändigine ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary halkyň hyzmatynda. Olar bagtyýar raýatlaryň saglygyny goramagyň, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň nyşanydyr. Ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmakda, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, abadançylygyny ýokarlandyrmakda, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda ýurdumyzda toplumlaýyn çäreleriň du

Sport we ýaşlar

Golaýda TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrapdaky  1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa guramanyň wekilleri, tälimçiler, ýaş türgenler gatnaşyp, dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzyň sport mümkinçilikleri, bu ugurdan gazanylýan netijeler hem-de amala aşyrylýan işler barada täsirli söhbet etdiler. Çykyşlaryň dowamynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellenildi. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Sport

Küştçülerimiziň üstünligi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Türgenlerimiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň küşt görnüşi ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, küştçülerimiz uly üstünlikleri gazanýarlar.

Dünýäniň iň uzyn rallisynyň gatnaşyjylary Aşgabada geldiler

Dünýäniň iň uzyn rallisi hasaplanýan üçünji "İpek Yolu Rally" onlarça gatnaşyjysy Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. 4-nji awgustda Stambulda başlan bu halkara ýaryş Türkiýäniň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň we Moldowanyň sürüjilerini birleşdirdi. Bu ralli ýaryşyny Ýewropa Bileleşiginiň we Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen "Gündogar - Günbatar Dostluk we Parahatçylyk" ralli assosiasiýasy guraýar. Ýol sekiz ýurtdan geçip onuň indiki duralgasy - Azerbaýjan, soňra Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Hytaý.

Sport

Çekeleşikli boldy Golaýda etrap sport mekdebinde woleýbol boýunça 2012-2013-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryş diýseň çekeleşikli geçip, onda türgenler özleriniň erjelligini görkezmegi başardylar.

Ýaş tennisçiniň ýeňşi

Ýaş tennisçi Ilima Guseýnowa nobatdaky halkara üstünligini gazandy. Ol Malaýziýada geçirilen «Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia)» halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Heniz kiçi ýaşlaryndaka öz ukybyny görkezip, sport ýoluny eýýäm halkara derejeli ýeňişleriň birnäçesi bilen bezän Ilima bu üstünligi eýranly Hana Şabanpur bilen jübütleýin ýaryşda gazandy.

Woleýbol ýaryşy geçirildi

Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaş türgenleriň arasynda “Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr” ady bilen woleýbol boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan ýaryşa 2011—2012-nji ýyllarda doglan ýaşlar gatnaşyp, öz aralarynda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda birinji orny tälimçi Yslamberdi Toýlyýewiň şägirtleri — “Galkynyş” topary eýeledi. Tälimçi Meretmuhammet Ýagşymyradowyň talim berýän “Ýançeşme” topary ikinji, Söýenç Gulgeldiýewiň şägirtleri bolan “Arkaç” toparynyň oýunçylary üçünji orny eýelemegi başardy. Ýeňiji bolan toparlara Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hormat hatlary we TMÝG-niň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport sagdynlykdyr

Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi babatynda uly şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Berkarar Watanymyzyň obadyr şäherçelerinde, şäherlerinde hereket edýän sport mekdeplerinde alnyp barylýan işler bu ugurdaky tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Sport mekdeplerinde ýaş nesliň sportuň islän görnüşi boýunça türgenleşmegine we sportda taplanmagyna, kämillige ýetmegine ajaýyp amatlyklar göz öňüne tutulandyr. Bäherden etrabyndaky 350 orunlyk sport mekdebinde hem giň mümkinçilikler bar. Bu ýerdäki sportuň görnüşleri boýunça meşgullanmaga, türgenleşikleri yzygiderli geçirmäge niýetlenen sport zallarydyr meýdançalar ýaşlaryň hyzmatynda. Ýaşlaryň arasynda sportuň kuşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, woleýbol, grek-rim göreşi, milli göreş, boks, futbol, ýeňil atletika görnüşleri bilen meşgullanýan çagalaryň sany has-da köp.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.

Agyr at­le­ti­ka­çy­lar olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Hal­ka­ra de­re­je­li emi­n synagdan geçdi